​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
27.05.2025

DOSTLUK WE HOŞNIÝETLILIK ÝÖRELGELERINDEN UGUR ALYP

 

     Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmekde giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Munuň özi Hytaý Halk Respublikasy bilen alnyp barylýan hoşniýetli hyzmatdaşlygyň mysalynda hem aýdyň ýüze çykýar. Türkmen - hytaý gatnaşyklary öz köküni gadymyýetden alyp gaýtmak bilen, häzirki wagtda täze many-mazmunda baýlaşdyrylýar. Golaýda Mejlisiň deputatlarynyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirildi. Bu barada Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde bolan deputatlar şeýle gürrüň berýärler.

 

Ýusupguly EŞŞÄÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam

hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň

başlygy:

 

— Türkmenistanyň Mejlisi  Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän mümkinçilikleri, berýän hemaýat-goldawlary netijesinde, Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri, beýleki abraýly halkara guramalar, daşary döwletleriň parlamentleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmak, türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. 

     Saparyň dowamynda ýurdumyzyň parlamentiniň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň orunbasary Han Çžen hem-de Ählihytaý ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň ýolbaşçysy Çao Letzi bilen bolan duşuşyklarynda ýurtlarymyzyň arasynda özara bähbitlilige, ynanyşmaga we deňhukuklylyga esaslanýan gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösdürilýändigi aýratyn nygtaldy. Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň, şeýle hem Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini aýtdy. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň üçünji gezek ykrar edilmeginiň döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygynyň ykrarydygy bellenilip, bu Kararnamalary goldandyklary üçin hytaý tarapyna hoşallyk bildirildi.

      Duşuşyklarda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dekabr aýynda Aşgabat şäherinde döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçiriljek foruma Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň baştutanlygyndaky wekiliýetiň gatnaşjakdygyna ynam bildirildi. Şonuň ýaly-da, iki halkyň bähbidine Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyny we Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny utgaşykly amala aşyrmak ugrunda tagalla edilýändigi nygtaldy. 

     Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyzyň arasynda parlamentara gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär, iki döwletiň we halkyň özara dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň binýadyny pugtalandyrmagyň özboluşly nusgasy kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň ýanwarynda dostlukly ýurda bolan ilkinji döwlet sapary özara hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşmegine kuwwatly itergi berdi. Şol saparyň çäklerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz BMG-niň, beýleki abraýly halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça ýola goýlan gatnaşyklary dowam etdirmegiň, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda parlamentler derejesinde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligini netijeli ulanmak, şeýle hem geljekde «Merkezi Aziýa — Hytaý» parlamentara geňeşini döretmek, «Türkmenistan — Hytaý: zenanlar we ýaşlar» bilelikdäki forumyny geçirmek baradaky teklipleri öňe sürüpdi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda 2023-nji ýylyň 16-18-nji noýabry aralygynda Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy üstünlikli geçirildi.

 

Maksat KULYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy:

 

— Türkmen-hytaý gatnaşyklary hakda söz açylanda, 2023-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze badalga berendigini hem bellemek gerek. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli açylan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynda hytaý halkynyň görnükli şahyry Du Funuň hem heýkeliniň oturdylmagy bolsa medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň rowaçlanýandygyndan aýdyň nyşan boldy. Türkmenistanly ýaşlar Hytaýyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap bilim alýarlar. Şeýle hem ýurdumyzyň 

ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dili öwredilýär. 

     2024-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisinde HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň başlygynyň orunbasary Hao Minsziniň, şeýle-de Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyklar geçirildi. Şu ýylyň 29-njy martynda bolsa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şen Beili gatnaşdy. Bu maslahatyň çäklerinde haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň hanym Şen Beili bilen geçiren duşuşygynda hemaýata mätäç çagalary goldamak boýunça hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

     Türkmen wekiliýetiniň ýakynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan dostlukly we parlamentara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini görkezýär. Türkmenistan we Hytaý bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde uly işleri durmuşa geçirmek bilen, bu ugurda ählumumy başlangyçlary öňe sürýär. Munuň özi ýurtlarymyzyň ynsanperwer syýasatynyň ugurdaşdygyna şaýatlyk edýär. Iki dostlukly halkyň ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk babatda toplan baý tejribesi döwletara gatnaşyklaryň geljekde-de üstünlikli ösdürilmegine badalga berýär. 

     Halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerletmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, berk jan saglyk, Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda amala aşyrýan beýik işlerinde üstünlik, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň we bütin adamzadyň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýäris.