​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
30.10.2025

BERKARARLYGYŇ MIZEMEZ ÝOLY BILEN

 

     Döwlet berkararlygymyzyň şanly senesiniň öňüsyrasynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi döwlet hem jemgyýetçilik durmuşyny ösüşiň täze menzillerine ýetirmekde syýasy waka öwrüldi. Halkymyzyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçen umumy milli forumda halkymyzyň abadan hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşlerini mundan beýläk hem ilerletmäge gönükdirilen meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi

 

     Taryhy mejlisiň netijeleri barada oýlananyňda, ýurdumyzyň garaşsyz ösüş ýolunda diňe bir şu günüň däl, eýsem, uzak geljegiň binýadyny goýýan maksatly wezipeleri durmuşa geçirip gelýändigine magat göz ýetirýärsiň. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda: «Garaşsyz döwletimiziň üstünliklerini berkitmek esasy maksadymyzdyr» diýip, örän jaýdar belläp geçdi. Hakykatdan-da, islendik bir döwletiň özüni ykrar etdirmekde, ösüş ýolunda mertebeli menzillere ýetmekde öňünde belent maksat goýup, onuň amala aşmagyny gazanmak esasy wezipesi bolup durýar. Bu taglymat örän oýlanyşykly hem işjeň döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynda, peder ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň häzirki wagtdaky amala aşyrýan tutumlarynda özüniň doly beýanyny tapýar. 

     Taryhy döwrümizi beýgeldýän uzak ýyllar üçin kesgitlenen döwlet maksatnamasy türkmen durmuşynyň öňe ilerlemeginde iň oýlanyşykly ädilen möhüm ädime öwrüldi. Bu barada hormatly Prezidentimiz çykyşynda: «Biz ykdysadyýetimiziň ösüşini maksatnamalaýyn esasda alyp barmaga aýratyn ähmiýet berýäris» diýip, belläp geçdi. Maksatnamalaýyn wezipeleri tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirmek bilen, jemgyýetde depginli ösüşiň, syýasy durnuklylygyň, ykdysady taýdan ilerlemeleriň, döwletiň, döwrüň, halkyň bitewüliginiň amallaryna ýetmekde örän oýlanyşykly çemeleşmeleriň nusgalyk netijeleri açylyp görkezilýär. 

     Hormatly Prezidentimiziň çykyşyndan belli bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşi ýurdumyzyň býujet girdejilerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Oňa laýyklykda, şu ýyl döwletimiziň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeleri gönükdirmek bilen, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 65,6 göteriminiň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 34,4 göteriminiň sarp edilip, döwlet býujetiniň çykdajylar böleginiň maksatlaýyn peýdalanylmagy we özleşdirilmegi gazanyldy. Nesip bolsa, geljekde ýurdumyzyň ykdysady görkezijiler boýunça dünýäniň ösýän döwletleriniň sanawynda mynasyp orun almagy üçin tagallalar ediler. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, durmuş-ykdysady strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar. 

     Halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döwletimiziň gülläp ösüşleri ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, maksatly tutumlary rowaç alsyn! 

 

Rasul SADULLAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.