​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
26.12.2024

GADYMY HEŇŇAMYŇ MÜDIMI OWAZY

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza ýapylan ajaýyp serpaý boldy. Kitapda halkymyzyň bäş müňýyllyk taryhynyň gözbaşynda duran Oguz hanyň kämil durmuş ýörelgeleriniň beýany bolan «Oguznamanyň» mazmuny açylyp görkezilýär. Ata-babalarymyzyň nesillerine goýan gymmatly mirasy bolan «Oguznamadaky» agzybirlik, öý-ojak mukaddesligi, adalatlylyk ýaly esasy ýörelgeler kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. 

Agzybirlik halkymyzyň döwletliliginiň gözbaşydyr, ilkinji durmuş ýörelgesidir, jemgyýetçilik kadasydyr. Agzybirlik Oguz hanyň öz kowumyna ündän baş ündewidir, nesihatydyr, nusgalyk göreldesidir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly kitabynda: «Oguz hanyň durmuşyndan söz açýan rowaýatlaryň esasy pikir-pelsepesi agzybirlikdir» diýip bellemek bilen, döwletiň berkararlygynyň, jemgyýetiň asudalygynyň, her bir öý-ojagyň, maşgalanyň bagtyýarlygynyň agzybirlikden gözbaş alýandygyna ünsi çekýär. 

Gahryman Arkadagymyz Oguz hanyň mizemez durmuş ýörelgeleriniň üsti bilen öý-ojak mukaddesligi barada hem söz açýar. Ynsanyň durmuşa, daş-töwerege bolan garaýşynyň, özgeler bilen gatnaşygynyň, gözelligine ymtylyşynyň örki baglanan mukaddes öýünden-ojagyndan başlanýandygyny jaýdar aýtgylara esaslanyp, çeper beýan edýär. Ähli ýakyn mähribanlarynyň jemlenen mesgeni bolan öý-ojagy her bir ynsana rahatlyk berýär, özüne bolan ynamyny berkidýär. 

Oguz han atamyzyň türkmen kowumyna goýan ruhy mirasy barada jikme-jik söz açýan «Gadymy heňňamyň aýdymy» diýen bölümde Gahryman Arkadagymyz «Oguznamada» öňe sürülýän Ogzuň adalatlylyk ýörelgesiniň ähmiýetini belleýär, şeýle-de häzirki döwürde Esasy Kanunymyzyň adalatly ýörelgeleriň synmaz sütünidigini buýsanç bilen nygtaýar. «Adalat jemgyýetiň berkligini alamatlandyrýan düşünjedir. Adalat bagtly ýaşaýşa eltýän iň dogry hem ygtybarly ýoldur» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyz adalatlylyk düşünjesini lebzihalallyk, dogruçyllyk, asyllylyk, göwnaçyklyk, mertlik ýaly häsiýetler bilen baglanyşdyrýar. Döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, dost-doganlygy berkitmekde, halklaryň jebisligini gazanmakda, dünýä jemgyýetçiliginiň howpsuzlygyny we abadançylygyny üpjün etmekde, ählumumy bähbitleri gazanmakda halkara derejede alnyp barylýan işlerde Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlary halkymyza mahsus ynsanperwerlik, adalatlylyk we ynsana hormat goýmak ýaly asylly ýörelgelere esaslanýar. 

Gadymy oguz ýörelgelerini, agzybirlik, adalatlylyk taglymatlaryny dünýäde dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri rowaç bolsun! 

 

Annabagt Maýewa, 

welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli terbiýe, 

bilim we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.