​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
07.10.2026

Tau Nurgulyň – Gazagystan Respublikasynyň Kurultaýynyň Halkara gatnaşyklar, goranmak we howpsuzlyk baradaky komitetiniň agzasynyň «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahatdaky çykyşy:

Выступление члена Комитета по международным отношениям, обороне и безопасности Курултая Республики Казахстан Тау Нургуль на международной конференции «Демографические процессы и устойчивое развитие: современные задачи и международный опыт»:

Speech by Member of the Committee on International Relations, Defence and Security of the Kurultai of the Republic of Kazakhstan Nurgul Tau at the International Conference «Demographic Processes and Sustainable Development: Contemporary Challenges and International Experience»:

– Ilki bilen, döwrümiziň möhüm meseleleriniň birine bagyşlanan bu maslahaty ýokary derejede gurandygy we myhmansöýerligi üçin türkmen tarapyna minnetdarlygymy bildirmek isleýärin.

Häzirki wagtda demografik prosesler diňe bir ilatyň sanyny kesgitlemeýär. Olar zähmet bazaryna, saglygy goraýşa, bilime, durmuş goragyna, şäherleriň we sebitleriň ösüşine gönüden-göni täsir edýär we döwletlerimiziň durnuklylygyny hem kesgitleýär. GDA-nyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda demografik üýtgeşmeler dürli depginlerde bolup geçýär. Käbir jemgyýetlerde dogluş derejesi ýokary bolmagynda galýar we ýaşlaryň paýy köp, beýlekiler bolsa eýýäm ilatyň garramagy we zähmet güýjüniň azalmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Şol bir wagtyň özünde şäherleşme we migrasiýa hereketliligi artýar, maşgala we zähmet gatnaşyklarynyň görnüşleri üýtgeýär. Şonuň üçin bu ýerde ähli ýurtlar üçin birmeňzeş çözgütler bolup bilmez. Şol bir wagtyň özünde bize umumy çemeleşme zerur: demografik syýasat uzak möhletleýin bolmaly, ygtybarly maglumatlara esaslanmaly we ilkinji nobatda adamyň durmuşynyň hiline gönükdirilmelidir. 

2026-njy ýylyň 1-nji awgusty ýagdaýyna görä, Gazagystanyň ilatynyň sany 20 million 605 müň adama ýetdi. Raýatlaryň 64 göterimden gowragy şäherlerde ýaşaýar. Şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda 176,4 müň çaga dünýä indi we ilatyň tebigy ösüşi dowam edýär. Jemi dogluş koeffisiýenti bir aýala takmynan 2,9 çaga deňdir. Şol bir wagtyň özünde demografik ösüş täze kynçylyklary hem ýüze çykarýar. Ömrüň garaşylýan dowamlylygy 76 ýyla golaýlady, bu möhüm durmuş gazananlarynyň biridir. Şol bir wagtyň özünde 65 ýaşdan uly raýatlaryň paýy 8,7 göterimden geçdi. Bu işjeň uzak ýaşamak ulgamyny, öňüni alyş lukmançylygyny, uzak möhletleýin idegi we uly ýaşly nesliň jemgyýetiň durmuşyna doly gatnaşmagy üçin şertleri ösdürmegi talap edýär. Bu ugurda ýerli ýerine ýetiriji edaralaryň ýanynda hereket edýän işjeň uzak ýaşamak merkezleri durmuş syýasatynyň möhüm bölegine öwrüldi. Häzirki wagtda Gazagystanyň şäherlerinde we obalarynda şeýle merkezleriň 130-dan gowragy bar. Bu merkezlerde uly ýaşly raýatlara saglygy berkitmek, bilim almak, psihologik goldaw we boş wagty geçirmek boýunça hyzmatlar mugt berilýär, fiziki işjeňlik, aragatnaşyk we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmak üçin şertler döredilýär. Şeýle işler diňe bir garry adamlaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga däl, eýsem, jemgyýetde işjeň we sagdyn uzak ýaşamak medeniýetiniň kemala gelmegine hem ýardam edýär.

Kanun çykaryjy edaralar bu işleriň durnukly häsiýete eýe bolmagyny üpjün edip bilerler. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň elýeterliligi, eneligiň we çagalygyň goragy, saglygy goraýşyň ösdürilmegi, ýaşaýyş jaý syýasaty we sebitleriň deňagramly ösüşi kanunlaryň hiline baglydyr. Kanun taslamalaryna diňe ykdysady nukdaýnazardan däl, eýsem, olaryň maşgalalara we demografik ösüşe uzak möhletleýin täsirini hem nazara alyp baha bermek möhümdir.

Demografik syýasat iň uzak möhletleýin geljege gönükdirilen maýa goýumdyr. Onuň netijeleri bir ýyl ýa-da bir maksatnama bilen däl-de, çagalaryň saglygy, ene-atalaryň geljege bolan ynamy we uly nesliň mynasyp durmuş derejesi bilen ölçelýär.

 

Прежде всего, я хотела бы выразить признательность туркменской стороне за прекрасную организацию этой конференции, посвящённой одному из важнейших вопросов нашего времени, а также  оказанное гостеприимство.

Сегодня демографические процессы определяют не только численность населения. Они напрямую влияют на рынок труда, здравоохранение, образование, социальную защиту, развитие городов и регионов, а также определяют стабильность наших государств. В странах СНГ и Центральной Азии демографические изменения происходят с разной скоростью. В одних обществах высока рождаемость и большая доля молодёжи, в то время как другие уже сталкиваются со старением населения и сокращением рабочей силы. Одновременно с этим усиливаются урбанизация и миграция, меняются модели семейных и трудовых отношений. Следовательно, не существует универсальных решений для всех стран. В то же время нам необходим общий подход: демографическая политика должна быть долгосрочной, основанной на надёжных данных и ориентированной прежде всего на качество жизни людей. 

По состоянию на 1 августа 2026 года население Казахстана достигло 20 миллионов 605 тысяч человек. Более 64 процента граждан проживают в городах. За первые семь месяцев текущего года родилось 176,4 тысячи детей, и естественный прирост населения продолжается. Суммарный коэффициент рождаемости составляет приблизительно 2,9 ребёнка на женщину. Одновременно с этим демографический рост ставит новые задачи. Средняя продолжительность жизни достигла 76 лет, что является одним из важнейших социальных достижений. При этом доля граждан старше 65 лет превысила 8,7 процентов. Это требует развития активной системы долголетия, профилактической медицины, долгосрочного ухода и условий для полноценного участия старшего поколения в жизни общества. В этой связи важную роль в социальной политике сыграли действующие центры долгосрочного ухода, работающие под эгидой местных органов исполнительной власти. В настоящее время в городах и сёлах Казахстана насчитывается более 130 таких центров. Эти центры предоставляют пожилым людям бесплатное медицинское обслуживание, образование, психологическую поддержку и услуги для досуга, а также создают условия для физической активности, общения и участия в социальной жизни. Подобные мероприятия не только улучшают качество жизни пожилых людей, но и способствуют развитию культуры активного и здорового долголетия в обществе.

Законодательные органы могут обеспечить устойчивость этих видов деятельности. Доступ к дошкольным учреждениям, защита материнства и детства, развитие здравоохранения, жилищная политика и сбалансированное развитие регионов зависят от качества законов. Важно оценивать законодательные проекты не только с экономической точки зрения, но и с учётом их долгосрочного влияния на семьи и демографическое развитие.

Демографическая политика – это инвестиция в долгосрочную перспективу. Её результаты измеряются не отдельным годом или отдельной программой, а здоровьем детей, уверенностью родителей в будущее и достойным уровнем жизни старшего поколения.

First of all, I would like to express my gratitude to the Turkmen side for the excellent organization of this Conference, dedicated to one of the most important issues of our time, as well as for the hospitality extended to us.

Today, demographic processes determine not only the size of the population. They directly affect the labor market, healthcare, education, social protection, the development of cities and regions, and the stability of our states. In the CIS countries and Central Asia, demographic changes are occurring at different rates. In some societies, birth rates are high and young people account for a large proportion of the population, while others are already facing population ageing and a shrinking workforce. At the same time, urbanization and migration are intensifying, and patterns of family and employment relations are changing. Consequently, there are no universal solutions that can be applied to all countries. Nevertheless, we need a common approach: demographic policy must be long-term, based on reliable data and focused primarily on people’s quality of life.

As of 1 August 2026, Kazakhstan’s population had reached 20 million 605 thousand. More than 64 per cent of the country’s citizens live in urban areas. During the first seven months of this year, 176,400 children were born, and natural population growth continues. The total fertility rate is approximately 2.9 children per woman. At the same time, demographic growth presents new challenges. Average life expectancy has reached 76 years, representing one of the country’s major social achievements. However, the proportion of citizens aged over 65 has exceeded 8.7 per cent. This calls for the development of active ageing systems, preventive medicine, long-term care and conditions that enable older people to participate fully in society. In this regard, existing long-term care centres operating under the auspices of local executive authorities have played an important role in social policy. Currently, more than 130 such centres operate in cities and villages across Kazakhstan. They provide older people with free medical care, educational opportunities, psychological support and leisure services, while also creating conditions for physical activity, social interaction and participation in community life. Such initiatives not only improve the quality of life of older people but also help foster a culture of active and healthy ageing throughout society.

Legislative bodies can ensure the sustainability of these initiatives. Access to preschool facilities, the protection of motherhood and childhood, healthcare development, housing policy and balanced regional development all depend on the quality of legislation. It is important to assess draft legislation not only from an economic perspective but also in terms of its long-term impact on families and demographic development.

Demographic policy is an investment in the long-term future. Its results are measured not by a single year or an individual program, but by the health of children, parents’ confidence in the future and a dignified quality of life for older generations.