Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň bagtly geljegini, kanun taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen parasatly döwlet syýasaty alnyp barylýar. Her ýylyň 1nji iýunynda güneşli Diýarymyzda Çagalary goramagyň halkara güni uly dabara bilen bellenilýär. Döwletimiz tarapyndan ýaş nesil barada edilýän aladalar ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwürdi. Çagalaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi, durmuş üpjünçiligi we hukuk goraglylygy döwletiň hemişe üns merkezinde saklanylýar.
Esasy Kanunymyzda adamyň şahsy, syýasyjemgyýetçilik, durmuşykdysady hukuklary beýan edilýär. Her bir adamyň ýaşamaga, erkin ömür sürmäge, saglygyny gorap saklamaga, bilim almaga we zähmet çekmäge bolan hukuklary bardyr. Konstitusiýamyzda maşgalanyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň döwletiň goragynda durýandygy, döwletiň ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýändigi we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýändigi kesgitlenendir.
Ýurdumyzda çaganyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksady bilen, 2014nji ýylda «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Onda 18 ýaşyna ýetmedik adam çaga hökmünde ykrar edilýär. Kanunda çaganyň özbaşdak şahsyýet hökmündäki hukuk ýagdaýy kesgitlenip, onuň doglan pursadyndan başlap, raýatlyga, millete, ada, familiýa we maşgala gatnaşyklaryna bolan hukugy döreýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklandy. Ol çagalaryň saglyga, iýmite, howpsuz agyz suwuna we arassaçylyga, bilime, abadan daşky gurşawa, zorlukdan goraglylyga bolan hukuklaryny öz içine alýar. Meýilnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Çagalaryň hukuklary babatda Türkmenistan halkara guramalary bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk edýär. BMGniň Çagalar gaznasy — ÝUNISEF bilen 1994nji ýyldan bäri işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Häzirki wagtda ÝUNISEFiň Aşgabatdaky wekilhanasy bilen 2025nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlary kesgitlenip, bu ugurda uly işler alnyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde: «Ähli döwürleriň hemde döwletleriň iň arzyly maksady bolan haýyrsahawatlylyk, ýagşylyk etmek däbi döwletimizde mukaddes ýörelgä öwrüldi» diýip belleýär. 2021nji ýylda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyrsahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Gazna tarapyndan ýurdumyzda ençeme çagalaryň saglygy dikeldilip, olar deňduşlarynyň hataryna goşuldy. Bu bolsa ýurdumyzda ynsan saglygyny, maşgala bitewüligini goramaga gönükdirilen haýyrly işleriň aýdyň subutnamasydyr.
Çagalaryň ygtybarly goraglylygy ugrunda bimöçber aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hemde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Jeren GYLYÇMYRADOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Döwlet gullugy
akademiýasynyň diňleýjisi,
Mejlisiň deputaty.