Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, türkmen halky beýik sungaty, nusgalyk kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen dünýäde giňden meşhurdyr. Türkmen medeniýeti umumadamzat medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Maddy we taryhy-ruhy gymmatlyklar halkymyzda ata Watana bolan söýgini, buýsanjy oýarmakda, ynsanperwer duýgulary kemala getirmekde, aňyýet hem akyl-paýhas goruny baýlaşdyrmakda bahasyz baýlykdyr. Şoňa görä-de, taryhy-medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça köpugurly işler durmuşa geçirilýär.
Medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, obalary hem-de şäherçeleri medeni taýdan düýpli ösdürmek we özgertmek, taryhy-medeni gymmatlyklar bilen birlikde, aýdym-saz, folklor, tans, sirk sungatyny, milli toý-baýramlary, däp-dessurlary ylmy taýdan öwrenmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Çünki her bir halkyň däp-dessury, taryhy, edebiýaty, sungaty, dünýä gymmatlyklaryna goşýan goşandy bilen ýakyndan tanyşmak üçin, ilki bilen, şol milletiň medeniýeti öwrenilýär. Halkyň ruhy ahwalynyň beýany bolan medeniýet halklary ýakynlaşdyrýar, jebisleşdirýär.
Milli Liderimiziň halkymyza peşgeş beren «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmen medeniýeti», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Hakyda göwheri» ýaly ençeme ajaýyp kitaplary biri-biriniň üstüni ýetirip, baý medeni mirasy sarpalamagyň kämil nusgasyny özünde jemleýär. Şunuň bilen birlikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar - Watanyň daýanjy», «Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly - dünýäniň akyldary» atly pähim-parasada ýugrulan kitaplary halkymyzyň söýgüli eserlerine öwrüldi. Olarda halkymyzyň asyrlaryň dowamynda ösdüren we kämilleşdiren ruhy hem-de maddy gymmatlyklarynyň dünýä medeniýetindäki, sungatyndaky mynasyp orny barada giň düşünje berilýär. Bu eserleriň mazmunynda medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde hem-de kämilligiň täze belentliklerine götermekde döwlet derejesinde edilýän aladalaryň baş maksady öz beýanyny tapýar.
Ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň kanunçylyk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Halkymyzyň medeni mirasyny gorap saklamak hem geljek nesillerimize ýetirmek, taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy dikeltmek, milli mukaddesliklere hormat goýmak terbiýesini bermek baradaky möhüm wezipeler milli kanunçylygymyzda şöhlelenýär. Türkmenistanyň medeniýet baradaky döwlet syýasaty berk kanuny esaslara daýanýar. Bu ulgamyň ösüşini kanunçylyk taýdan üpjün etmegiň meseleleri «Medeniýet hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda», «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda», «Teatr we teatr işi hakynda», «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda», «Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda», «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda», «Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda», «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly düzgünleşdirilýär.
«Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny halkymyzyň medeniýetini döretmek, gaýtadan dikeltmek, aýawly saklamak, ösdürmek we peýdalanmak çygryndaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär, medeniýet babatdaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Kanunyň wezipeleri Türkmenistanyň raýatlarynyň medeniýet babatdaky işine bolan konstitusion hukugyny üpjün etmekden we goramakdan, döwlet syýasatynyň medeniýet babatdaky ýörelgelerini kesgitlemekden, medeni gymmatlyklaryň raýatlar üçin erkin, elýeterli bolmagyny berjaý etmekden ybarat bolup durýar. Şeýle hem ol medeniýet işiniň subýektleriniň gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän hukuk kadalaryny we ýörelgelerini kesgitleýär, medeniýeti aýawly saklamagyň, ösdürmegiň we ony döwlet tarapyndan goldamagyň hukuk esaslary üçin binýat döredýär. Ol türkmen sungatyny, medeniýetini hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkyň medeni isleglerini kanagatlandyrmak ýaly wezipelerden ugur alýar.
Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.