Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän ykdysady syýasaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň ygtybarly ösdürilmegine itergi berýär. Üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ösüşleriň belent basgançaklaryna çykmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Önümçilik kuwwatlyklaryna öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýokary görkezijileriň gazanylmagyna mümkinçilik berýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garagum pagta arassalaýjy kärhanamyzda-da işler şu günüň ýokary talabyna laýyklykda guralýar. Kärhanamyzda zähmetsöýer daýhanlarymyzyň päk zähmetinden kemala gelýän “ak altyny” gaýtadan işlemekde uly işler bitirilip, şu işleriň sazlaşykly guralmagynda ýetişdirilýän pagta hasylyndan gymmatly çig mal bolan süýüm almakda, onuň hiliniň ýokary bolmagynda gowy görkezijiler gazanylýar. Ýokary hilli pagta süýümi bolsa, ýurdumyzyň dokma senagatynyň kärhanalarynyň öndürijilikli işini üpjün edýär. Has takygy, pagta arassalaýjy kärhanalarda öndürilýän süýümden alynýan ýüplükler öňdebaryjy tehnologiýaly egirme-dokma fabriklerimizde ýokary hilli we bäsleşige ukyply taýýar önümleriň öndürilişini kepillendirýär.
Kärhanamyzyň bölümlerinde önümçiligiň tehnologiki düzgün-nyzamynyň talaplary berk berjaý edilýär. Önümiň hiliniň ýokary talaplara laýyklygy üpjün edilýär. Pagta arassalaýjy kärhanamyzyň zähmetsöýer işçileri hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy toýlanyljak ýyly zähmet ýeňişlerine beslemek maksady bilen döredijilikli zähmet çekýärler. Tutanýerli zähmet bolsa, ýeňşe ýetirýär.
Kerwen ZYRRYÝEW.
Garagum pagta arassalaýjy kärhanasynyň çig
mal we taýýar önümler bölüminiň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.