​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
27.01.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen «QED Group LLC» amerikan kompaniýasy tarapyndan bilelikde guralan iňlis dilini öwrenmek boýunça kämilleşdiriş okuw sapaklaryna gatnaşan Mejlisiň wekillerine degişli şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi

В Меджлисе Туркменистана состоялось торжественное вручение соответствующих свидетельств представителям Меджлиса Туркменистана, принимавшим участие в учебных занятиях по совершенствованию изучения английского языка, организованных Посольством США в Туркменистане совместно с американской компанией «QED Group LLC»

A ceremony was held in the Mejlis of Turkmenistan to present certificates to representatives of the Mejlis of Turkmenistan who took part in training sessions on improving the study of the English language, organized by the U.S. Embassy in Turkmenistan jointly with an American company «QED Group LLC»

 

2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisinde ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen «QED Group LLC» amerikan kompaniýasy tarapyndan bilelikde guralan iňlis dilini öwrenmek boýunça kämilleşdiriş okuw sapaklaryna gatnaşan Mejlisiň wekillerine  degişli şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Elizabet Rud we «QED Group LLC» amerikan kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Iňlis dilini öwrenmek boýunça kämilleşdiriş okuw sapaklarynyň meýilnamasy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we hünärmenleriniň iňlis dili boýunça bilimlerini kämilleşdirmäge, gepleşik-ýazuw  endiklerini ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlykda hem-de daşary ýurt tejribesini özleşdirmekde mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirildi. 

Dabaranyň dowamynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Elizabet Rud okuw sapaklaryna gatnaşyjylara gutlag sözlerini aýtdy we iňlis dilini öwrenmegiň häzirki döwüň talaplaryndan ugur alýandygyny, onuň halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedigini we geljekde şeýle bilim taslamalarynyň dowam etdirilmeginiň mümkinçilikleri barada belledi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri iňlis dilini öwrenmek boýunça kämilleşdiriş okuw sapaklarynyň netijeliligini we ähmiýetliligini bellemek bilen, kanunçykaryjylyk we parlament işiniň kämilleşdirilmegi, dürli ugurlar boýunça halkara, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, özleriniň netijeli we döredijilikli işlemekleri babatda döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Dabaranyň ahyrynda iňlis dilini öwrenmek boýunça kämilleşdiriş okuw sapaklaryna gatnaşan Türkmenistanyň Mejlisiniň wekillerine  degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

 

27 января 2026 года в Меджлисе Туркменистана состоялось торжественное вручение соответствующих свидетельств представителям Меджлиса Туркменистана, принимавшим участие в учебных занятиях по совершенствованию изучения английского языка, организованных Посольством США в Туркменистане совместно с американской компанией «QED Group LLC». Вторжественном мероприятии приняли участиеПосол США в Туркменистане Элизабет Руд и представители американской компании «QED Group LLC». 

Программа учебных занятий по изучению английского языка была направлена на углубление знаний депутатов и специалистов Меджлиса Туркменистана по английскому языку, развитие устных и письменных навыков, расширение возможностей в международном сотрудничестве и освоении зарубежного опыта.

В ходе торжества Посол США в Туркменистане Элизабет Руд поздравила участников учебных занятий и отметила, что изучение английского языка исходит из современных требований, имеет важное значение в расширении масштаба международного сотрудничества, а также о возможностях продолжения образовательных проектов в будущем.   

Отметив результативность и значимость учебных занятий по совершенствованию изучения английского языка, представители Меджлиса Туркменистана выразили слова признательности Президенту Аркадаглы Герою Сердару и Герою Аркадагу за создаваемые возможности для совершенствования законодательной и парламентской деятельности, развития международного, в том числе межпарламентского, сотрудничества по различным направлениям, их эффективной и творческой работы.

В завершение торжества представителям Меджлиса Туркменистана, принимавшим участие в учебных занятиях по совершенствованию изучения английского языка, были вручены соответствующие свидетельства.

 

On January 27, 2026, a ceremony was held in the Mejlis of Turkmenistan to present certificates to representatives of the Mejlis of Turkmenistan who took part in training sessions on improving the study of the English language, organized by the U.S. Embassy in Turkmenistan jointly with an American company «QED Group LLC». The ceremony was attended by the U.S. Ambassador to Turkmenistan Elizabeth Rood and representatives of the American company «QED Group LLC».

The English language training program was aimed at deepening the knowledge of deputies and specialists of the Mejlis of Turkmenistan in the English language, developing oral and written skills, expanding opportunities for international cooperation, and mastering foreign experience.

During the celebration, U.S. Ambassador to Turkmenistan Elizabeth Rood congratulated the participants in the training sessions and noted that learning English is based on modern requirements and is important in expanding the scale of international cooperation, as well as the possibilities of continuing educational projects in the future. 

Emphasizing the effectiveness and significance of training sessions to improve the study of the English language, representatives of the Mejlis of Turkmenistan expressed gratitude to the President Arkadagly Hero Serdar and Hero Arkadag for the opportunities created to enhance legislative and parliamentary activities, developing international cooperation, including inter-parliamentary cooperation in various areas, and their effective and creative work.

At the end of the ceremony, representatives of the Mejlis of Turkmenistan who took part in training sessions to improve the study of the English language were presented with the appropriate certificates.