Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Kurultaýynyň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi
Состоялась встреча Председателя Меджлиса Туркменистана с Председателем Курултая Республики Казахстан
Was held a meeting of the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan with the Chairman of the Kurultai of the Republic of Kazakhstan
2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Gazagystan Respublikasynyň Kurultaýynyň Başlygy Aýbek Dädebaýyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň dürli, ýagny syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlyk boýunça netijeli häsiýete eýe bolýandygyny we yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik, ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan we müňýyllyklar bilen ölçelýän taryhyň gadymy döwürlerinden gözbaş alýan, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli ösdürilýän bu hoşniýetli gatnaşyklaryň goňşy iki doganlyk halklaryň dost-doganlyk däplerini has-da berkitýändigi nygtaldy.
Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Hazaryň kenarynda geçirilýän şu gezekki güýzki maslahatynyň parlamentara hyzmatdaşlygyň doganlyk halklaryň bähbidine has-da işjeňleşdirilmeginde we täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe boljakdygy barada aýdyldy.
Duşuşykda parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň, ýaş we zenan parlamentarileriň duşuşyklarynyň geçirilmeginiň, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň we özara saparlaryň guralmagynyň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.
Taraplar bu duşuşygyň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Şeýle hem Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda parlamentara gatnaşyklaryna ýokary baha berýändiklerini we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
20 ноября 2026 года в Национальной туристической зоне «Аваза» состоялась встреча Председателя Меджлиса Туркменистана Д.Гулмановой с Председателем Курултая Республики Казахстан Айбеком Дадебаем.
Стороны отметили, что благодаря усилиям глав двух государств туркмено-казахстанские отношения, носящие стратегический характер, эффективно развиваются и последовательно укрепляются в различных сферах, в том числе в политико-экономической, культурно-гуманитарной областях, а также в рамках межпарламентского сотрудничества. Было подчёркнуто, что эти добрососедские отношения, основанные на принципах равноправия, взаимного уважения, взаимной выгоды и доверия, берущие начало в глубокой древности и имеющие многотысячелетнюю историю, последовательно развиваются в соответствии с требованиями современности и способствуют дальнейшему укреплению традиций дружбы и братства двух соседних народов.
Было отмечено, что нынешнее осеннее заседание Парламентской Ассамблеи СНГ, проводимое на побережье Каспийского моря в рамках председательства Туркменистана в Содружестве Независимых Государств в 2026 году, будет иметь важное значение для дальнейшей активизации межпарламентского сотрудничества в интересах братских народов и его обогащения новым содержанием.
В ходе встречи было отмечено, что межпарламентский диалог стал важной составляющей расширения взаимодействия между двумя странами. Подчёркивалось важное значение проведения встреч межпарламентских групп дружбы, созданных на двусторонней основе, молодых парламентариев и женщин-парламентариев, налаживания контактов между профильными комитетами, а также организации взаимных визитов для обмена опытом в законотворческой деятельности.
Стороны выразили уверенность в том, что данная встреча будет способствовать дальнейшему укреплению двусторонних межпарламентских связей. Также они высоко оценили межпарламентские отношения между Туркменистаном и Республикой Казахстан и выразили готовность к их дальнейшему развитию по всем направлениям.
On November 20, 2026, in the «Awaza» National Tourist Zone a meeting was held between the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan D.Gulmanova and the Chairman of the Kurultai of the Republic of Kazakhstan Aybek Dadebay.
The parties noted that, thanks to the efforts of the Heads of state of the two countries, the Turkmen-Kazakh relations, which have acquired a strategic character, have become effective and are being developed consistently in various fields, including political, economic, cultural and humanitarian, including inter-parliamentary cooperation. It was emphasized that these friendly relations, based on the principles of equality, mutual respect, mutual benefit, trust, originating from ancient times of history measured in millennia, and consistently developed in accordance with the requirements of the modern era, further strengthen the traditions of friendship and brotherhood of the two neighboring fraternal peoples.
It was noted that autumn session of the CIS Interparliamentary Assembly, held on the Caspian Sea coast within the framework of Turkmenistan's chairmanship of the Commonwealth of Independent States in 2026, will be of great importance in further intensifying inter-parliamentary cooperation for the benefit of fraternal peoples and enriching it with new content.
At the meeting was noted that inter-parliamentary dialogue has become an important part of expanding the scope of cooperation between the two countries, and that holding meetings of inter-parliamentary friendship groups established on a bilateral basis, youth and women parliamentarians, establishing contacts between relevant committees, and organizing mutual visits are of great importance in exchanging experience in legislative activities.
The parties expressed confidence that this meeting will contribute to further strengthening bilateral inter-parliamentary relations. As well as high appreciation for the inter-parliamentary relations between Turkmenistan and the Republic of Kazakhstan and readiness to further develop them in all areas.