​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
15.05.2025

Esasy Kanunymyz — bagtymyz

 

     Halkymyzyň öz ykbalyny kesgitlemäge bolan mizemez hukuklaryna esaslanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzy pugtalandyrmak, raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek, döwletiň hukuk esaslaryny berkarar etmek Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiz: «Milli kanunçylygymyzy halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirýäris. Şunuň bilen birlikde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeleri hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak zerurdyr. Täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegi hem-de kanunlary yzygider kämilleşdirip durmagy häzirki döwrüň iň wajyp meseleleriniň biri diýip hasap edýärin» diýip nygtaýar. 

     Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň ilkinji Konstitusiýasynyň taslamasy Köneürgençde 1992-nji ýylyň maý aýynyň 14–15-ne geçirilen Ýaşulularyň III Maslahatynda ilkinji gezek okaldy. Türkmenistanyň ilkinji Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Aşgabat şäherinde kabul edildi. Onda halkymyzyň kalbynda beslän isleg-arzuwlary, Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwleti öz beýanyny tapýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasatynda, ykdysadyýetinde, medeniýetinde hukuk we halkara gatnaşyklaryň emele gelmegi netijesinde, olaryň kanuny we taryhy ähmiýete eýe bolandyklary sebäpli, Konstitusiýamyz kämilleşdirildi. Türkmenistanyň häzirki wagtda hereket edýän rejelenen görnüşli Konstitusiýasy 8 bölümden, 6 bapdan, 142 maddadan ybaratdyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy mizemez türkmen döwletiniň binýadyny berkidýän Esasy Kanundyr. Döwre görä kämilleşdirilýän, demokratik ýörelgelere esaslanýan hem-de degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesini öz içine alýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de üstünlikli ösmegini, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün edýär. 

     Esasy Kanunymyza görä her bir adamyň şahsy, syýasy-jemgyýetçilik, sosial-ykdysady konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga bolan hukuklary bardyr. Meselem, adamyň hukuklary we azatlyklary eldegrilmesizdir we olary adamyň elinden alyp bolmaz. Her bir adam dünýä inende şahsy mertebesi, erkinligi bilen dogulýar. Her bir adamyň ýaşamaga, azat ömür sürmäge, saglygyny gorap saklamaga, bilime we zähmete bolan hukuklary bardyr. Hukuklar bilen bir hatarda, onuň jemgyýetiň we döwletiň öňündäki borçlary hem kesgitlenýär. «Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan her bir adam Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, kanunlaryny berjaý etmäge we milli däp-dessurlaryny hormatlamaga borçludyr» diýlip bellenilýär. Konstitusiýamyzda berkidilen möhüm borçlaryň biri-de her bir raýatyň Watanymyzy goramaga bolan borjudyr. Türkmenistanyň raýatynyň harby borjuny ýerine ýetirmegi onuň halkyň hem-de ata Watanymyzyň öňündäki mukaddes borjudyr. 

     Döwlet baýdagymyz Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, asudalygyny we halkymyzyň öz ýurduna bolan buýsanjyny, mertebesini kepillendirýär. «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda 2018-nji ýyldan başlap, her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň  we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni utgaşykly bellenip geçilýär. Bu döwletlilikden we bagtyýarlykdan nyşandyr. 

     Goý, al-asmanda parlaýan ýaşyl Tugumyzyň astynda hemişe parahatçylyk höküm sürsün! Ata Watanymyzy röwşen geljege  alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!

 

Jeren GYLYÇMYRADOWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.