Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Gadymy döwürlerden bäri halkymyz haýyrly işleri amal etmek, duýgudaşlyk bildirmek, mätäje goldaw bermek, şeýle-de dürli sebäplere görä çylşyrymly durmuş ýagdaýlaryna düşen adama kömek bermek ýaly asylly ýörelgelere eýerip gelipdir. Häzirki döwürde hem halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilip, bu gaznanyň hasabyna sogap işleriň ençemesiniň amala aşyrylandygyny bellemek bolsa has-da buýsançlydyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden başlap, howandarlyga mätäç çagalaryň jemgyýetiň hem-de döwletiň durmuşyna doly derejede gatnaşmaga bolan hukugynyň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Munuň özi olara lukmançylyk kömegini bermegi we saglygyny dikeltmegi hem-de derman serişdeleri bilen üpjün etmäge gönükdirilen maddy kömegi hem öz içine alýar.
Häzirki wagtda bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurt boýunça howandarlyga mätäç çagalaryň hossarlarynyň ýüz tutmagy bilen, ýüzlerçe operasiýalar geçirildi. Gazna diňe bir türkmenistanly çagalara däl, eýsem, zerur bolan halatynda, dünýä ýurtlarynyň çagalaryna hem ýurdumyzyň adyndan hemaýat bermek işlerini alyp barýar.
Gahryman Arkadagymyzyň welaýat hassahanalarynda çagalar we olaryň ene-atalary bilen duşuşyp, hal-ýagdaýyny sorap, olara ruhy goldaw bermegi beýik ynsanperwerligiň, adamlar baradaky aladanyň nyşanydyr. Munuň üçin halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşlary çäksizdir.
Dana halkymyzda «Beren eliň berekedi artar», «Ýagşyny älem arzuwlar» ýaly ajaýyp atalar sözleri bar. Bu günki gün olary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçilikleriniň, alyp barýan netijeli işleriniň barha artýandygy, onuň ynsanperwer başlangyçlarynyň halkara derejede ykrar edilip, gyzgyn goldaw tapýandygy babatda hem aýtmak bolar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylyk etmeginde üstünlikli geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat ynsanperwer gaznanyň işleridir hoşniýetli başlangyçlaryna dünýä ýurtlarynda gyzyklanmalaryň uludygyny ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezdi.
Çagalaryň saglygyny goramak, olaryň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek meselesinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy ýurduň ösüp gelýän ýaş nesilleriniň saglyk ýagdaýlarynyň, okuw mümkinçilikleriniň, ýaşaýyş-durmuşynyň yzygiderli gowulandyrylmagyna oňaýly şertleri döredýär. Ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde «Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak we bejermek hem-de eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak üçin zerur bolan derman serişdeleri bilen üpjün etmek» atly taslamanyň durmuşa geçirilýändigi bellenilmäge mynasypdyr. Elbetde, biziň ýurdumyzyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ýaňy-ýakynda Ýewropanyň, Orta Gündogaryň, Aziýanyň ynsanperwer, haýyr-sahawat ugurly gaznalary bilen hem hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny görkezmek bolar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Monako Knýazlygyna, Özbegistan Respublikasyna bolan iş saparlary hem çagalaryň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyryp, Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan ynsanperwer ýol-ýörelgesiniň has-da ilerledilýändigini aýdyňlygy bilen äşgär edýär.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawat işini amala aşyrmak we hukuk taýdan düzgünleşdirmek, ýaş nesilleriň çagalaryň, şeýle-de howandarlyga mätäç çagalaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, durmuş goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda birnäçe kanunlar hereket edýär. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Maşgala, Zähmet, Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodekslerini, «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Bilim hakynda», «Hossarlyk we howandarlyk hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Haýyr-sahawat işi hakynda», «Meýletinçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny bellemek bolar. Kanunlarda howandarlyga mätäç çagalara, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara döwlet tarapyndan birnäçe ýeňillikleriň döredilýändigi baradaky kadalar beýan edilendir.
Bir söz bilen aýdylanda, ýurdumyzda körpe türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Olaryň bilime, saglygyny berkitmäge bolan hukuklary berjaý edilýär, körpeleriň ruhy, aň-paýhas hem-de döredijilik babatynda ukyp-başarnyklaryny doly açmaklary üçin şertler üpjün edilýär.
Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Meňli DIWANOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Adam hukuklaryny we
azatlyklaryny goramak baradaky
komitetiniň agzasy.