​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
18.07.2025

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

В МЕДЖЛИСЕ ТУРКМЕНИСТАНА СОСТОЯЛАСЬ ВСТРЕЧА С ЧРЕЗВЫЧАЙНЫМ И ПОЛНОМОЧНЫМ ПОСЛОМ ИСЛАМСКОЙ РЕСПУБЛИКИ ПАКИСТАН В ТУРКМЕНИСТАНЕ

IN THE MEJLIS OF TURKMENISTAN WAS HELD A MEETING WITH THE AMBASSADOR EXTRAORDINARY AND PLENIPOTENTIARY OF THE ISLAMIC REPUBLIC OF PAKISTAN TO TURKMENISTAN

 

2025-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we  Doly ygtyýarly Ilçisi Farýal Leghariniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky ýola goýlan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» we «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy hem-de Türkmenistanyň bu başlangyjyny Pakistan Yslam Respublikasynyň goldandygy üçin türkmen tarapy hoşallyk sözlerini aýtdy.

Diplomat Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi                           hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

 

 

18 июля 2025 года состоялась встреча Председателя Меджлиса Туркменистана Д. Гулмановой с Чрезвычайным и Полномочным Послом Исламской Республики Пакистан в Туркменистане Фарьял Легхари.

Руководитель Меджлиса Д. Гулманова поздравила Посла с назначением на высокую дипломатическую должность и пожелала больших успехов в укреплении, установившихся отношений дружбы и сотрудничества между Туркменистаном и Исламской Республикой Пакистан.

В ходе встречи была подчёркнута значимость принятия по инициативе Туркменистана Резолюций Генеральной Ассамблеи Организации Объединённых Наций «2025 год – Год Международного мира и доверия» и «Постоянный Нейтралитет Туркменистана», а также туркменская сторона выразила признательность за поддержку данной инициативы Туркменистана Исламской Республикой Пакистан.

Дипломата ознакомили с основными направлениями внешней политики Туркменистана, основанной на принципах позитивного нейтралитета, мира, доверия, равенства и гуманизма, составом национального Парламента и проводимой деятельностью по законодательному обеспечению масштабных социально-экономических реформ, реализуемых в различных сферах.

В ходе встречи стороны с удовлетворением отметили наличие широких возможностей для обмена опытом в совершенствовании национального законодательства и парламентской деятельности, ознакомления с потенциалом сотрудничества двух государств, укрепления дружественных отношений между народами.

 

On July 18, 2025, the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan D. Gulmanova met with the Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the Islamic Republic of Pakistan to Turkmenistan Faryal Leghari.

The Head of the Mejlis D. Gulmanova congratulated the Ambassador on his appointment to a high diplomatic position and wished him great success in strengthening the established relations of friendship and cooperation between Turkmenistan and the Islamic Republic of Pakistan.

During the meeting, the importance of the adoption of the UN General Assembly Resolutions "2025 - Year of International Peace and Trust" and "Permanent Neutrality of Turkmenistan" at the initiative of Turkmenistan was emphasized, and the Turkmen side expressed gratitude for the support of this initiative of Turkmenistan by the Islamic Republic of Pakistan. 

The diplomat was introduced with the main directions of Turkmenistan's external policy, based on the principles of positive neutrality, peace, trust, equality and humanism, the composition of the national Parliament and the activities being carried out on legislative support for large-scale socio-economic reforms implemented in various spheres. 

During the meeting, the sides noted with satisfaction the availability of wide opportunities for exchanging experience in improving national legislation and parliamentary activities, familiarizing  with the potential for cooperation between the two states, and strengthening friendly relations between nations.