Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşiň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň esasy ugry halkyň bähbidine gönükdirilýär. Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde halkymyzyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesine esaslanylyp, ata-babalarymyzdan gelýän asylly hem-de milli ýörelgelere eýerilýär.
Milli demokratik ýörelgelere esaslanyp, halkyň teklipleri nazara alynýar, halk bähbitli we döwlet ähmiýetli meselelere garalýar. Ýurdumyzda her ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň 20-nji awgustynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzda taryhy işler durmuşa geçirilýär, döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik kadalardan ugur alnyp, döwlet ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleri döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ýokary derejede ösdürmegiň, netijeli dolandyrmagyň, kanunçylyk-hukuk üpjünçiliginiň, häkimiýet edaralarynyň guramaçylyk esaslarynyň kämil gurallaryny kemala getirmäge gönükdirilendir.
Häzirki ajaýyp döwrümizde türkmen halky agzybirlikde bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Bu günki günde her bir ildeşimiz milli demokratiýamyza, asylly ýörelgelerimize buýsanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne buýsanýan halkymyz ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Bu bolsa biziň her birimizi täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty milli demokratiýamyzyň aýdyň beýanydyr. Çünki Türkmenistanyň Halk Maslahatynda ýurdumyzyň beýik ösüşleri, öňde durýan wezipeler hem-de röwşen geljegimiziň rowaçlyklary maslahatlaşylýar. Şonuň üçin hem onuň taryhy ähmiýeti örän ýokary derejededir.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, deputatlar, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde we mejlisiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden guramaly» diýen sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary hem wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar, tele we radio ýaýlymlarynda, metbugat sahypalarynda Halk Maslahatynyň ähmiýetini, onuň kanunçylyk esaslaryny halk köpçüligine düşündirmekde mynasyp goşant goşýarlar.
Ýakup ATABAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.