Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi
Состоялась встреча Председателя Меджлиса Туркменистана с Председателем Сената Олий Мажлиса Республики Узбекистан
Was held a meeting of the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan with the Chairperson the Senate of the Oliy Majlis of the Republic of Uzbekistan
2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde yzygiderli ösdürilýändigini uly kanagatlanma hem-de buýsanç bilen bellediler. Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda geçirilen, GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň netijelerini aýratyn bellemek bilen, şol sammitde kabul edilen strategik çözgütleriň Arkalaşygyň giňişliginde sebit döwletleriniň we halklarynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça däbe öwrülen hoşniýetli dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze badalga berendigi aýdyldy.
Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň şu gezekki güýzki maslahatynyň hem ikitaraplaýyn hem-de sebitara hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykmagyna oňyn täsir etjekdigine ynam bildirildi.
Milli Parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň iki ýurduň arasynda ähli ugurlar boýunça depginli ösdürilýän, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hoşniýetli gatnaşyklary parlament diplomatiýasy arkaly goldamagy has-da işjeňleşdirmegi maksat edinýändigini nygtaldy.
Duşuşykda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň dünýä derejesinde halkara hukugyň ornuny has-da ýokarlandyrmakda, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.
Taraplar Türkmenistanyň Mejlisiniň we Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegini, ugurdaş komitetleriň, zenan we ýaş parlamentarileriň arasyndaky dialogyň güýçlendirilmegini, kanunçykaryjylyk we parlament işinde özara tejribe alşylmagynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny goldaýandyklaryny beýan etdiler.
20 ноября 2026 года в национальной туристической зоне «Аваза» состоялась встреча Председателя Меджлиса Туркменистана Д.Гулмановой с Председателем Сената Олий Мажлиса Республики Узбекистан Танзилой Нарбаевой.
В ходе встречи с большим удовлетворением и гордостью было отмечено, что многовековые отношения добрососедства, взаимовыгодного сотрудничества и дружбы и братства между Туркменистаном и Республикой Узбекистан последовательно развиваются благодаря усилиям глав двух государств. Особо подчеркнув итоги заседания Совета глав государств СНГ, состоявшегося 9 октября текущего года, было отмечено, что стратегические решения, принятые на данном саммите, придали новый импульс развитию традиционно дружественных отношений между государствами и народами региона на пространстве Содружества в политико-дипломатической, торгово-экономической и культурно-гуманитарной сферах, в том числе межпарламентского сотрудничества.
Было выражена уверенность в том, что очредное осеннее заседание Межпарламентской Ассамблеи СНГ, проводимое в рамках председательства Туркменистана в Содружестве Независимых Государств в 2026 году, также окажет положительное влияние на выход двустороннего и межрегионального сотрудничества на новый уровень.
Председатель национального Парламента Д.Гулманова подчеркнула, что Меджлис Туркменистана намерен посредством парламентской дипломатии активизировать поддержку дружественных отношений между двумя странами, динамично развивающихся по всем направлениям и основанных на принципах равноправия, взаимного уважения, доверия и взаимной выгоды.
В ходе встречи было отмечено, что Резолюция «2028 год – Международный год права», единогласно принятая Генеральной Ассамблеей Организации Объединённых Наций по инициативе Туркменистана, имеет важное значение для дальнейшего повышения роли международного права на мировой арене, обеспечения всеобщего мира и безопасности.
Стороны выразили поддержку последовательному совершенствованию деятельности созданных на двусторонней основе межпарламентских групп дружбы в рамках сотрудничества между Меджлисом Туркменистана и Олий Мажлисом Республики Узбекистан, активизации диалога между профильными комитетами, женщинами-парламентариями и молодыми парламентариями, а также повышению эффективности взаимного обмена опытом в законотворческой и парламентской деятельности.
On November 20, 2026, in the «Awaza» National Tourist Zone was held a meeting between the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan D.Gulmanova and the Chairperson of the Senate of the Oliy Majlis of the Republic of Uzbekistan Tanzila Narbaeva.
During the meeting was noted with great satisfaction and pride that thanks to the efforts of the Heads of state of the two countries the centuries-old good-neighborly, mutually beneficial cooperation and friendly and fraternal relations between Turkmenistan and the Republic of Uzbekistan are being consistently developed. Emphasizing the results of the meeting of the Council of Heads of State of the CIS, held on October 9 of this year, it was noted that the strategic decisions adopted at that summit gave a new impetus to the development of traditionally friendly relations between the states and peoples of the region in the political-diplomatic, trade-economic, cultural-humanitarian spheres, including inter-parliamentary cooperation, within the Commonwealth.
It was noted that autumn session of the CIS Interparliamentary Assembly is being held within the framework of Turkmenistan's chairmanship in the Commonwealth of Independent States in 2026, will have a positive impact on reaching new levels of bilateral and interregional cooperation.
Chairperson of the National Parliament D.Gulmanova emphasized that the Mejlis of Turkmenistan aims for further intensification, through parliamentary diplomacy, support for the rapidly developing friendly relations between the two countries in all areas, based on the principles of equality, mutual respect, trust, and mutual benefit.
At the meeting was noted that the Resolution «2028 – Year of International law», which was unanimously adopted by the United Nations General Assembly at the initiative of Turkmenistan has a significant role in further enhancing the role of international law at the global level and ensuring global peace and security.
The parties expressed their support for the consistent improvement of the work of inter-parliamentary friendship groups established on a bilateral basis, within the framework of cooperation between the Mejlis of Turkmenistan and the Oliy Majlis of the Republic of Uzbekistan, strengthening dialogue between relevant committees, women and young parliamentarians, and increasing the effectiveness of mutual exchange of experience in legislative and parliamentary activities.