Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Şany wakalary, tutumlary bilen taryha altyn harplar bilen ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görýär, ýurdumyzyň halkara abraýy has-da belende göterilip, ähli ugurlarda ýetilýän belent sepgitler bir-birine ulaşýar. Şeýle eşretli döwrüň her bir täze ýylynyň döwrebap şygaryň astynda geçmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde asylly däbe öwrülen ajaýyp aýratynlyklaryň biridir. Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegini hem şanly wakalaryň biri hökmünde görkezmek bolar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýüzüne ýaň saljak şanly sene – Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy dabaralanar. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň esasynda hem şu şanly sene durýandyr. Şeýle ilhalar çözgüde gelinmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgynyň esas edinilmegi her birimiziň buýsanjymyzy artdyrýan hakykatdyr. Milli Liderimiziň bu nusgalyk şygrynda hemişelik Bitaraplygymyzyň esasy maksadynyň, umumadamzat bähbidiniň ýokary çeperçilik bilen beýan edilýändigini nygtamak bolsa aýratyn ýakymlydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen ynsanperwer ýörelgeler ajaýyp zamanamyzyň bezegidir. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyryldy. Il-ýurt bähbidinden ugur alýan bu çözgüdi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylýan alkyş sözleri çäksizdir.
Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýän şeýle ajaýyp pursatlar bilen badalga alan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzdan gözbaş alýan parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgeleri deňhukukly halkara gatnaşyklaryň hem-de döwletimiziň okgunly ösüşiniň özeni, halkymyzyň abadan durmuşynyň kepili bolup dabaralanýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl –Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bolsa ýurdumyzyň Ýer ýüzündäki abraýynyň barha artýandygyny görkezýär. Türkmen Bitaraplygynyň dünýäde dabaralanmagyny gazanan, eziz Watanymyzy parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dost-doganlygyň mekanyna öwren Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda durmuşa geçirjek taryhy tutumlary rowaçlyklara beslensin!
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni.