​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
19.11.2026

Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesi berildi

Меджлису Туркменистана предоставлен статус наблюдателя в Межпарламентской Ассамблее государств – участников Содружества Независимых Государств

Mejlis of Turkmenistan has been granted observer status at the Interparliamentary Assembly of Member Nations of the Commonwealth of Independent States

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde 19-20-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň güýzki maslahatynda Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesi berildi.

Hemişelik Bitarap hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşygynda «Açyk gapylar» syýasatyny dabaralandyrýar. Bu ugurda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbitlerine dünýä döwletleriniň tagallalarynyň birleşdirilmegini maksat edinýän oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýär. 

Türkmenistanyň GDA agza ýurtlar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda alyp barýan, deňhukuklylyk, ynanyşmak, birek-birege hormat goşmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär we täze derejelere çykýar. Bu dostlukly gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlyk hem möhüm orun eýeleýär. 

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisi dünýäniň iň iri we abraýly parlamentara guramalary bolan Parlamentara Bileleşiginiň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň agzasy bolmak bilen, ýurdumyzyň parlament diplomatiýasy ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Munuň özi sebitara we halkara guramalaryň çäklerinde döwletara gatnaşyklary parlament diplomatiýasy arkaly goldamakda möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesiniň berilmegi GDA agza ýurtlaryň parlamentleriniň arasynda dialogy pugtalandyrmakda, kanunçykaryjylyk we parlament işinde toplanan tejribeleri öwrenmekde we özara alyşmakda ýurdumyzyň milli Parlamentine giň mümkinçilikleri döreder, döwletleriň we halklaryň arasynda dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam eder. 

В рамках председательства Туркменистана в Содружестве Независимых Государств в 2026 году на осеннем заседании Межпарламентской Ассамблеи СНГ, состоявшемся 19–20 ноября в национальной туристической зоне «Аваза», Меджлису Туркменистана был предоставлен статус наблюдателя в Межпарламентской Ассамблее государст –участников Содружества Независимых Государств.

Туркменистан, правовой статус постоянного нейтралитета которого трижды признавался Генеральной Ассамблеей Организации Объединённых Наций, под мудрым руководством уважаемого Президента последовательно проводит политику «открытых дверей» в отношениях с государствами мира и авторитетными международными организациями. В этом направлении сотрудничество с Содружеством Независимых Государств является одним из приоритетных направлений внешней политики Туркменистана. Наша страна выступает с позитивными инициативами, направленными на объединение усилий государств мира в интересах всеобщего мира и безопасности в рамках Содружества.

Последовательно развиваются и выходят на новые уровни отношения сотрудничества Туркменистана со странами СНГ в политико-дипломатической, торгово-экономической и культурно-гуманитарной сферах, основанные на принципах равноправия, доверия, взаимного уважения и взаимной выгоды. В этих дружественных отношениях важное место занимает и межпарламентское сотрудничество.

В настоящее время Меджлис Туркменистана является членом таких крупнейших и авторитетных международных парламентских организаций, как Межпарламентский союз и Парламентская ассамблея Организации по безопасности и сотрудничеству в Европе, благодаря чему накоплен богатый опыт в сфере парламентской дипломатии. Это имеет важное значение для поддержки межгосударственных отношений посредством парламентской дипломатии в рамках межрегиональных и международных организаций.

Предоставление Меджлису Туркменистана статуса наблюдателя в Межпарламентской Ассамблее государств–участников Содружества Независимых Государств откроет широкие возможности для укрепления диалога между парламентами стран СНГ, изучения и взаимного обмена накопленным опытом в законотворческой и парламентской деятельности, а также будет способствовать дальнейшему развитию дружественных, братских и добрососедских отношений между государствами и народами.

On November 19-20 at the autumn session of the CIS Interparliamentary Assembly held in the «Awaza» National Tourist Zone within the framework of Turkmenistan's chairmanship of the Commonwealth of Independent States in 2026, Mejlis of Turkmenistan has been granted observer status at the Interparliamentary Assembly of Member Nations of the Commonwealth of Independent States.

Turkmenistan, legal status of permanent Neutrality has been recognized three times by the General Assembly of the United Nations, under the wise leadership of our Esteemed President, is implementing the «Open Door» policy in its relations with world states and authoritative international organizations. In this regard, relations with the Commonwealth of Independent States are one of the priority directions of Turkmenistan's foreign policy. Our country is putting forward positive initiatives within the framework of the Commonwealth of Independent States aimed at uniting the efforts of world states in the interests of global peace and security.

Turkmenistan's cooperative relations with the CIS member states in the political-diplomatic, trade-economic, cultural-humanitarian spheres, based on the principles of equality, trust, mutual respect, and mutual benefit, are consistently developing and reaching new levels. Inter-parliamentary cooperation also has an important role in these friendly relations.

Currently, the Mejlis of Turkmenistan is a member of the world's largest and most authoritative inter-parliamentary organizations, the Inter-Parliamentary Union and the Parliamentary Assembly of the Organization for Security and Cooperation in Europe, and our country has accumulated rich experience in parliamentary diplomacy. This is of great importance in supporting interstate relations through parliamentary diplomacy within the framework of regional and international organizations.

Granting the Mejlis of Turkmenistan observer status in the Interparliamentary Assembly of Member Nations of the Commonwealth of Independent States will create broad opportunities for our country's National Parliament to strengthen dialogue between the parliaments of the CIS member states, study and exchange experiences in legislative and parliamentary activities, and contribute to the development of friendly, fraternal, and good-neighborly relations between states and peoples.