Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen isleg-arzuwlaryny, agzybirlik, ynsanperwerlik, azatlyk, watansöýüjilik düşünjelerini, döwletimiziň daşary syýasatynda alyp barýan bitaraplyk ýörelgelerini özünde jemleýän Konstitusiýamyz berkararlygymyzyň, bagtyýarlygymyzyň nyşanydyr. Ondaky maddalaryň ählisi ynsanperwerlige, hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, dostluk-doganlyga, jebislige, watançylyk duýgusyny, milli buýsanjy artdyrmaga gönükdirilendir. Konstitusiýamyz biziň agzybirligimizi goraýar, berkidýär, bagtyýarlyga we paýhasly ýaşaýşa giň ýol açýar, röwşen ýolumyza nur çaýýar, bagt paýlaýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimizde jemgyýetçilik gurluşyndaky, döwlet dolandyryşyndaky kämilleşmeler bilen baglylykda, kabul edilen
wagtyndan bäri Konstitusiýamyza düýpli üýtgetmeler girizilip, Esasy Kanunymyzyň täze rejelen görnüşi kabul edildi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy häzirki döwre çenli ýurdumyzyň içerki ösüşlerinde-de, daşary syýasatynda-da netijeli hukuk esasy bolup gelýär. Esasy Kanunymyzda şöhlelendirilen döwletliligiň we ösüşiň kesgitlenen ugurlary wagtyň synagyndan üstünlikli geçýän, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, umumadamzat ösüşiniň öňdebaryjy ýörelgelerini nazarlaýan ynsanperwer maksatlary bilen özüne çekijidir. Taryhy ösüşiň häzirki eýýamynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen döwleti Gahryman Arkadagymyzyň esas goýan aýdyň ýoly bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda geçmişiň hem-de häzirki günüň üznüksiz arabaglanyşygyna esaslanyp, röwşen geljege, dünýäniň ähli ýurtlarynyň hem-de halklarynyň ösüşiniň bähbidine ykbal çözüji başlangyçlaryny ynamly öňe sürýär we durmuşa geçirýär. Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge täzeçil çemeleşýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet gurluşynyň iň gowy türkmen we dünýä tejribesini, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny öz içine alyp, demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwleti gurmagyň möhüm wezipelerini bir ýere jemleýär. Bu ýetilen taryhy sepgitler, sözüň doly manysynda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli we dünýä ähmiýetli alyp barýan işleriniň miweleridir.
Ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine, halkyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen beýik tutumlar, durmuş-ykdysady özgertmeler kämil kanunçylyk binýadyna esaslanýar. Halkymyzyň abadan ýaşamagyna, şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegine, hukuklarynyň we azatlyklarynyň dolulygyna berjaý edilmegine gönükdirilen ýokary üns-alada bu gün öz netijelerini berýär. Iň ýaşajyk çagalardan ýaşuly nesle çenli hemme türkmenistanlynyň erkin, abadan ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen, Konstitusiýamyzyň esasynda kabul edilýän milli kanunçylyk namalarymyz hem yzygiderli kämilleşdirilýär.
Milli kanunçylygyň kämilleşmegi, halkymyzyň bähbidinden ugur alýan döwrebap kanunlaryň kabul edilmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň
Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.