Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Bitaraplyk, berkararlyk we bagtyýarlyk ýaşaýşyň adamzada eçilen iň uly serpaýlarydyr. Ynsanyň parahat ýaşaýşy, jemgyýetiň we döwletiň ösüşi şu gymmatly düşünjeleriň esasynda amal bolýar. Türkmen Bitaraplygy halkymyzyň ynsanperwerliginiň we parahatçylyk söýüjilikli ýolunyň dünýä ykrar bolan nusgasydyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Türkmen halky üçin Bitaraplyk parahat ýaşaýyşdan, erkin zähmetden, sagdyn gurşawdan ybarat bolan we adama söýgi döredýän ähli ýörelgeleri rowaçlandyrýan gymmatlyk» diýip, jaýdar belläp geçýär.
Şol paýhasly sözlerdenem görnüşi ýaly, Bitaraplyk adama we onuň ýaşaýşyna hormat goýmak ýörelgesini wagyz edýän gymmatlykdyr, adamyň zähmet çekmegi we maksadyna ýetmegi üçin döredilen mümkinçilikdir, ilatyň asuda ýaşaýşyny, abadan geljegini kepillendirýän taglymatdyr.
Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasynda durýan, türkmen jemgyýetini we döwletini birleşdiriji, jebisleşdiriji guraldyr, halkara tagallalary utgaşdyrmaga gönükdirilen güýçdür. Ol dünýäniň ähli ýurtlary, halklary we halkara guramalar bilen döwrebap gatnaşyklary alyp barmaga esas bolýan syýasy ýörelgedir.
Taryh üçin gysga döwürde Türkmenistan umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, parahatçylygy üpjün etmek, Birleşen Milletler Guramasy hem-de beýleki halkara guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, bitaraplyk syýasatyny ýöretmek ýaly öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmek bilen, dünýäde uly abraýdan peýdalanýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi bitaraplyk syýasatynyň türkmen nusgasynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Geçen ýyllara nazar aýlasak, hemişelik Bitaraplyk biziň döwletimize hem-de halkymyza köp üstünlikleri bagyş etdi. Aziýanyň merjen şäheri hasaplanylýan Aşgabat hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýylynyň dowamynda parahatçylygyň, ylalaşygyň we dostlugyň hakyky merkezine öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini açmak baradaky çözgüdi kabul etmegi ählumumy parahatçylygy goldamakda dünýä bileleşiginiň başlangyçlaryny we maksatlaryny işjeň durmuşa geçirýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň halkara derejedäki abraýyny has-da artdyrdy.
Halkymyz özüniň ýagty geljegini hemişelik Bitaraplygymyz bilen berk baglanyşdyrýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlarda okgunly ösýän ýurt hökmünde tanalýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçilikleri parahatçylyk arkaly ösüşi gazanmagyň hatyrasyna gönükdirilýär. Biziň ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly dünýäniň abraýly guramalary bilen dürli ugurly hyzmatdaşlyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkara gatnaşyklarda giň mümkinçilikleri açýar. Bu dereje döwletimize dünýäniň islendik ýurdy bilen hoşniýetli goňşuçylykly, parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berýär.
Parahatçylyk hem-de birek-birege bolan ynam häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň möhüm şertleridir. Bu ugurda Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen umumadamzat ähmiýetli işleri yzygiderli durmuşa geçirmegini dowam edýär. Döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän teklipleriň hem-de başlangyçlaryň halklar we halkara guramalar tarapyndan goldanylmagy ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň uly ykrarnama eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», şeýle-de «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi döwletimiziň halkara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen ösdürmäge döredijilikli çemeleşýändiginiň, Bitaraplyk hukuk derejesini dünýä jemgyýetçiliginiň abadançylygyna we howpsuzlygyna gönükdirýändiginiň güwäsi boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäde döreýän gapma-garşylyklary parahatçylyk we özara düşünişmek arkaly çözmäge eýerýän kämil syýasy tejribäniň nusgasy hökmünde uly meşhurlyga eýe bolýar. Türkmen Bitaraplygy halkymyzyň saýlan aýdyň we adalatly ýoludyr.
Adalatlylygy, ynsanperwerligi we dost-doganlygy mizemez durmuş ýörelgesine öwrüp, döwletimizi we halkymyzy ösüşli menzillere ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Annabagt Maýewa,
welaýat Baş bilim müdirliginiň
mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden
daşary edaralar bölüminiň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.