​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
30.07.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşygy geçirildi

В Меджлисе Туркменистана состоялась встреча с Чрезвычайным и Полномочным Послом Европейского Союза в Туркменистане

A meeting was held between the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan and the Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the European Union to Turkmenistan Beata Peksa

2026-njy ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berildi. Durnukly ösüş, energetika, ekologiýa, ylym-bilim, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak ýaly ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigine üns çekildi. «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» köptaraplaýyn görnüşdäki dostlukly gatnaşyklaryň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde sebit we ählumumy ähmiýeti nygtaldy. «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» parlamentara dialogynyň özara bähbitli meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda we hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm gural bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Ilçi öz gezeginde Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna daýanyp hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ýola goýan hyzmatdaşlygyna,  howpsyzlygy we kanunyň hökmürowanlygyny, adam hukuklaryny, şol sanda gender deňligini  üpjün etmek,  daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, sanly ulgam, suw serişdeleri babatda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berýändigini nygtady. 

Duşuşygyň ahyrynda milli Parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Ilçi Beata Peksa ýurdumyzda diplomatik wezipede işlän döwründe  Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda dostluk köprüsini berkitmekde, parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda goşan saldamly goşandy üçin hoşallyk bildirdi we oňa geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw  etdi.

30 июля 2026 года состоялась встреча Председателя Меджлиса Туркменистана Д.Гулмановой с Чрезвычайным и Полномочным Послом Европейского Союза в Туркменистане Беатой Пекса.

На встрече было отмечено, что Туркменистан придаёт большое значение отношениям  с государствами мира и авторитетными международными организацими, в том числе Европейским Союзом. Была дана высокая оценка отношениям сотрудничества между  Туркменистаном и Европейским Союзом в политико-дипломатическим, торгово-экономическим и культурно-гуманитарным направлениях..  

Особое внимание было уделено конструктивному характеру налаженных отношений сотрудничества по таким направлениям, как устойчивое развитие, энергетика, экология, наука  и образование, создание транспортных транзитных коридоров, укрепление торговых и экономических  связей.  Было подчёркнуто региональное и глобальное значение дружественных отношений в многостороннем формате «Центральная Азия — Европейский Союз» в достижении Целей устойчивого развития.  Было отмечено, что межпарламентский диалога «Туркменистан — Европейский Союз» служит важным инструментом в обсуждении взаимовыгодных вопросов и укреплении сотрудничества.

 

В  свою очередь Посол подчеркнула, что даёт высокую оценку налаженному Туркменистаном сотрудничеству  с государствами мира и авторитетными международными организацими, опираясь на свой статус постоянного Нейтралитета и исходя из общепризнанных норм международного права, деятельности, проводимой по продвижению многостороннего сотрудничества в области обеспечения безопасности и верховенства закона, прав человека, в том числе обеспечения гендернего равенства, охраны окружающей среды, изменения климата, цифровой системы, водных ресурсов. 

В завершение встречи руководитель национального Парламента Д.Гулманова выразила Послу Беата Пекса признательность за весомый вклад в укрепление дружественного моста между Туркменистаном и Европейским Союзом, межпарламентского сотрудничества и пожелала успехов в предстоящей деятельности.

On July 30, 2026, a meeting was held between the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan D.Gulmanova and the Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the European Union to Turkmenistan Beata Peksa.

At the meeting, it was noted that Turkmenistan attaches great importance to relations with world states and authoritative international organizations, including the European Union. The cooperation between Turkmenistan and the European Union in the political-diplomatic, trade-economic and cultural-humanitarian spheres was highly appreciated. It was noted that the established cooperation in such areas as sustainable development, energy, ecology, science and education, the creation of transport corridors and strengthening trade and economic relations are fruitful. The regional and global significance of the multilateral friendly relations of the «Central Asia — European Union» in achieving the Sustainable Development Goals was emphasized. It was noted that the «Turkmenistan – European Union» inter-parliamentary dialogue serves as an important tool for discussing issues of mutual interest and strengthening cooperation.  

The Ambassador expressed her high appreciation for  cooperation of Turkmenistan with other countries and international organizations, based on policy of Neutrality and the generally recognized norms of international law and activities to promote multilateral cooperation in the areas of security and the rule of law, human rights, including gender equality, environmental protection, climate change, digital systems, and water resources.

At the end of the meeting, the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan D.Gulmanova, expressed her gratitude to Ambassador Beata Peksa for her significant contribution to strengthening the bridge of friendship between Turkmenistan and the European Union and strengthening inter-parliamentary cooperation during her work in a diplomatic position in our country and wished success in her future endeavors.