​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

PARLAMENT DIPLOMATIÝASYNY ILERLEDIP

 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýyl — bu agzybirligiň, parahatçylygyň, ösüşleriň, oňyn başlangyçlaryň ýylydyr. Belent sepgitleri nazarlaýan ýurdumyz geljege ynamly gadam basýar. Geçen ýyllaryň dowamynda, şol sanda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda durmuşa geçirilen beýik işler geljekki tutumly maksatlarymyzyň berk binýady bolup durýar.

Türk­me­nis­ta­nyň ­Mejlisinde milli kanunçylygy kämilleşdirmek işleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-­hukuk binýadyny berkitmek, daşary ýurtlaryň parlamentleri, abraýly halkara guramalar bilen iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmek boýunça meýilnamalaýyn işler döwrüň talaplaryna laýyklykda guralýar. Ýurdumyzda hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, şeýle hem Türkmenistanyň goşulyşan halkara resminamalaryny we döwletara ylalaşyklaryny tassyklamak hakynda kanunlar kabul edilýär. 

Türkmenistan parlament diplomatiýasynyň esasy ugurlary hökmünde parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmegi, ýaşlar we zenan parlamentarileriň işini goldamagy, şeýle hem ählumumy gün tertibinde durýan Durnukly ösüş maksatlaryny amal etmek ugrunda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegi ileri tutýar. Geçen ýylyň 6­-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň 1­nji mejlisinde hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanyň Mejlisi dünýä döwletleriniň parlamentleri hem­-de abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny yzygiderli berkitmelidir» diýipdi. Türkmenistanyň Mejlisi Bitarap ýurdumyzyň hoşniýetli içeri we daşary syýasatynyň hukuk esaslaryny berkitmek bilen, döwletimiziň oňyn başlangyçlaryny halkara giňişlikde wagyz etmek, parlament diplomatiýasynyň üsti bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak babatda döwrebap işleri alyp barýar. 

Türkmenistanyň Mejlisi Parlamentara Bileleşigiň hem-­de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň agzasy bolup durýar. Mejlisiň deputatlary bu parlamentara guramalaryň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hem­-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamentara Assambleýasynyň maslahatlaryna Ýewropa Bileleşiginiň Parlament Assambleýasynyň wekilleri bilen guralýan duşuşyklara, maslahatlara yzygiderli gatnaşýarlar. Olar parlament meýdançalarynda döwletimiziň Bitarap ýurt hökmünde öňe sürýän başlangyçlaryny we ýurdumyzda ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin döredilýän mümkinçilikleri halkara jemgyýetçilige ýetirýärler. 

2023-­nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda «ÝHHG-­niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly Merkezi Aziýa boýunça sebit maslahaty geçirildi. Maslahat döwletleriň arasynda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüşi gazanmak, sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda ÝHHG-­niň Parlamentara Assambleýasynyň agzalarynyň özara tejribe alyşmaklaryna hem­-de täze teklipleri beýan etmeklerine giň mümkinçilikleri döretdi. 

Türkmenistanyň Mejlisi parlamentara gatnaşyklary kämilleşdirmek boýunça dürli derejelerde yzygiderli maslahatlaşmalary hem geçirýär. Geçen ýylyň dowamynda Mejlisde birnäçe ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly duşuşyklar geçirildi. Mejlisde ýurdumyza sapar bilen gelýän ýokary derejedäki myhmanlaryň hem köp sanlysy kabul edildi. Duşuşyklarda ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça pikir alşyldy. 

Dünýä döwletleriniň parlamentleri bilen gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde geçen ýyl «Türkmenistanyň Mejlisiniň daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen parlamentara dostluk toparlaryny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi. Häzirki wagtda Mejlisde dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň 48-­si bilen iki taraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlary hereket edýär. 

Her ýyl bolşy ýaly, 2023-­nji ýylda hem döwlet wekiliýetiniň düzüminde Mejlisiň wekilleri ÝHHG­-niň Parlament Assambleýasynyň 30­-njy ýyllyk maslahatyna, Türkmen-saud parlamentara dostluk toparynyň agzalary Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparlaryny amala aşyrdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynda 10-­njy Newa halkara ekologiýa kongresine, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň — Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygyna gatnaşdylar. Bu çärelerde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Bitarap Türkmenistan döwletimiziň oňyn başlangyçlary, milli kanunçylygyň kämilleşdirilişi we ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada çykyş etdiler. 

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-­njy ýyllar üçin Strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenen halkara ýaşlar parlamentarizmi ulgamyny ösdürmek maksady bilen, 2023­-nji ýylyň 24­-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýaş parlamentariler topary döredildi. Toparyň esasy maksady ýaş parlamentarilerimiziň başlangyçlary üçin şert döretmekden, ýurduň ýaş raýatlarynda hukuk we syýasy medeniýeti kemala getirmekden, olaryň döredijilik, raýatlyk işjeňligini, şeýle hem ýaşlar parlamentarizmini ösdürmekden ybarat bolup durýar.

 «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, adam hakyndaky aladanyň beýik nusgasyny görkezýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda Mejlisiň halkara we parlamentara gatnaşyklaryny döwrebap şertlerde kämilleşdirmek, ösdürmek üçin döredýän giň mümkinçilikleri «Pähim-­paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024­-nji ýylda hem netijeli, üstünlikli işlemäge ruhlandyrýar.

 

Enejan ATAÝEWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy

 

MILLI MIRASYMYZA SARPA

Eziz Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyz, şöhratly taryhymyz dünýä ýaýylýar. Ýurdumyzyň ähli babatda gülläp ösmegi we halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagy biziň her birimizi buýsandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem nusgawy edebiýatymyza aýratyn üns berilýär. 

Nusgawy edebiýatyň gymmatlyklary, esasan hem Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň durmuşynda, ýaşlaryň terbiýesinde uly orny eýeleýär. Sebäbi akyldar şahyryň döredijiligi ýaşlaryň kämilligi üçin, milli terbiýe üçin gymmatly hazynadyr. Şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň asylly ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi nesillere uly mirasdyr. Milli gymmatlyklar, nusgawy edebiýatymyz ýaşlary bilim öwrenmäge hem ruhlandyrýar. Şonuň üçin hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny wagyz etmek, ýaşlara şahyryň goşgularynyň many-mazmunyny düşündirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly taryhymyzyň, nusgawy edebiýatymyzyň ylmy esasda öwrenilýändigini hem aýratyn belläsimiz gelýär. Şonuň netijesinde bu günki gün alymlar milli gymmatlyklarymyz hakynda wagyz-nesihat edýärler, duşuşyklary, maslahatlary geçirip durýarlar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlary terbiýelemekde durmuşa geçirilýän beýik işler ýaşaýşa söýgi, höwes döredip, has-da döredijilikli hem-de netijeli işlemäge ruhlandyrýar. 

Häzirki ajaýyp döwrümizde diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýäniň gymmatlygyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň eserleri milli medeniýetimiziň kökleriniň örän gadymydygyny tassyklaýar. Akyldarymyz Magtymguly Pyragy hakynda aýdylanda, diňe bir çeper edebiýat däl, eýsem, pelsepe ummany, ruhy we medeni gymmatlyklaryň hazynasy göz öňüňde janlanýar. Bu gymmatlyklary öwrenmek, wagyz etmek, ýaşlara ýetirmek biziň mukaddes borjumyzdyr. 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

AMATLY ŞERTLERIŇ AÝDYŇ NETIJELERI

 

Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de ýur­du­myz­da ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­giň ösü­şi­ni iş­jeň­leş­dir­mek bo­ýun­ça uly işler ama­la aşy­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň hu­su­sy te­le­ke­çi­lik dü­züm­le­ri ta­ra­pyn­dan im­port edil­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tutýan, eks­porta gö­nük­di­ri­len önüm­le­riň tä­ze gör­nüş­le­ri öz­leş­di­ril­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de mil­li kär­hana­lar ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li we bäs­deş­li­ge ukyp­ly ha­ryt­la­ryň möç­ber­le­ri­dir gör­nüş­le­ri bar­ha art­ýar. Bu bol­sa ýur­duň je­mi içer­ki önü­mi­niň dü­zü­min­de döw­le­te da­hyl­syz bö­le­giň pa­ýy­nyň art­ma­gy­ny şertlen­dir­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da je­mi içer­ki önü­miň dü­zü­min­de döw­le­te da­hyl­syz bö­le­giň pa­ýy 70 gö­te­rim­den geç­ýär. 

Döw­le­ti­miz­ ki­çi­ we­ or­ta ­te­le­ke­çi­li­ge gol­daw ­ber­me­giň­ tä­ze­ hu­kuk esas­la­rynyň ­dö­re­dil­me­gi­ne­-de ­uly ­äh­mi­ýet ­berýär. «Ki­çi we or­ta telekeçili­gi gol­da­mak ha­kyn­da», «Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çylar ­we­ teleke­çi­ler bir­leş­me­si ­ha­kyn­da»­ Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry­nyň ka­bul edil­me­gi, «Türk­me­nis­tan­da ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi gol­da­ma­gyň 2018-2024-­nji­ ýyl­lar ­üçin ­Döw­let­ mak­sat­nama­sy­nyň» üs­tün­lik­li dur­mu­şa geçi­ril­megi ­mu­nuň­ aý­dyň­ su­but­na­ma­sy­dyr.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz se­bit we ählu­mu­my ýag­daý­la­ryň üýt­ge­ýän şert­le­ri­ni na­za­ra alyp,Türk­me­nis­ta­nyň çe­ýe eks­port sy­ýa­sa­ty­nyň eme­le gel­me­gi üçin dün­ýä ba­zar­la­ry­nyň ul­gam­la­ýyn der­ňel­me­gi­niň möhümdigi­ni yzy­gi­der­li nyg­ta­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, döw­let Baştutany­myz tele­ke­çi­li­giň ös­dü­ril­me­gi­niň mil­li yk­dy­sady­ýe­ti­mi­ziň bäsdeş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny we ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň ýoludygyny bel­le­ýär. Şeý­le­lik­de, döw­let ­hu­su­sy hyz­mat­daş­ly­gy ulgamyn­da uly ösüş­le­re ýe­til­ýär. Mu­nuň özi Wa­ta­ny­my­zyň telekeçileriniň iş­le­ri­niň ugur­la­ry­ny, yg­ty­ýar­lykla­ry­ny gi­ňelt­di, iri ma­ýa go­ýum we döw­let tas­la­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne gatnaşmaklary­ny şert­len­dir­di. «Döwlet hu­su­sy hyz­mat­daş­ly­gy hakynda» Türk­menis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, bu ugur­da döw­let kär­ha­na­la­ry bi­len ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­giň we­kil­le­ri­niň hyz­mat­daş­ly­gy bar­ha ösdüril­ýär. Bu gün­ki gün türk­men te­le­ke­çi­le­ri yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pudak­laryn­da, şol san­da ýur­du­my­zyň mi­ne­ral ­çig mal baý­lyk­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak­da, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti, elekt­ron se­na­ga­ty ös­dür­mek­de gelje­gi uly tas­la­ma­la­ry durmu­şa ge­çir­ýär. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Türk­menis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sindä­ki ta­ry­hy çy­ky­şyn­da: «Biz yk­dy­sady­ýe­ti­mi­ziň hu­su­sy böleginiň dün­ýä ba­zar­la­ryn­da eýe­le­ýän or­nu­ny gi­ňelt­mek üçin ­amat­ly şert­le­ri­ dö­ret­mä­ge­ aý­ra­tyn üns ber­ýä­ris. Tä­ze ba­zar­la­ry öz­leş­dir­mäge, bar­ bo­lan­la­ry­ny ­ös­dür­mä­ge­ hem­me ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­ýä­ris. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, hu­su­sy ul­ga­myň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny­ ýokarlandyrmak,­ hal­ka­ra ba­zar­la­ra ­er­kin ­bäs­le­şik­li­ şert­ler­de ­çykmak, haryt­la­ryň päs­gel­çi­lik­siz he­re­ke­ti­ni üp­jün et­mek üçin ta­gal­la et­me­li­di­ris» diýen ­söz­le­ri ­türk­men­ işe­wür­le­ri­ni ­has­-da ne­ti­je­li­ zäh­met­ çek­mä­ge­ ruhlan­dyr­dy.­ 

Mil­li Lide­ri­mi­ziň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň tagal­la­la­ry esa­syn­da hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­mu­şy, ýur­du­my­zyň gül­läp ös­me­gi ug­run­da ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­le­re my­na­syp go­şant goş­mak uly hor­mat­dyr. 

 

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW, 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň 

Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, 

Mejlisiň deputaty 

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY — HALK DEMOKRATIÝASYNYŇ KÄMIL NUSGASY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşler gazanylyp, ata Watanymyz Türkmenistan batly gadamlar bilen ynamly öňe barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda halk bähbitli işler giňden ýaýbaňlandyryldy. Watançy, ynsanperwer, adalatly, öňdengörüji we paýhasly syýasatçy, türkmen halkynyň Milli Lideri hökmünde beýik işleri üstünlikli durmuşa geçirýän, öz Watanyny we halkyny jandan söýýän Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň sebitlerine amala aşyrýan iş saparlary hemişe taryhy ähmiýeti, sahawatlylygy bilen tapawutlanýar.

Türk­me­nis­ta­nyň­ Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýylyň ilkinji günlerinde Mary welaýatyna baryp, iş maslahatyny geçirmegi, işleriň gerimi, netijeleri, halkyň hal-ýagdaýy, öňde durýan wezipeler baradaky maglumaty diňlemegi, maslahat, nesihat bermegi, Gurbanguly hajy metjidinde aýat-töwir etmegi, çopan goşunda, ýol gurluşykçylaryň arasynda bolup, olaryň armasyny ýetirmegi türkmençilik kadalaryna laýyklygy bilen tapawutlanyp, halk hakyndaky aladanyň ýene bir aýdyň ýüze çykmasyna öwrüldi. Munuň özi halkyň mynasyp wekili bolup, halka wepaly hyzmat etmegiň, onuň bähbitlerini goramagyň, goldamagyň belent nusgasydyr, milli demokratiýanyň aýratynlyklarynyň döwrebap derejede giňden dabaralanmasydyr. 

Gahryman Arkadagymyz: «Indiki wezipämiz mundan beýlägem ýurdumyzy gülledip ösdürmekden ybaratdyr. Bu wezipäni bolsa Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratyn hem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylan üstünlikleri berkitmek, wagyz etmek, adamlary täze üstünliklere ruhlandyrmak arkaly berjaý edip bileris. Ine, hut şu işlerde hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny uly bolmalydyr» diýmek bilen, halkymyzy täze zähmet üstünliklerine, döredijilikli başlangyçlara ruhlandyrýar.

* * *

2023-nji ýylyň 21-nji ýanwary — ýurdumyzyň taryhy täze döwrüniň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylan şanly sene. Şol gün Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenildi we türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edildi. Şol gün ýurdumyzyň sebitleriniň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen ählihalk maslahaty döwletimiziň berkararlyk binýadyny we kanunçylyk hukuk esaslaryny berkitmekde, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmekde taryhy ähmiýete eýe boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — döwletimiziň, jemgyýetimiziň, mähriban halkymyzyň ykbalyna degişli möhüm kararlardyr çözgütleriň kabul edilýän, oýlanyşykly pikirlenmäge we döredijilikli zähmet çekmäge giň ýol açylýan hem-de zerur şertleriň döredilýän döwri. 

Halk Maslahaty döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny beýan etmek hem-de ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan ruhy-taryhy tejribesini özünde jemlemek bilen, onuň mejlislerinde ilatyň giň gatlaklarynyň, aýratyn-da, ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda wajyp ykdysady, syýasy meselelere garalýar. Türkmen halky hemişe ýaşuly nesle aýratyn hormat bildirip, il-ýurt bähbitli işlerde olaryň baý durmuş tejribesine daýanypdyr we maslahatly çözgütleri kabul edipdir. Türkmeniň iň bir döwletli, iri tutumlary il içinde sylag-sarpaly aksakgallar bilen maslahatlaşyp durmuşa geçirendigine taryh şaýat. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde il-günüň bähbitlerine gönükdirilen, durnukly ösüşiň ähli ugurlary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyndan gelip çykýan wezipeleri öz içine alýan wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar, milletiň ykbalyna oňyn täsir edýän anyk çözgütleriň kabul edilmegi türkmen döwletini ösüşleriň täze belentliklerine ýetirýär. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini, onuň ýurdumyzy demokratik ýörelgeler bilen ösdürmekdäki hem-de döwletimiziň gazananlaryny berkitmekdäki syýasy ähmiýetini hemişe üns merkezinde saklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň baý syýasy tejribesi, pähim-paýhasy, ýurdumyzy, halkymyzy beýgeltmek ugrunda edýän aladasy netijesinde bu gün Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýeti dolandyrmagyň iň kämil institutlarynyň birine öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzda halk häkimiýetiniň işine berilýän ýokary bahadyr, milli demokratiýanyň dabaralanmasydyr. Halk demokratiýasynyň kämil gurluşy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda mynasyp orun eýeleýär we agzybir halkymyzyň ata-babalarymyzyň parasatly pähimlerine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyň tassyklaýar. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny kämilleşdirmegiň ýolundaky täze möhüm tapgyry alamatlandyrýar. Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän we halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Ol demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy esasynda, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly ýörelgelere esaslanyp hereket edýär. 

Täze taryhy döwrümizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary giňeldildi. Oňa Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we konstitusion kanunlaryny kabul etmek, olara üýtgetmeleri, goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamak hem-de olary makullamak, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna, kanunlaryna garamak we doly makullamak, kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukugy amala aşyrmak, Türkmenistanyň Kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrmak ýaly meseleler girizildi. 

Döwrümiziň beýik Şahsyýeti, Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy, türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzüminde hemişelik agza bolup durýar. Şeýle hem onuň düzümine döwlet häkimiýetiniň ýokary edaralarynyň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň agzalary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklary, etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň, şäherçeleriň arçynlary, syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçiligiň, şol sanda ýaşulularyň wekilleri girýärler. Raýat jemgyýetiniň täsirli düzümleriniň birine öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahaty täze taryhy döwrümizde döwlet bilen halkyň jebisligini, jemgyýetde maksatlaryň birdigini, ösüş ýollaryna bolan garaýyşlarynyň bitewüdigini äşgär ýüze çykarýan halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde öz ornuny barha pugtalandyrýar. 

Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny berkarar etmekde milletimize gadymy döwürlerden bäri mahsus bolan hakyky demokratik ýörelgelere esaslanýan milli ösüş ýoluny – parahatçylyk söýüjilik, bitaraplyk, adalatlylyk we ynsanperwerlik ýoluny saýlap aldy. Bu ýol halkymyzy döwletli döwrana, rowaçlyga, gülläp ösüşe alyp barýan ýoldur. Bu ýoluň her bir menzil-tapgyry taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady we medeni ösüşleriň aýdyň hem şöhratly wakalaryna beslenýär. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlislerinde garalýan meseleler, kabul edilýän çözgütler we öňde goýulýan wezipeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilýän bu mejlislerde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlislerine taýýarlyk görmek, halkyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny, döwletimiziň mundan beýläk hem ösüşlerini üpjün etmek boýunça degişli çözgütler kabul edilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarynyň biri-biri bilen utgaşyp, rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. 

Milli Liderimiz: «Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini döwlet ähmiýetli, adam bähbitli tagallalarda jemläp, ýurdumyzyň uzak geljekde hem iň bagtly adamlaryň ýaşaýan, kuwwatly, demokratik, hukuk döwleti bolmagyna gönükdirýäris» diýip belleýär. Ýurdumyzda wekilçilikli edaralaryň işine, kanunçylyk esaslarynyň berkidilmegine, olara guramaçylyk, hukuk we usuly taýdan goldaw berilmegine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary halkyň içinde ýygy-ýygydan bolup, adamlary gyzyklandyrýan meseleleri içgin öwrenýärler, ilat arasynda, aýratyn-da, ýaşlar bilen degişli wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirýärler. 

Türkmen halkynyň terbiýe mekdebi müň ýyllyklaryň dowamynda kemala geldi. Şoňa görä-de, nesil terbiýesine, pähim-parasatly ýaşulularymyzyň, eziz enelerimiziň bu ugurdaky hyzmatyna uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi häzirki döwürde döwlet bilen halkyň jebisligini, ösüş ýollaryna garaýyşlaryň bitewüligini berkidýän jemgyýetçilik-syýasy güýç hökmünde ornuny pugtalandyrýar. 

Ýaşuly nesillerden görelde alýan, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini çelgi edinýän ýaşlarymyzyň geljegine uly ähmiýet berilýär. 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen taryhy maslahatda ýaş nesle uly ynam bildirilip, täzeçil pikirli, döwrebap garaýyşly ýaşlara giň ýol açyldy. Bu günki ýaşlar — döredýän, gurýan, döwrebap tehnologiýalardan doly baş çykarýan ýaşlar. Olar üçin döredilýän şertler, mümkinçilikler ata Watanymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etmekdäki tagallalar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda giňişleýin we täsirli beýan edilýär. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň 40 göterime golaýynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşýanlaryň bolsa 31 göteriminiň ýaşlar bolmagy ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň dabaralanýandygynyň, olaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagy üçin giň şertleriň döredilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 

Halkyň söýgüsine, synmaz ynamyna mynasyp bolýan adamlar Hak nazary düşen beýik ynsanlar hasaplanýar. Halkyny beýgelden ynsanlary halk hem öz gezeginde beýgeldýär, mertebeleýär. Häzirki wagtda hormatly Arkadagymyz halka ýakyn durup, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri amala aşyrmagyň belent nusgasyny görkezýär. Şeýle ýürekdeş tagallalar hem il-halkymyzyň Gahryman Arkadagymyz bilen bir jan-bir ten jebisleşmegine getirdi, munuň özi ösüşiň möhüm daýanç sütünleriniň biridir. Milli Liderimiziň aýdýan her bir sözi halkymyzyň ýürek kelamy bolup ýaňlanýar. Ösüşli ýolda ýetilen belent sepgitler Milli Liderimiziň uzak geljegi nazarlaýan döredijilikli pikirleriniň miwesidir. 

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Men öz halkymyň ogludygyma, öz halkymyň ynanjyny, arzuw-isleglerini ähli zatdan belentde tutýandygyma, sözümi öz halkymyň guran döwletine Baştutan bolan adam hökmünde aýdýandygyma dogry düşünýärin» diýen setirlerini seriňde aýlap, Watana hyzmat etmegi ömrüniň manysyna öwren beýik Şahsyýetiň ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň naýbaşy nusgasydygyna göz ýetirýärsiň. Bu gün bu asylly ýörelge, döwletli başlangyçlar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. 

Bu günki Türkmenistan – juda çalt özgerýän, taryhy işleriň durmuşa geçirilýän ýurdy. Telim asyrlyk işler gysga wagtda amala aşyrylýar, her günümizi täze guwançly wakalar gurşap alýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň gurulmagy aýratyn ähmiýetli taryhy wakadyr. Bu megapolis — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, beýik ösüşleriniň nyşany. Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly tagallalarynyň, ýiti zehininiň, pähim-paýhasynyň, şäher gurluşyk işinde toplan baý tejribesiniň, şeýle hem ýurdumyzyň zähmetsöýer gurluşykçylarynyň yhlasly zähmetiniň miwesidir. Bu işler — halk hakyndaky aladalaryň aýdyň nusgasy. Halky üçin şeýle ajaýyp, döwrebap şäheri gurduran Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwrümiziň beýik Şahsyýetleridir. 

Biziň her birimiz şeýle beýik döwürde ýaşaýandygymyza guwanmaga, buýsanmaga haklydyrys. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletiniň binýadyny pugtalandyryp, il-halkymyza bagtyýar durmuşyny peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, halk bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun! 

 

Kasymguly BABAÝEW, 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň 

iş dolandyryjysy, Mejlisiň deputaty

SAGDYN NESILLER – WATANYŇ DAÝANJY

 

Be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň jem­gy­ýe­tiň aba­dançy­ly­gyn­da, döwletiň gül­läp ösü­şin­de aý­gyt­ly or­ny eýe­le­ýän­di­gi dün­ýä tej­ri­be­si esasyn­da su­but edi­len aja­ýyp ha­ky­kat­dyr. Ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz­da hem köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti nura­na gel­je­gi­mi­ziň eýeleri bo­lan ýaş nes­liň be­den we ru­hy taý­dan kä­mil­li­gi­ni ga­zan­mak­da mö­hüm şert­le­riň bi­ri­dir. De­giş­li ugur­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty ra­ýat­la­ryň dur­mu­ş derejesini go­wu­lan­dyr­ma­ga, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ke­ma­la ge­tir­mä­ge, häzir­ki za­man dur­muş şert­le­ri­ne uý­gun­laş­ma­ga ukyply, beden we ru­hy taý­dan kä­mil nes­li ter­bi­ýe­le­mä­ge, hal­ka­ra sport ýaryşlaryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş ed­ýän tür­gen­le­ri taý­ýar­la­ma­ga gönükdirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär. Täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar. Munuň özi nesil sagdynlygyny gazanmakda ähmiýet berilmeli ýagdaýdyr. Şonuň bilen birlikde, ol ýokary netijeli sporty ösdürmegiň hem esasy şertleriniň biridir» diýip bellemek bilen, ýurdumyzda bedenterbiýe we sport hereketiniň baş maksatlaryny beýan edýär. 

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmek boýunça işler has-da işjeňleşdirilip, bu ugurdaky milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär. «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Professional sport hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň kabul edilmegi Diýarymyzda sport ulgamyny ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşilýändigini subut edýär. 

Kanunçylyk binýady we resminamalar bilen birlikde, jemgyýetiň sagdynlygyny goramakda giň gerimli hem-de anyk maksatlara gönükdirilen çäreleriň hem yzygiderli geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriň talyp ýaşlaryň, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi oňyn netijelerini berýär. Iri halkara ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi hem sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinýän ildeşlerimiziň hatarynyň artmagynda wajypdyr. Paýtagtymyzda soňky birnäçe ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýaly iri ýaryşlaryň tejribesi hem muňa doly şaýatlyk edýär. 

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde ähli ildeşlerimize, aýratyn-da, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun! 

 

Be­genç­gel­di BAÝ­RAM­MY­RA­DOW, 

TSTP-niň Ahal we­la­ýat ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, Mej­li­siň de­pu­ta­ty

ŞANLY SENELER — TÄZE ÜSTÜNLIKLER

 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ähmiýetli şanly senelere uly orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzyň döwlet gurluşynda möhüm orun eýeleýän özgertmeleriň biri hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegidir. Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegine bir ýyl dolýar. Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary barada aýdylanda, olar konstitusion kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek meseleleri boýunça tekliplere garamak hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary öz içine alýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçen ýylyň 21-nji ýanwarynda geçirilen umumymilli forumda ata-babalarymyzyň has möhüm syýasy, ykdysady, medeni-durmuş meselelerini jemgyýetçiligiň ygtyýarly wekilleri bilen maslahatlaşyp çözmek ýaly asylly ýörelgelere eýerilip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Taryhy umumymilli forumyň dowamynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda», «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, goldanyldy we makullanyldy. Bu Konstitusion kanunlar hormatly Prezidentimiz tarapyndan gol çekilen pursadyndan, ýagny 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwaryndan herekete girizildi. 

Wekilçilikli edaralaryň işiniň kämilleşdirilmegi netijesinde döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan talabalaýyk işleri guramakda zerur bolan kanunçylyk namalarynyň çalt we ýokary hilli kabul edilmegi, herekete girizilmegi, ýerine ýetirilmegine gözegçilik edilmegi üçin kanunçylyk-hukuk şertleri döredilýär. Bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň döredilmegi baradaky teklipler esasynda işlenip taýýarlanan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna «Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr, ony döretmegiň tertibi we ygtyýarlyklary Konstitusion kanun bilen kesgitlenýär» diýlen kada girizildi. 

«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň mazmunynda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny esaslandyrmagyň, düzüminiň, Başlygynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň guralyşynyň kanunçylyk esasy kesgitlenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň ýörelgeleri demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmakdan, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna hem-de azatlyklaryna hormat goýmakdan, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmakdan we kabul etmekden, jemgyýetçilik pikirini nazara almakdan ybarat bolup durýar. 

«Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bilen ýurt Garaşsyzlygymyzyň berkidilmeginde, asuda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ikinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilmeginde, milli ykdysadyýetiň geçen ýakyn ýyllarda uly ösüşlere eýe bolmagynda tutanýerli zähmetiniň uly orny bolan Gahryman Arkadagymyzyň ady dünýä dolan Milli Liderlik hukuk ýagdaýy kanunçylyk taýdan berkidildi. 

Ýurdumyzy ösdürmek boýunça ynsanperwerlige beslenýän döwlet syýasatyny alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, işleriniň uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

 

Kerimguly GELDIÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Halkara we 

parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.

BEÝIK IŞLERE ÇAKYLYK

 

Hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­mi­ziň­ «Ýaş­lar­ —­ Wa­ta­nyň­ da­ýan­jy»­ at­ly­ kitabyn­da nyg­ta­ly­şy­ ýa­ly,­ hal­ky­myz,­ Wa­ta­ny­myz,­ döw­le­ti­miz, ­türk­men hal­ky­nyň ­Milli­ Li­de­ri Gahryman Arkadagymyz,­ akyl­dar­ şa­hy­rymyz Mag­tym­gu­ly­ Py­ra­gy ­ze­hin­le­ri­mi­ze ­ylham ­çeş­me­si,­ üs­tün­lik­le­ri­mi­ze badal­ga­dyr. 

Gün­do­ga­ryň­ da­na­ akyl­da­ry­nyň dog­lan­ gü­nü­nüň­ 300 ­ýyl­ly­gy dabara­lan­dy­ryl­ýan­ «Pä­him-­paý­has ­umma­ny ­Mag­tym­gu­ly ­Py­ra­gy»­ ýy­ly hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň­ pa­ra­sat­ly ­baş­tu­tan­ly­gyn­da be­lent ­üs­tün­lik­le­re, ösüş­li ­men­zil­le­re ­beslen­ýär.­ Ýaş­lar­ ýy­ly­nyň­ şan­ly­ gün­le­rin­de hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­mi­ziň­ il­kin­ji­ ki­ta­by­nyň­ - «Ýaş­lar­ - Wa­ta­nyň ­da­ýan­jy»­ at­ly her bi­ri­miz­ üçin­ kä­mil­ ýol­ ýö­rel­gä,­ nus­ga­lyk gol­lan­ma­ öw­rü­len ­aja­ýyp eseriniň­ eli­mi­ze go­wuş­ma­gy ­türk­men­ ýaş­la­ry ­üçin ­aja­ýyp sow­gat ­bol­dy. 

Ki­ta­byň ­il­kin­ji ­sa­hy­pa­syn­da hor­mat­ly ­Prezi­den­ti­mi­ziň:­ «Biz ýaşlara ­eziz ­Wa­ta­ny­myzyň ­gel­je­gi­ni­ gu­ru­jy­lar hök­mün­de­ ga­ra­ýa­rys.­ Belent­ mak­sat­la­ra­ ýet­mek­de­ ýur­du­my­zyň ýaş­ ne­sil­le­ri­ne ­aý­ra­tyn ­bil­ bagla­ýa­rys» ­di­ýip bel­le­me­gi­niň ­aňyr­syn­da­ ýaş­la­ra­ bo­lan­ uly yna­my görmek ­bol­ýar.­ 

Eý­ýäm­den ­da­şa­ry­ döw­let­le­riň, hu­su­sanda,­ goň­şy­ do­gan­lyk­ halklaryň­ ýaş­la­ry­nyň hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­mi­ziň­ «Ýaş­lar­-Wa­tanyň­ daýanjy» ­at­ly­ ki­ta­by­na ­uly ­gy­zyk­lan­ma bil­dir­mek­le­ri ­buý­san­dy­ry­jy ýagdaý­dyr. 

Tä­ze­ ki­ta­p ­Türk­me­nis­ta­nyň­ Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky­ Ýaş­lar guramasy­nyň­ we­kil­le­ri­niň alyp­ bar­ýan­ iş­le­ri­ni­ has­-da­ gu­ra­ma­çylyk­ly­ we­ tä­ze­çil­ usul­lar­da­ ýo­la­ goý­makda­ ýol ­gör­ke­zi­ji­dir.­ Arkadagly­ Gahryman Serdarymyzyň ­nyg­taý­şy ­ýa­ly, ­ýaş­lar­ döwle­ti­mi­ziň­ kuw­wat­ly­ güý­jü­dir,­ hal­ky­my­zyň be­lent­ mak­sat­la­ra­ ýug­ru­lan­ nu­ra­na­ gelje­gi­dir.­ Mä­lim­ bol­şy ýa­ly,­ Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly­ adyn­da­ky­ Ýaş­lar­ gu­ra­ma­sy dostlukly­ döw­let­le­riň­ ýaş­lar­ gu­ra­ma­la­ry bi­len­ öza­ra­ tej­ri­be­ alyş­mak­ babat­da­ sebit­ we­ hal­ka­ra­ ýaş­lar­ hyz­mat­daş­ly­gy­ny alyp­ bar­ýar.­ Hyzmatdaş­ly­gyň­ çäk­le­rin­de gu­ra­ma­nyň­ ag­za­la­ry­ da­şa­ry­ döw­let­ler­de sapar­lar­da­ bol­ýar­lar,­ dün­ýä­ ýaş­la­ry ­bi­len tej­ri­be­ alyş­ýar­lar,­ hal­ka­ra­ forum­la­ra­ gatnaş­ýar­lar.­ Şu­nuň ­bi­len­ bag­ly­lyk­da,­ 2023­-nji ýy­lyň­ möhüm wa­ka­la­ry­nyň­ bi­ri­ne­ öw­rü­len­ «Türk­me­nis­ta­nyň ­ýaş­la­ry­nyň halkara hyzmat­daş­ly­gy­nyň­ 2023-2030­-njy­ ýyl­lar üçin­ Stra­te­gi­ýa­sy­nyň»­ tassyklan­ma­gy mö­hüm ­äh­mi­ýe­te ­eýe­dir. 

Stra­te­gi­ýa­da ­bi­lim­ we­ ylym­ ul­ga­my, ­şol san­da­ Türk­me­nis­ta­nyň­ hem­-de­ da­şa­ry ýurt­la­ryň­ ugur­daş­ eda­ra­la­ry­nyň­ ara­syn­da hyzmatdaşlygy ýo­la goý­mak,­ ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry­ okuw­ mek­dep­le­ri­niň­ bin­ýa­dyn­da iri da­şa­ry ­ýurt­ ýo­ka­ry ­okuw ­mek­dep­le­ri­niň şa­ham­ça­la­ry­ny­ aç­mak­ mümkinçi­lik­le­ri­ni öw­ren­mek­ esa­sy­ ugur­lar­ hök­mün­de­ kesgit­le­nen­di­gi­ni,­ ýaş­la­ryň­ yl­my­ dip­lo­ma­ti­ýa gat­naş­mak­la­ry­ny­ gol­da­mak,­ hal­ka­ra­ ylmy forum­la­ry­ ge­çir­mek,­ ýaş­ alym­la­ryň­ bi­lelik­dä­ki­ iş­le­ri­ni­ ýo­la­ goý­mak­ ýa­ly­ çä­re­le­riň göz ­öňü­ne ­tu­tu­lan­dy­gy­ny­ aý­ra­tyn ­bel­le­mek bo­lar. 

Bu­lar­dan­ baş­ga­-da,­ mag­lu­mat-kommu­ni­ka­si­ýa­ ul­ga­myn­da­ ýaş­lar­ hyz­matdaş­ly­gy­ny­ iş­jeň­leş­dir­mek,­ ýaş­ ze­hin­le­ri ýü­ze­ çy­kar­mak­ we­ golda­mak­ mak­sa­dy bi­len, ­mak­sat­na­ma­ny­ iş­läp ­taý­ýar­la­mak,­ ýaş­la­ryň­ me­de­ni­ hyz­mat­daş­ly­gy,­ ýaş žur­na­list­le­riň­ ara­syn­da­ tej­ri­be­ alyş­mak,­ sagdyn­ dur­muş­ ýö­rel­ge­le­ri­ni­ giň­den wa­gyz­ et­mek,­ da­şa­ry­ ýurt­ly­ ugurdaş hü­när­men­ler­ bi­len­ ýa­kyn­ hyz­mat­daşlyk ­gat­na­şyk­la­ry­ny­ ýo­la­ goý­mak,­ ýaş­lar Par­la­men­ta­riz­mi­ni­ ös­dür­mek,­ ýaş­la­ry Dur­nuk­ly­ ösüş­ maksatlaryny­ dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ­çek­mek, ­ola­ryň­ hal­ka­ra ­meýle­tin­çi­lik­ tas­la­ma­la­ry­na­ we­ mak­sat­nama­la­ra­ gat­naş­ma­gy­ny ­hö­wes­len­dir­mek,­ ýaşlar ­te­le­ke­çi­li­gi­ ul­ga­myn­da­ öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni­ öw­ren­mek,­ Türkmenis­ta­nyň ta­ry­hy­ny,­ me­de­ni­ýe­ti­ni­ hem­-de­ hä­zir­ki za­man­ gazananla­ry­ny ­dün­ýä ­de­re­je­sinde­ wa­gyz­ et­mek­ bo­ýun­ça­ bäs­le­şik­le­ri gura­mak­ ýa­ly ­iş­ler ­be­ýan ­edi­len. 

Arkadagly­ Gahryman­ Serdarymyzyň her ­bir ­döw­le­tiň ­we jemgyýetiň ­saz­la­şyk­ly ösü­şi­niň­ ylym ­bi­len­ aý­ryl­maz baglanyşyklydygyna­ ünsi­ çe­kip,­ Ýaş­lar­ gu­ra­ma­my­zyň ýaş­ alym­la­ry höwes­len­dir­mek ­bo­ýun­ça ­alyp bar­ýan ­iş­le­ri­ne ­uly ­ba­ha­ ber­me­gi buýsanç­ly duý­gu­la­ry ­kal­by­ňa­ dol­dur­ýar.­ 

 

Ýaz­po­lat­ KE­RI­ÝEW, 

Türk­me­nis­ta­nyň ­Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar 

­gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi­ ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy, ­

Mej­li­siň­ de­pu­ta­ty.

 

NURANA ÝOLLARDA SAHAWATLY GADAMLAR

 

Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-­sahawat gaznasy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda özüniň üçünji ýylyna gadam goýdy. Goja taryh üçin juda ujypsyz bu wagt aralygynda gaznanyň paýlan haýyr­-sahawat serpaýy tutuş asyrlary, tutuş nesilleri ýyladýar.

 Bu­ gaz­na­nyň ­mü­di­ri­ýe­ti­niň­ «Pähim-­paý­has­ um­ma­ny ­Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy»­ ýy­ly­nyň ­öňü­sy­ra­syn­da ­we geçen ­anna­ güni­ Mary­ welaýatynda ge­çi­ri­len­ mej­li­sleri­ he­ni­ze çen­li­ edi­len ­iş­le­riň­ jem­le­ri­ne we­ öň­de­ duran we­zi­pe­le­re ba­gyş­lan­dy. ­Ştab ­kwar­ti­ra­sy ýur­du­myz­da­ky ­il­kin­ji­ «akyl­ly»­ şä­her­de­ ýer­leş­ýän­ gaz­na,­ sö­züň ­do­ly­ ma­ny­syn­da,­ öz öňün­de ­go­ýan maksat­la­ry­na ýe­tip ­gel­ýär.­ Dö­re­di­le­li­ bä­ri gaz­na­nyň ­se­riş­de­le­ri­niň­ hasabyna çagalarda geçirilen 260­ ope­ra­si­ýa­nyň­ 50-­den gow­ra­gy welaýaty­my­zyň­ çaga­la­ryn­da ­amala ­aşyryldy.­ Mu­nuň­ özi ­ýa­ňy­ iki­ ýa­şy­ny ­dol­du­ryp,­ üçün­ji­ ýy­ly­na­ ga­dam ­go­ýan ­gaz­nanyň ­gys­ga­jyk ­ta­ry­hy ­üçin iň­ňän­ go­wy ne­ti­je­dir.­ Sa­ka­syn­da­ Gah­ry­man­ Arka­da­gy­my­zyň ­be­ýik saha­wa­ty­ du­ran gaz­na­nyň­ se­riş­de­le­ri­niň­ ha­sa­by­na ýü­rek da­mar,­ ortopedik ­we ­beý­le­ki ke­sel­ler­den ­ejir­ çek­ýän ­ça­ga­lar­da ope­ra­si­ýa­lar üstün­lik­li­ ge­çi­ri­lip, ­ola­ryň öm­rü­ne, ­maş­ga­la­sy­na­ sag­lyk­ serpa­ýy bagyşlan­dy. ­Mu­nuň ­özi ­te­lim maş­ga­la­nyň ­ýyl­lar ­bo­ýy­ ýü­re­gin­de bes­län ar­zuw­la­ry­nyň­ ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da ­ama­la ­aş­ma­gy­dyr.

Üs­tün­lik­li ­ope­ra­si­ýa­lar­dan­ baş­ga­-da we­la­ýa­ty­my­zyň ­ça­ga­lar­ hassaha­na­lary ­we ­et­rap,­ şä­her ­has­sa­ha­na­la­ry­nyň ça­ga­lar ­bö­lüm­le­ri üçin bu­ gaz­na­nyň se­riş­de­le­ri­niň ­ha­sa­by­na ­«Tiz ­kö­mek»­ ulag­la­ry ­hem­ paýlanylyp ­be­ril­di.­ Çaga­la­ryň­ bir­nä­çe­si­ne­ sag­ly­gy ­go­ra­ýyş mak­sat­ly seriş­de­le­riň ­be­ril­me­gi­ni ­bu aý­dy­lan­la­ryň­ üs­tü­ne­ go­şup ­bi­le­ris. 

Gaz­na ­di­ňe ­bir­ bi­ziň ­ça­ga­la­ry­myzy­ däl,­ eý­sem,­ dün­ýä­ ça­ga­la­ry­ny hem Gün ­bo­lup ­çoý­ýar.­ Ar­ka­dag ­Ser­dar­ly bag­ty­ýar­ ýaş­lar ­ýy­lyn­da türkiýe­li,­ ukrai­na­ly,­ ow­ga­nys­tan­ly, ­rus­si­ýa­ly ­we pa­les­ti­na­ly­ ça­ga­lar­ hem ­gaz­na­nyň mä­hir­-mu­hab­be­ti­ne­ ço­ýun­dy­lar. 

Gel­jek­de ­bol­sa ­ho­wan­dar­ly­ga mä­täç­ ça­ga­la­ra ­ke­se­li­ anyk­la­ýyş beje­riş­ iş­le­ri­ni­ ge­çir­mek ­bi­len ­bag­ly sarp ­ediş ­se­riş­de­le­ri­ni­ sa­tyn­ al­mak üçin­ 200­ müň ­ame­ri­kan ­dol­la­ry­ bö­lü­nip ber­ler. ­Bu­ se­riş­dä­ eme­li­ gan aýla­nyş­ şert­le­rin­de ­açyk­ ýürek­de­ we ­en­do­was­kul­ýar­ usu­ly bi­len­ ýü­rek­da­mar­ ul­ga­my­nyň do­ga­bit­di­ ke­sel­le­ri­ni ­be­jer­megi­ do­wam­ et­dir­mek boýun­ça ze­rur­ sarp ­ediş­ se­riş­de­le­ri­ni,­ sten­tir­le­mek ­bo­ýun­ça ­ze­rur bo­lan ezo­fa­go­in­tes­ti­nal­ bi­ostent­ler ­top­lu­my­ny,­ şeý­le ­hem ure­te­ral­ stent­ler­ toplu­my­ny sa­tyn ­al­mak­ me­ýil­leş­di­ril­ýär. 

Diý­mek,­ gaz­na ­ha­ýyr-­saha­wat­ly­ iş­le­ri­ bi­len ­ak­ ýol­la­ryny­ do­wam et­dir­ýär. ­Adam­la­ra sag­lyk,­ şat­lyk ­paý­la­ýan­ ýol ­he­mişe­ nu­ra­na­dyr. Goý, bu ­göz­ba­şy­ny Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­my­zyň ­be­lent sa­ha­wa­tyn­dan­ göz­baş al­ýan­ nur mun­dan beý­läk­ hem­ yk­bal­la­ry ýag­tylt­syn! 

 

Gadam HEMRAÝEW, 

welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Bagtyýar durmuşyň özeni

 

Parahatçylygyň we dostlugyň mekanyna öwrülen Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sport ulgamyny  ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek hem-de ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden ugrukdyrmak, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmek babatda alnyp barylýan işler bimöçberdir. Bitarap Türkmenistan döwletimiziň hoşniýetli halkara gatnaşyklaryny sport arkaly ösdürmek ynsanperwer gatnaşyklarymyzyň esasyny düzýär. 

 

Durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm ýagdaýy hökmünde sportuň ähmiýetini ykrar edip, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bosgunlaryň olimpiýa toparynyň gatnaşmagy ugrunda geçirilen çäreler Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş babatda gün tertibiniň düzgünnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen ne tijeli işleriniň aýdyň ykrary bolup, dünýäniň taryhynda dabaralandy. Munuň özi, adam hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek işinde sportuň goşandynyň artýandygyny şöhlelendirýär. Sportuň we olimpiýa hereketiniň halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigini dünýäniň abraýly habar beriş serişdeleri wagyz edýärler. Çünki bedenterbiýe we sport, sagdyn durmuş kadalary dünýä medeniýetiniň örän möhüm hem-de gymmatly baýlygydyr. Bu gymmatlyklar her bir döwletiň durmuş-ykdysady, medeni taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün edýän esasy görkezijiler bolup durýar.

Halkara giňişliginde ynsanperwer gatnaşyklaryň binýadyny berkitmäge yzygiderli tagalla edýän güneşli Diýarymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Sportuň bu görnüşi bilen türkmen milli göreşini birnäçe umumylyklar baglanyşdyrýar we özboluşly aýratynlyklar tapawutlandyrýar. Umuman, göreş türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Gadym döwürlerden bäri sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşlar türkmen halkynyň toýlarynyň, baýramçylyk dabaralarynyň özboluşly bezegidir.

Ýurdumyzda häzirki wagtda bedenterbiýäniň we sportuň hukuk binýady Esasy Kanunymyza, halkara hukuk kadalaryna, milli däplerimize esaslanyp, binýady yzygiderli berkidilýär. Munuň netijesinde raýatlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň mazmunyny baýlaşdyrýar, bu ugra döwlet derejesinde berilýän ünsüň ne tijeliligini görkezýär. Esasy Kanunymyzyň 15-nji maddasynda döwletiň medeniýet, bilim, sport we syýahatçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine ýardam edýändigi kesgitlenen. Konstitusiýanyň 56-njy maddasynda bolsa döwletiň sportuň ösmegine ýardam edýändigi baradaky konstitusion kadalar berkidilen. Bu ýörelgelere esaslanyp, milli sport kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirilýär.

Sportuň milli kanunçylyk namalarynyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy halkara derejeli sport ýaryşlaryny geçirmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki zaman bedenterbiýe we sport ulgamlarynyň ösüşiniň esasynda durýan kadalar, şol sanda köpçülikleýin we professional sportuň kanunçylygy döwrebap häsiýete eýedir. Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport kanunçylygynyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşýandygy hem aýratyn bellenmäge mynasyp. Onuň şeýledigini sport hukugynyň milli kanunçylyk namalary, ýagny «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Professional sport hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda», «Meýletinçilik hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň mysalynda görmek bolýar. 

Bedenterbiýe we sport baradaky milli kanunçylygyň esasy wezipesi raýatlaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, häzirki zaman durmuş şertlerine uýgunlaşmaga ukyply, fiziki we ruhy taýdan ösen nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegi başarýan türgenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň sport kanunçylygynda adamyň sport hukuklarynyň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan hukuk kepillikleri bilen bilelikde, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň ykdysady, guramaçylyk we hukuk esaslary kesgitlenýär.

Şeýlelikde, raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga bolan hukugy milli kanunçylyk tarapyndan kepillendirilen. Şonuň bilen birlikde raýatlaryň Türkmenistanyň we halkara sport birleşikleriniň düzgünnamalaýyn resminamalaryna laýyklykda bedenterbiýe we sport birleşikleriniň, sport merkezleriniň hem-de beýleki bedenterbiýe — sagaldyş, sport ugurly guramalaryny döretmek mümkinçiligi hem kanunçylykda kesgitlenen. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, öňde beýik işler dur. Abadan ýurtda, parahat durmuşda, bagtyýar zamanada il-ýurt bähbitli işlere goşant goşmak her birimiz üçin uly bagtdyr, belent mertebedir.

 

 

 

Merjen BORJAKOWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni.

“Türkmen sporty” žurnaly, 04 (20) 2023

 

1 ... 93 94 95 96 97 ... 118