​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
22.05.2025

ÇAGALARYŇ BAGTYÝARLYGYNYŇ BÄHBIDINE

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalmagy Arkadagly 

Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ynsanperwer döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Diýarymyzda ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan ägirt uly işleriň rowaçlyklara beslenmeginde Milli Liderimiziň başlangyjy bilen esaslandyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna möhüm orun degişlidir.

 

     Gaznanyň alyp barýan işiniň baş maksady çagalara ýardam bermek, olaryň hukuklaryny, bähbitlerini goramak boýunça maksatlaýyn, örän anyk maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge, olaryň saglygy üçin ähli zerur zatlar bilen 

üpjün etmäge gönükdirilendir. Haýyr-sahawatlylyk, ejize arka durmak, mätäji goldamak türkmen halkynyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan asylly ýörelgeleridir. Garaşsyz ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek ägirt uly haýyr-sahawat işlerini döwlet derejesinde yzygiderli alyp barmak babatda ýörite gaznanyň döredilmegi bilen, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek, olaryň saglygyny goramaga, bilim-terbiýe almagyna, jemgyýetde öz ornuny tapmagyna ýardam etmek, mümkinçiligi çäkli çagalara sagaldyş-dikeldiş bejergilerini almagynda hemaýat bermek ýaly ynsanperwer işleriň gerimi has giňedi. Gazna indi halkara derejede hem haýyr-sahawatlylyk, ynsanperwerlik ýaly ýörelgeleri, ruhy gymmatlyklary ilerledip, halklaryň arasynda parahatçylygy, dost-doganlygy, abadançylygy berkitmäge-de öz goşandyny goşýan düzüme öwrüldi.

      Haýyr-sahawat gaznasy ýaş nesillere diňe bir sagaldyş-dikeldiş bejergilerinde ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, olary döredijilige, sporta höweslendirmek, çagalaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinini ýüze çykarmak babatda-da asylly işleri alyp barýar. Munuň özi haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň giň gerimlidigini, belent maksatlara gönükdirilendigini görkezýär. 

    «Ýagşyny älem arzuwlar» diýlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçilikleri, alyp barýan netijeli işleriniň gerimi barha artýar, onuň ynsanperwer başlangyçlary halkara derejede ykrar edilip, gyzgyn goldaw tapýar. 

     Çagalar — durmuşyň gül-gunçalary, ynsan ömrüniň manysy, ýaşaýşyň dowamat-dowamlylygynyň nyşany. Çagalaryň bagtyýarlygy, geljegimiziň rowaçlygydyr. 

 

Aýgözel KUTLYÝEWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň 

deputaty.