Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we adalatly syýasaty netijesinde döwletimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde, halkymyzyň hal-ýagdaýyny, durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmakda, ata Watanymyzy ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ugurlar boýunça ösdürmekde deňi-taýy bolmadyk ägirt uly sepgitlere ýetilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamynyň gazanýan üstünlikleri bellenilmäge mynasypdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem-de düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagy dünýä ölçeglerine laýyk getirildi, halkymyza kämil bejeriş-öňüni alyş kömeginiň berilmegi ýola goýuldy. Saglyk maksatly döwrebap desgalaryň gurulmagy, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetimize ornaşdyrylmagy, tebigy mümkinçiliklerimize daýanýan şypahanalar toplumynyň gurulmagy ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny kepillendirýän milli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek babatynda alnyp barylýan işleriň netijesidir.
Häzirki wagtda ata Watanymyzda sagdyn jemgyýeti gurmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek barada gije-gündiz alada edilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň özgerdilmegi, kämilleşdirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleriniň giňden durmuşa ornaşdyrylýandygyny aýdyň görkezýär.
Wezirgeldi Aşyrow,
welaýat arassaçylyk we keselleriň
ýaýramagyna garşy göreşmek
gullugynyň başlygynyň orunbasary,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.