Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Bagtly ýaşaýşyň hikmeti parahatçylykda, abadançylykda, adam ömrüniň manysy bolsa bitiren sahawatly işlerindedir. Ýekeje düýp agaç ekip bilen adamyň hem dünýä kitabyna adynyň ýazyljakdygyny aýdan şahyr, aslynda, ynsan oglunyň ähli sahawatly işlerini göz öňünde tutan bolmaly. Bu günki gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyrsahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işleri hem röwşen geljege gönükdirilen, ömürlere we döwürlere nusgalyk, tarypa mynasyp tagallalardyr.
Çagalary hemmetaraplaýyn üns-alada we mähir bilen gurşap almak halkymyza mahsus asylly ýörelgeleriň biridir. Ol häzirki zaman türkmen jemgyýetinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde has-da dabaralanýar. “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgeden ruhlanyp, tutuş ýurdumyz boýunça häzirki zaman mekdebe çenli çagalar edaralary hem-de orta mekdepler, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen döredijilik merkezleri, bedenterbiýe-sagaldyş we dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlary bina edildi, olaryň täzeleriniň gurluşyklary-da giň gerim bilen dowam etdirilýär. Şeýle merkezlerde çagalar saglygyny dikeldýärler, berkidýärler, döwrebap bilim alýarlar.
Ýurdumyzda çagalar dynç alyş merkezleriniň, oýun meýdançalarynyň, sport sagaldyş merkezleriniň gurluşygyna uly ähmiýet berilmegi raýatlary diýseň begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň çagalar hakyndaky atalyk aladalary netijesinde, Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Türkmenistan çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, eneligi hem-de çagalygy goldamak babatda BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, ýurdumyz dünýäde körpe raýatlar üçin has oňaýly durmuş şertlerini döretmek bilen bagly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşýän ýurt hökmünde ykrar edilýär.
Parahatçylygyň mekanyna öwrülen, ynsanperwer ýörelgelere berk ygrarly Türkmenistanda howandarlyga mätäç çagalara hemmetaraplaýyn kömek-goldawlar berilýär. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi-de munuň aýdyň güwäsidir. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, bu gazna Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Milli Liderimiziň çäksiz sahawaty bilen esaslandyrylan gaznanyň alyp barýan asylly işleri ynsanperwerligiň belent nusgasydyr. 2021-nji ýyldan bäri üstünlikli hereket edýän, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda işjeň hem köptaraplaýyn haýyr-sahawat işlerini alyp barýan gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýerli hünärmenleriň tagallasy bilen çylşyrymly, köp basgançakly hirurgiýa operasiýalary amala aşyrylýar. Dürli çylşyrymly ýürek operasiýasy, neýrohirurgiýa, ortopediki we kosmetiki hirurgiýa operasiýalary geçirilen çagalar häzirki wagtda durmuşyny doly
derejede işjeň dowam etdirip, deň-duşlarynyň arasynda özlerini rahat duýýarlar we Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.
Haýyr-sahawat gaznasy ýaş nesli hemmetaraplaýyn goldaýar. Bu babatda gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşigi hem aýdyň mysal hökmünde görkezip bileris. Mälim bolşy ýaly, 25-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglyk ýagdaýy, olaryň çeper döredijilige bolan ukyplaryny açyp görkezmek bilen baglanyşykly meseleler barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň zenan ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Şol duşuşykda sahawatly gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň guramaçylyk ýagdaýy we ony geçirmegiň ähmiýeti barada, şeýle hem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşik bilen bagly meseleler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
4 ýaşdan 11 ýaşa çenli çagalaryň arasynda yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly döredijilik bäsleşigi çagalaryň ukyp-başarnyklaryny açmaga gönükdirilip, onuň maksady ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmeginden, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, dünýägaraýşyny giňeltmekden, ruhy-ahlak häsiýetlerini kämilleşdirmekden, eserdeňlik, ünslülik, duýgurlyk, ýatkeşlik ýaly ukyplaryny berkitmekden hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda durmuşa geçirilýän işleriň gerimini has-da giňeltmekden ybarat boldy. Türkmen milli oýunlary, aýdym-saz we tans sungaty, surat çekmek we amaly-haşam sungaty ýaly ugurlary öz içine alan bu bäsleşik zehinli çagalaryň sungatda, medeniýetde, döredijilikde ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähmiýetli meýdança öwrüldi.
Gyzykly geçen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda baş baýraga mynasyp bolan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Halylmyrat Kakadurdyýewe Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, birinji orna mynasyp bolan Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäherindäki tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Umyt Rzagulyýewe, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Şanur Berdiýewe we Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Selbi Saparowa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, ikinji orny eýelän Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Umyt Töräýewe, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 5-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Ybraýym Täşliýewe we Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky Häkim Haýýamyň bilim toplumynyň 4-nji synp okuwçysy Helma Feizä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, bäsleşikde üçünji orna mynasyp bolan Aşgabadyň halkara mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Awani Rawada, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Zeýnep Orazmyradowa, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň 150 orunlyk çagalar bagynyň orta toparynyň körpesi Osmanbeg Aşyrgeldiýewe Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň gymmat bahaly sowgatlary, şeýle hem Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Mahlasy, ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Olaryň bilim almaga, saglygyny berkitmäge bolan hukuklary goralýar, berk berjaý edilýär, körpeleriň ruhy, aň-paýhas hem-de döredijilik babatynda ukyp-başarnyklaryny doly açmaklary üçin şertler üpjün edilýär. Nobatdaky döredijilik bäsleşigi hem munuň aýdyň mysaly boldy. Adamlaryň ykbalyna dahyllylyk, haýyr-sahawatlylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerde halkymyza görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän gaznanyň esaslandyrylanyna uzak wagt geçmedik hem bolsa, onuň öňde goýlan maksatlara we wezipelere ýetmek ugrunda amala aşyran işleri dünýä nusgalykdyr. Türkmen jemgyýetinde şeýle asylly işleri barha rowaçlandyrýan Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyşymyz egsilmezdir.
Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi geňeşiniň başlygy,
Mejlisiň deputaty.