Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Eziz Diýarymyzda belent ruhubelentlik bilen giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ýurdumyzy täze taryhy ösüşlere alyp barýan beýik ýörelgeleriň baýramydyr. Bu şanly seneler halkymyzyň agzybirliginiň, döwlet gurluşymyzyň mizemezliginiň, döwletli Diýarymyzyň dünýäde eýeleýän mertebesiniň aýdyň nyşanydyr.
Türkmenistanyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýamyz — halkymyzyň erkinliginiň, mertebesiniň we hukuklarynyň kepilidir. Ol Garaşsyz döwletimiziň esasyny düzýän binýatlaýyn ýörelgeleri özünde jemläp, halk häkimiýetiniň dabaralanmagynyň konstitusion sütüni bolup çykyş edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ulgamlarda giň möçberli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek, döwrüň talabyna laýyk kanunlary işläp düzmek we kämilleşdirmek Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde duran möhüm wezipelerdir.
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň düýp manysyny hem aýdyň görkezýär. Türkmenistan halkara derejesinde parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde çykyş edip, içerki syýasatynda hem kanunyň ýokarylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle-de bu ýyl ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylýan döwrüne gabat gelýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi tarapyndan soňky döwürde kabul edilen täze kanunçylyk namalary we olara girizilen üýtgetmeler jemgyýetimiziň ösüşini üpjün etmäge, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklary has-da demokratik esasda guramaga gönükdirilendir. Hususan-da, täze konstitusion kadalaryň durmuşa geçirilmegi bilen adalatlylyk, deňlik we jemgyýetçilik jogapkärçiligi ýaly gymmatlyklar döwlet gurluşynyň binýatlaýyn esasyna öwrülýär.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bolsa halkymyzyň gahrymançylykly taryhynyň, şöhratly geçmişiniň, merdanalygynyň we ösüşlere bolan ynamynyň nyşanydyr. Bu baýram biziň üçin diňe bir döwlet nyşanlarynyň hormatlanýan güni bolman, eýsem, ata Watanymyza bolan söýginiň, halkymyz bilen döwletimiziň bitewüliginiň dabaralanmasydyr.
Ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, konstitusion ösüş ýolunda ynamly öňe gitmek biziň ähli agzybir tagallamyz bilen amala aşyrylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara giňişliginde durnuklylygyň we ynanyşmagyň ýurdy hökmünde tanalýar. Bu bolsa ýurdumyzyň öňünde täze mümkinçilikleri açýar, halkymyza asuda we abadan durmuşda ýaşamak üçin berk binýat döredýär.
Gadam HEMRAÝEW,
welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.