Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda adam hakda edilýän alada döwrüň hem-de, döwletiň öňündäki iň möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Edil şonuň ýaly, ýurdumyzda maşgalanyň berkligi, onuň maddy taýdan üpjünçiligi, ruhy taýdan goldawlylygy hem möhüm wezipedir. Muňa mysal hökmünde, hormatly Prezidentimiziň edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda ýaş çatynjalara ýeňillikli karzlaryň berilmeginiň ýola goýulmagy, dogulýan çaga sanyna laýyklykda, bir wagtlaýyn tölenýän döwlet kömek pullarynyň möçberiniň ýylsaýyn köpeldilmegi, şeýle hem sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy we olara durmuş hyzmatlarynda ýeňillikleriň döredilmegi ýaly döwlet tarapyndan kepillendirilen ýagdaýlary belläp geçmek bolar.
Ondan başga-da, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan kanunlara we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna döwrebap üýtgetmeler we goşmaçalar yzygiderli girizilip gelinýär. Döredilýän şeýle mümkinçilikler ýurdumyzda maşgala mukaddesligini has-da berkitmekde, jemgyýetde maşgala gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde we eneligiň, atalygyň we çagalygyň goraglylygynyň hukuk taýdan üpjünçiligini döwlet tarapyndan kepillendirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Belläp geçişimiz ýaly, maşgalanyň berkligini gorap saklamak, nika bozulmalarynyň öňüni almak döwlet derejesindäki wezipeleriň biri bolup durýar. Biz — RÝNÝ bölüminiň işgärleri nika baglaşmak üçin ýüz tutan ýaşlara maşgalanyň mukaddesligi, maşgalada zenanyň we erkegiň tutýan orny, resmi tertipde nika baglaşylandan soňra gelip çykýan wezipeler we borçlar barada gürrüňdeşlik geçirip, durmuş ýolunyň başynda duran ýaş çatynjalara oňyn maslahatlar berýäris we şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda maşgalany berkitmekde alyp barýan beýik işleri barada giňişleýin wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini geçirýäris.
Ýurdumyzda maşgala mukaddesligini berkitmekde, maşgala kanunçylygyny kämilleşdirmekde çäksiz mümkinçilikler döredip berýän halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!
Maýsa JUMAÝEWA, Köneürgenç etrap RÝNÝ bölüminiň müdiri, Mejlisiň deputaty.