​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
07.09.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa - Hytaý» syýasy partiýalaryň dialogyna gatnaşdylar

2026-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa-Hytaý» syýasy partiýalaryň dialogyna gatnaşdylar. 

Dialogyň esasy maksady döwlet Baştutanlary derejesinde gazanylan sebitara ylalaşyklary kanunçylyk we syýasy-jemgyýetçilik derejesinde berkitmekden hem-de «Merkezi Aziýa-Hytaý» görnüşdäki strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat boldy.

Dialog «Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde  syýasy partiýalaryň orny» atly temada geçirildi. Onda çykyş edenler Hytaý Halk Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky köptaraply we strategik hyzmatdaşlygy ösdürmekde, özara tejribe alyşmakda syýasy partiýalaryň möhüm orun eýeleýändigini hem-de dialogyň gün tertibine girizilen meseleleriň sebitde durnuklylygy we ykdysady integrasiýany pugtalandyrmaga mümkinçilik berýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili öz çykyşynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanýan daşary syýasatynyň sebit döwletleri we Hytaý Halk Respublikasy bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgeleriniň esasynda yzygiderli ösdürilýändigini we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň «Merkezi Aziýa - Hytaý» formatyna sebitiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, ulag, ýangyç-energetika arabaglanyşygyny giňeltmek, bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek üçin möhüm gural hökmünde garaýandygyny, bu ugurda  geçirilýän çäreleriň hem-de duşuşyklaryň halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary we ynam köprülerini has-da berkitjek möhüm meýdança bolup durýandygyny belledi. 

«Merkezi Aziýa - Hytaý» syýasy partiýalaryň dialogyna gatnaşyjylar şeýle görnüşdäki maslahatlaryň, duşuşyklaryň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, özara tejribe alyşmaga, sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ösüş meýillerini nazara almak bilen, ösüş strategiýalarynyň utgaşdyrylmagyna hem-de özara bähbitli we inklýuziw ykdysady hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine oňyn itergi berýändigini bellediler.