​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
19.11.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda diňe bir geografik taýdan däl, eýsem, köpasyrlyk taryhy, medeni we doganlyk kökler bilen baglanyşdyrýan Hazar deňziniň kenaryndaky iki goňşy ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky ýokary derejede ynanyşmak we özara hormat goýmak däpleriniň parlamentara dialogy ösdürmekde hem esasy ugur görkeziji bolup hyzmat edýändigi bellenildi. Iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini goldamagyň parlament diplomatiýasynda möhüm orun tutýandygy nygtaldy.

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň şu gezekki güýzki maslahatynyň ikitaraplaýyn hem-de sebitara hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykmagyna oňyn täsir etjekdigi barada aýdyldy. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisi parlament diplomatiýasynyň üsti bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň çäginde döwletara hyzmatdaşlygy goldamagy has-da işjeňleşdirmegi maksat edinýär. 

Taraplar döwletara gatnaşyklarynda halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmak, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmegi goldamak  babatda parlamentara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegini goldaýandyklaryny beýan etdiler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň arasyndaky parlamentara dostluk toparlarynyň işini has-da kämilleşdirmegiň esasy wezipeleriň hatarynda durýandygyny bellediler. 

Duşuşykda zenan parlamentarileriň, ugurdaş komitetleriň hem-de ýaş parlamentarileriň arasyndaky dialogy güýçlendirmegiň, özara tejribe alyşmagyň kanunçykaryjylyk we parlament işini has-da baýlaşdyrjakdygyna üns çekildi.