Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi
Состоялась встреча Председателя Меджлиса Туркменистана с Председателем Совета Федерации Федерального Собрания Российской Федерации
Was held a meeting of the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan with the Speaker of the Federation Council of the Federal Assembly of the Russian Federation
2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Iwanowna Matwiýenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda D.Gulmanowa iki ýuduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalarynyň netijesinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-rus gatnaşyklarynyň täze derejelere çykýandygyny belledi. Deňhukuklylyk, ynanyşmak, birek-birege hormat goşmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan bu dostlukly gatnaşyklaryň çäklerinde iki ýurduň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygyň hem täze mazmun bilen baýlaşýandygyny, has netijeli häsiýete eýe bolýandygyny aýtdy.
Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň iki taraplaýyn gol çekilen Hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşygyň esasynda ösýändigini uly kanagatlanma bilen bellenildi.
Taraplar Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň şu gezekki güýzki maslahatynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze badalga berjekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşykda häzirki döwürde GDA-da halkara hukugyň ornunyň ýokarlandyrylmagyna, milli hukuk ulgamlarynyň ýakynlaşdyrylmagyna hem-de özara hukuk kömeginiň berilmeginiň mehanizmleriniň ösdürilmegine aýratyn uly ähmiýet berilýändigi bellenildi. Bu ugurdaky maksatlaryň raýatlaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak, döwletara hukuk hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedigine, Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlamentleriniň öňünde milli kanunçylygy kämilleşdirmek, GDA-nyň çäginde kabul edilýän model kanunlary hem-de döwletara ylalaşyklary özara sazlaşdyrmak ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyna üns çekildi.
Taraplar duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisinde we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşinde ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek, zenan we ýaş parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmagy ösdürmek bilen bagly meseleler barada özara pikir alyşdylar.
19 ноября 2026 года в Национальной туристической зоне «Аваза» состоялась встреча Председателя Меджлиса Туркменистана Д.Гулмановой с Председателем Совета Федерации Федерального Собрания Российской Федерации Валентиной Ивановной Матвиенко.
В ходе встречи Д.Гулманова отметила, что благодаря усилиям глав двух государств туркмено-российские отношения в политико-дипломатической, торгово-экономической, культурно-гуманитарной сферах выходят на новые уровни. Она подчеркнула, что в рамках этих дружественных отношений, основанных на принципах равноправия, доверия, взаимного уважения и взаимной выгоды, межпарламентское сотрудничество между двумя странами также обогащается новым содержанием и приобретает более эффективный характер.
В ходе встречи с большим удовлетворением было отмечено, что межпарламентские отношения между Меджлисом Туркменистана и Советом Федерации Федерального Собрания Российской Федерации развиваются на основе двустороннего Соглашения о сотрудничестве, подписанного сторонами.
Стороны выразили уверенность в том, что очередное осеннее заседание Парламентской Ассамблеи государств – участников Содружества Независимых Государств, проводимое в рамках председательства Туркменистана в СНГ в 2026 году, придаст новый импульс развитию двустороннего и многостороннего сотрудничества в рамках Содружества Независимых Государств.
В ходе встречи было отмечено, что в настоящее время в СНГ придаётся особое значение повышению роли международного права, сближению национальных правовых систем, а также развитию механизмов оказания взаимной правовой помощи. Было обращено внимание на то, что задачи в данном направлении имеют большое значение с точки зрения повышения правовой культуры граждан и качественного вывода межгосударственного правового сотрудничества на новый уровень. Подчёркнуто, что перед парламентами стран Содружества стоят такие важные задачи, как совершенствование национального законодательства, а также взаимное согласование модельных законов и межгосударственных соглашений, принимаемых в рамках СНГ.
В ходе встречи стороны обменялись мнениями по вопросам совершенствования деятельности парламентских групп дружбы, созданных на двусторонней основе в Меджлисе Туркменистана и Совете Федерации Федерального Собрания Российской Федерации, активизации контактов между женщинами-парламентариями и молодыми парламентариями, а также развития обмена опытом в сфере законотворческой деятельности и парламентской работы.
On November 19, 2026 in the «Awaza» National Tourist Zone was held a meeting between the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan D.Gulmanova and the Speaker of the Federation Council of the Federal Assembly of the Russian Federation Valentina Ivanovna Matviyenko.
During the meeting, D.Gulmanova noted that thanks to the efforts of the Heads of state of two countries, Turkmen-Russian relations in the political-diplomatic, trade-economic, cultural-humanitarian spheres are reaching new heights. As well as within the framework of these friendly relations based on the principles of equality, trust, mutual respect, and mutual benefit, inter-parliamentary cooperation between the two countries is also enriched with new content and is becoming more effective.
At the meeting was noted with great satisfaction that inter-parliamentary relations between the Mejlis of Turkmenistan and the Federation Council of the Federal Assembly of the Russian Federation are developing on the basis of bilateral Agreement on cooperation.
It was expressed confidence that autumn session of the CIS Interparliamentary Assembly is being held within the framework of Turkmenistan's chairmanship in the Commonwealth of Independent States in 2026, will provide a new impetus to the development of bilateral and multilateral cooperation relations within the framework of the Commonwealth of Independent States.
During the meeting was emphasized that currently, the CIS attaches great importance to enhancing the role of international law, harmonization of national legal systems, and development of mechanisms for mutual legal assistance. It was noted that the goals in this area are among important objectives, such as enhancing the legal culture of citizens, bringing interstate legal cooperation to a qualitatively new level, improvement of national legislation by the parliamentarians of the commonwealth countries, harmonizing model laws adopted within the CIS, and mutual harmonization of interstate agreements.
At the meeting, the parties exchanged views on issues related to improving the work of inter-parliamentary friendship groups established on a bilateral basis in the Mejlis of Turkmenistan and the Federation Council of the Federal Assembly of the Russian Federation, intensifying relations between women and young parliamentarians, and developing the exchange of experience in legislative and parliamentary activities.