Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
«Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, ýurdumyzda jemgyýetiň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramaga gönükdirilen işler barha rowaçlanýar, milli saglygy goraýyş ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän hem-de tutuşlygyna durky täzelenýän saglyk merkezlerinde ylmyň soňky gazananlaryna daýanýan öňdebaryjy lukmançylyk enjamlarynyň oturdylmagy raýatlara ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmaga şertleri üpjün edýär.
Döwlet ähmiýetli şäher hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlaryny döretmek konsepsiýasynyň çäklerinde döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy hem saglygy goraýyş edaralaryny zerur bolan lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün etmekde, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, halkara görkezijilere laýyk gelýän lukmançylyga degişli önümleri sarp edijilere ýetirmekde maksada laýyk işleri alyp barýar. Hususan-da, kärhananyň çagalary iýmitlendirmäge degişli bolan önümleri eneler tarapyndan ýokary isleg bilen kabul edilýär.
Sagdyn jemgyýetiň daýanjy bolan berk bedenli we sagdyn ruhly ýaş nesilleriň saglygy, olaryň röwşen geljegi baradaky alada döwlet syýasatymyzda möhüm orun eýeleýär. Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, hususan-da, bu abraýly guramanyň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berlip, eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini we maşgalanyň abadançylygyny gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksatly işlere döwletimiziň jogapkärli çemeleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine entek kän wagt geçmedik hem bolsa, onuň hasabyna çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça ägirt uly işleriň amala aşyrylmagy buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr.
Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, döwrebap lukmançylyk desgalarynyň gurulmagy, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilmegi döwletimizde ynsan ömrüniň uzalmagynyň, adamyň bagtyýar we ruhubelent ýaşamagynyň şertidir. Güneşli Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmakda, saglygy goraýyş ulgamyny innowasion ýol bilen ösdürmekde, sagdyn jemgyýetiň esasynda bagtyýar ýaşaýşy gazanmakda taýsyz tagallalary edýän lukman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun!
Şemşat Mämiýewa, Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçe hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.