​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
10.07.2025

KÄMIL KANUNLAR — ÖSÜŞIŇ GÖZBAŞY

 

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwrümizde amala aşyrylýan özgertmeler döwletimiziň ähli pudaklary babatda ösüşini pugtalandyrýar hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Bu ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek bilen hem gös-göni bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerinden we berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatynda birnäçe kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Şolaryň hatarynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hembar. 

     Kanun VI bapdan we 34 maddadan ybarat bolup, ol ýurdumyzyň saýlawlarda we sala salşyklarda ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň hem ýöretmegiň hukuk, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Kanunda göz öňünde tutulan maglumatlary öz içine alýan, maglumatlary saklamak, gaýtadan işlemek we ondan peýdalanmak üçin niýetlenilen, Türkmenistanyň saýlaw hukukly raýatlarynyň döwlet hasabyny üpjün etmek üçin döredilen merkezleşdirilen sanly maglumat ulgamyny döretmek hem-de bu hasabyň dogry we dürs ýöredilmegini, raýatlaryň saýlaw hukugynyň berjaý edilmegini, döwlet sanawynyň maglumatlarynyň ygtybarlylygyny we goraglylygyny üpjün etmek kanunyň esasy maksady bolup durýar.

     Kanunyň esasy wezipeleri bolsa, saýlawçylar baradaky şahsy maglumatlaryň hasaba alynmagyny guramakdan we ony ýöretmekden, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny, ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirmek üçin saýlawçylaryň sanawyny düzmekden ybarat bolup durýar. 

     Şeýle-de Kanunda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar — Saýlawçylaryň Döwlet sanawyny dolandyryjy edara; etraplarda, etrap hukukly şäherlerde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň — häkimligiň ýanynda döredilýän ýörite toparlar — Döwlet sanawyny ýörediji edaralar diýlip kesgitlenendir we olaryň ygtyýarlyklary, wezipeleri, şeýle hem Döwlet sanawynyň edaralarynyň çözgütlerine, hereketlerine ýa-da hereketsizligine şikaýat etmegiň, şol sanda kazyýete şikaýat etmegiň tertibi bellenendir. 

     Bu Kanunyň kabul edilmegi «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, saýlaw ulgamynda maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmak arkaly, saýlaw işlerine sanly ulgamy döwrebap derejede ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrar. Saýlaw işlerinde sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzda bu möhüm syýasy çäräniň häzirki zaman şertlerinde we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün eder. 

 

Gurbangylyç DURDYÝEW, welaýat häkimliginiň işgärler, geňeşlikler we häkimligiň edaralarynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň baş hünärmeni, Mejlisiň deputaty.