Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden ugur alyp ýöredýän parasatly daşary syýasaty rowaç alýar. Türkmenistanyň parahatçylygy, ählumumy howsuzlygy, ynanyşmagy üpjün etmek hem-de dürli ugurlarda halkara tagallalaryny birleşdirmek boýunça öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bitarap döwletimiziň halkara giňişligindäki adamzat bähbitli tagallalary uly üstünliklere beslenýär.
Zähmet ýeňişleri, taryhy wakalary bilen dabaralanýan üstümizdäki ýylda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy has-da giň gerime eýe bolup, parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde eýeleýän orny barha pugtalanýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi şanly ýylymyzyň möhüm wakasy boldy. Türkmen halky şanly wakanyň — Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýuna taýýarlyk görýär. Halkara derejesinde belleniljek bu senäniň dabarasy dünýä dolar.
Saparmyrat ÇARŞAKOW.
Türkmengala etrap alyjylar jemgyýetiniň ykdysatçysy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.