The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

20.11.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşi bilen Parlamentara dostluk toparynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlyk boýunça toparynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi.

Состоялась встреча представителей Парламентской группы дружбы Меджлиса Туркменистана с Советом Федерации Федерального Собрания Российской Федерации и группы по сотрудничеству Совета Федерации Федерального Собрания Российской Федерации с Меджлисом Туркменистана

Was held a meeting of representatives of the Inter-Parliamentary Friendship Group of the Mejlis of Turkmenistan with the Federation Council of the Federal Assembly of the Russian Federation and the Group on Cooperation of the Federation Council of the Federal Assembly of the Russian Federation with the Mejlis of Turkmenistan

2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşi bilen Parlamentara dostluk toparynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň  Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlyk boýunça toparynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda myhmanlar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. 

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň häzirki derejesi, özara  ynanyşmagy berkitmekde, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýetine üns çekildi. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesine hem-de ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler. Bu forumyň parlament wekilleriniň arasynda özara pikir alyşmak, tejribe toplamak, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ähmiýetli meýdança bolup durýandygyny bellediler.

20 ноября 2026 года в рамках заседания Межпарламентской Ассамблеи государств – участников Содружества Независимых Государств, проходящего в национальной туристической зоне «Аваза», состоялась встреча представителей Парламентской группы дружбы Меджлиса Туркменистана с Советом Федерации Федерального Собрания Российской Федерации и группы по сотрудничеству Совета Федерации Федерального Собрания Российской Федерации с Меджлисом Туркменистана.

В ходе встречи гости были ознакомлены с основными направлениями внешней политики страны, осуществляемой под руководством уважаемого Президента, основанной на принципах позитивного нейтралитета, миролюбия, доверия, равноправия и гуманизма, структурой национального Парламента, а также проводимой работой по законодательному обеспечению масштабных социально-экономических преобразований, реализуемых в различных сферах.

В ходе беседы было особо отмечено, что межпарламентский диалог стал важной составляющей сотрудничества между двумя странами, а созданные на двусторонней основе парламентские группы дружбы расширяют возможности для обмена опытом в законотворческой деятельности. Наряду с этим, было уделено внимание современному состоянию политико-дипломатических, торгово-экономических и культурно-гуманитарных отношений между двумя странами, а также значению объединения усилий в укреплении взаимного доверия и расширении масштабов добрососедского сотрудничества.

В ходе встречи стороны также особо подчеркнули высокий организационный уровень проведения и значимость заседания Межпарламентской Ассамблеи государств – участников Содружества Независимых Государств, проходящего в национальной туристической зоне «Аваза». Было отмечено, что данный форум является важной площадкой для обмена мнениями и накопления опыта между парламентскими представителями, укрепления межпарламентских связей, а также обсуждения ключевых направлений сотрудничества в рамках Содружества.

On November 20, 2026, within the framework of the session of the Interparliamentary Assembly of the Commonwealth of Independent States, which was held in the «Awaza» National Tourist Zone, a meeting was held between representatives of the Inter-parliamentary Friendship Group of the Mejlis of Turkmenistan with the  Federation Council of the Federal Assembly of the Russian Federation and the Group on Cooperation of the Federation Council of the Federal Assembly of the Russian Federation with the Mejlis of Turkmenistan.

During the meeting, the guests were briefed on the main directions of the foreign policy pursued by our country under the leadership of our Esteemed President, based on the principles of positive Neutrality, peace-loving, trust, equality, and humanism, the composition of the national Parliament, and the activities carried out to legislatively ensure the large-scale socio-economic reforms being implemented in various spheres.

During the conversation, it was emphasized that inter-parliamentary dialogue has become an important part of the partnership between the two countries, and that the inter-parliamentary friendship groups established on a bilateral basis increase the opportunities for exchanging experience in legislative activities. At the same time, attention was paid to the current level of relations between the two countries in the political-diplomatic, trade-economic, and cultural-humanitarian spheres, the importance of combining efforts in strengthening mutual trust and expanding the scope of friendly cooperation.

During the meeting, the parties emphasized the high level of organization and significance of the session of the Interparliamentary Assembly of the Commonwealth of Independent States, which is being held in the «Awaza» National Tourist Zone. It was noted that this forum is an important platform for exchanging views among parliamentarians, gaining experience, strengthening inter-parliamentary relations, and discussing important areas of cooperation within the Commonwealth.