​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
26.12.2024

TOPRAK HASYLYNY EÇILENDE

 

Täze ýyl gapymyzy gowulyklar bilen kakyp dur. Biz eýýäm biri-birimize süýji arzuwlarymyzy aýdýarys, sowgatlarymyzy paýlaýarys. Iň gowy ýeri bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda önümleriň bolçulygynyň döredilmegidir. Gök önümlerdir miwelerden doly saçaklarymyz we bagtyýarlyk nuruna beslenýän öýlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döredilýän eşretli durmuşyň waspyny özünde jemleýär. 

Bu görnüşler ýurdumyzda ykdysady taýdan täze ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň önümçilige üstünlikli ornaşdyrylmagy netijesinde azyklyk we beýleki önümleriň, gündelik durmuş harytlarynyň bolçulygynyň dörändigine şaýatlyk edýär. 

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly goldawa eýe bolan türkmen daýhanynyň yhlasly zähmeti bilen oba hojalyk önümleriniň bolçulygy emele getirilýär. Üstümizdäki ýylda bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň döwletimiz tarapyndan satyn alyş bahasy ep-esli ýokarlandyryldy. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin döwletimiz tarapyndan goldawlaryň sanawy yzygiderli giňelýär. Şolaryň netijesinde şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak ýaly öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetilýändigini görýäris. Hut biziň welaýatymyzyň çäginde täze kärhanalaryň birnäçesi işe girizildi. Bu bolsa müňlerçe täze iş orunlarynyň döremegini üpjün etdi. 

Tamamlanyp barýan ýyl welaýatymyzyň ykdysady durmuşynda gök önümlerdir miweleriň has köp öndürilen ýyly hökmünde ýadymyzda galar. Daýhanlarymyz ýeralma ekilen ýerleriň her gektaryndan 140 sentnerden geçirip, hasyl ýygnadylar. Soganyň, pomidoryň her gektaryndan ýygnalan hasyl bolsa 250 sentnerden geçýär. Käşirden hem her gektara düşýän hasyl 180 sentnere barabar boldy. Çörek we çörek önümleri hem geçen ýyldakylardan has köp öndürildi. Bu bolçulygyň çeşmesi ak bugdaýyň ýeterli hasylynyň ýygnalmagy bilen baglanyşyklydyr. Şu ýylyň galla oragynda welaýatymyzyň zähmetsöýer gallaçylary 130 müň gektar meýdanda azyklyk bugdaýyň 310 müň tonnasyny ýygnadylar. Bu bolsa halkymyzyň esasy ýaşaýyş-durmuş ölçegleriniň biri bolan çörek we çörek önümlerine bolan islegini doly kanagatlandyrmak üçin ýeterlidir. Edermen şalyçylarymyz hem ildeşlerimiziň saçaklarynda tüwüden taýýarlanylýan tagamlaryň bolçulygyny üpjün etdiler. Olar 10200 gektar meýdanda şalynyň 47400 tonnadan gowrak hasylyny ýygnap, uly zähmet üstünligini gazandylar. Aralyk ekinleriň mäş, noýba we beýleki görnüşlerinden öndürilen önümler hem Täze ýyl saçaklarynyň tagamlaryny has baýlaşdyrýar. 

Hoşlaşýan ýylymyzda welaýatymyzyň işewürleri azyk bolçulygyny döretmäge has-da işjeň çekildiler. Olar tarapyndan ýyladyşhanalarda ýetişdirilen gök we bakja önümleri, maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynda öndürilen ýokary hilli önümler ildeşlerimiziň saçaklaryny ýylyň bütin dowamynda bezeýär. Bu önümler Täze ýyl tagamlarynyň hem üstüni ýetirýär. Welaýatymyzyň çäginde önüm bolçulygyna goşantlaryny goşýan daýhan hojalyklarydyr hususy kärhanalaryň sany bu gün barmak büküp sanardan köpeldi. Welaýatymyzyň ähli etraplary bilen bir hatarda Çärjew etrabynyň çäginde «Tebigy ekin» daýhan hojalygy, «Altyn bürgüt», «Atamyrat-Ali» hususy kärhanalary, «Parahat» daýhan birleşiginiň çägindäki guş etini we ýumurtga öndürýän guşçulyk toplumy we başga-da azyklyk önüm öndürýän hususy kärhanalaryň onlarçasy hereket edýär. 

 

Bahadur ŞADYÝEW, 

«Lebap gallaönümleri» önümçilik birleşiginiň 

Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşigindäki 

galla agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.