​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
09.07.2025

PARLAMENTARA GATNAŞYKLARDA YNANYŞMAK DIALOGY

 

     Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si BMG-niň dü­züm bir­lik­le­ri, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar we mil­li par­la­ment­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­gy bar­ha gi­ňeld­ýär. Bu hyz­mat­daş­lyk Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da has-da işjeň­leş­di hem-de aý­ra­tyn oňyn häsiýe­te eýe bol­dy. Ýa­kyn­da Mej­li­siň we­ki­li­ýe­ti­niň Ýew­ro­pa­da Howpsuzlyk we Hyzmat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň (ÝHHG) Parlament As­samb­le­ýa­sy­nyň (PA) 32-nji mej­li­si­ne gat­naş­mak üçin Por­tu­ga­li­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Por­tu şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry hem par­lamen­ta­ra gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­gyň we hal­ka­ra gurama­lar bi­len hyz­mat­daş­lygy gi­ňelt­me­giň çäk­le­rin­de ama­la aşy­ryl­dy. Sa­pa­ryň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň mil­li par­la­men­ti bilen Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da geçirilen «Halka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly: parahatçy­ly­gy, howp­suz­ly­gy, öza­ra yna­nyşma­gy gazan­mak­da dia­lo­gyň we bi­ta­rap­ly­gyň ýö­rel­ge­le­ri» at­ly çä­re şan­ly ýy­lyň halka­ra gi­ňiş­lik­de bar­ha giň ge­rim al­ýan wakala­ry­nyň üs­tü­ni ýe­tir­di.

 

     Sa­pa­ryň barşynda Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Farah Kariminiň sebitiň döwletleriniň parlament wekiliýetleri bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdylar. Onuň dowamynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan işler barada pikir alşyldy. Şunda ekologik abadançylygy üpjün etmäge, daşky gurşawy gorap saklamaga, tebigata aýawly çemeleşmäge gönükdirilen tagallalaryň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasatyny parlament diplomatiýasy arkaly goldamak boýunça toplanan tejribeler beýan edildi. 

     Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýyllyk mejlisiniň açylyş dabarasynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň, Portugaliýanyň Assambleýasynyň hem-de wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň, Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlary diňlenildi we häzirki wagtda sebitiň, dünýäniň gün tertibindäki meseleleriň oňyn çözgütleri, olary durmuşa geçirmekde parlamentleriň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

     Türkmenistanyň Mejlisiniň we Daşary işler ministrliginiň bilelikde Porto şäheriniň «Alfandego» kongresler merkeziniň binasynda guran «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň we bitaraplygyň ýörelgeleri» atly utgaşykly çäresi saparyň esasy wakalarynyň biri boldy. Oňa türkmen wekiliýetiniň agzalary, ÝHHG PA-nyň ýolbaşçysy Pia Kauma, Baş sekretary Roberta Montella, Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Farah Karimi, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy, ilçi Jon MakGregor, şeýle hem Finlýandiýanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Slowakiýanyň, Mongoliýanyň, Ispaniýanyň, Nederlandlaryň, Ukrainanyň, Germaniýanyň parlamentleriniň wekilleri gatnaşdylar hem-de çykyş etdiler. 

     Türkmen tarapy çärä gatnaşyjylary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer, hoşniýetli döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdy. Şunda Türkmenistanyň umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan başlangyçlarynyň we bitaraplyk ýörelgesiniň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde, energiýa serişdeleriniň howpsuz üstaşyr geçelgelerini döretmekde, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, daşky gurşawyň goraglylygyny we ekologik abadançylygy üpjün etmekde, halklaryň, döwletleriň medeniýetine, däp-dessurlaryna hormat goýmakda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde hem-de bu işde halk diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda eýeleýän möhüm ähmiýetine üns çekildi. Türkmen döwletiniň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen filosofiýany ilerletmek bilen, daşary syýasat işini beýleki döwletleriň çäk bitewüligine, kanunçylygyna hormat goýmak hem-de deňhukuklylyk, özara peýdalylyk, bähbitleriň sazlaşygyny gazanmak esasynda guraýandygy nygtaldy. Çykyş edenler 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, utgaşykly geçirilýän çäräniň simwolik mana eýedigini bellediler. Şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, adamzadyň parahat durmuşyny üpjün etmek babatda öňe sürýän başlangyçlarynyň häzirki zaman gapma-garşylyklaryny aradan aýyrmakda, dialogyň ähmiýetini ýokarlandyrmakda wajyp orun eýeleýändigi, ýurdumyzyň bu ugurdaky tagallalarynyň dünýä döwletleri üçin nusgalyk bolup durýandygy bellenildi. 

     Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Pia Kauma öz çykyşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde Aşgabat şäherinde birnäçe çäreleri, hususan-da, 2023-nji ýylda «ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly Merkezi Aziýa sebit maslahatyny, 2024-nji ýylda «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly bilelikdäki ýokary derejeli maslahaty geçirendigini belledi. ÝHHG PA-nyň ýyllyk mejlisiniň çäginde geçirilýän şu çäräniň hem agza döwletleriň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine oňyn täsiriniň boljakdygyna ynam bildirdi. 

     Parlamentara Assambleýanyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Farah Karimi öz çykyşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň we ÝHHG PA-nyň bilelikde geçiren «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy» atly ikinji Aşgabat maslahatynyň ähmiýetine aýratyn üns çekdi. Bu geçirilýän çäreleriň parlament wekillerini bir ýere jemläp, dialogy ösdürmekde, nesilleriň arasyndaky jebisligi berkitmekde, parahatçylygy pugtalandyrmakda, sebitleýin durnuklylygy üpjün etmekde pikir hem tejribe alyşmagyň möhüm meýdançasyny emele getirýändigini aýtdy. 

     Giň wekilçilikde geçen maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň halkara giňişlikde alyp barýan, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan oňyn bitaraplyk syýasatynyň, döwletleriň we halklaryň arasynda deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen sebit hem-de umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygyny bellediler. Çykyşlarda biragyzdan nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň döwletler, abraýly halkara guramalar bilen ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň bähbidine dostluk, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda toplan gymmatly syýasy tejribesi sebitde we dünýäde abadan gülläp ösüşi üpjün etmäge ýardam berýär. 

     Ýurtlaryň parlament agzalarynyň arasynda özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň mümkinçilik döredýän, milli parlament diplomatiýasynyň ilerlemegine, hyzmatdaşlygyň berkidilmegine uly şahsy goşant goşýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt, tutuş adamzat bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris. 

 

Maksat KULYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy.