​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
03.07.2025

MÖHÜM MESELELERE GARALDY

                                                          

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň milli kanunçylygyny şu günüň talaplaryna laýyklykda has-da kämilleşdirmek barada berýän gymmatly maslahatlaryndan, öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatynda ýokarda ýatlanan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

     Maslahatda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanan kanun taslamalarynyň birnäçesine garaldy. Maslahatda deputatlaryň ara alyp maslahatlaşmagyna “Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanyny tassyklamak we herekete girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary maslahatyň dowamynda “Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda”, “Gümrük gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bulardan başga-da, maslahatda deputatlar Türkmenistanyň Mejlisi we Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan bilelikde taýýarlanylan “Saýlawlaryň bitewi döwlet sanawy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýlelikde, milli parlamentimiziň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatyna hödürlenilen kanunlaryň taslamalary makulanyldy we kabul edildi. 

 

Tirkişmyrat ÝOMUDOW. “Demirýollary” AGPJ-niň 30-njy şahamçasynyň lokomotiw deposynyň işiniň operatiw-tehniki hasabat merkeziniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.