Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin zerur bolan ähli meseleler döwlet syýasatynda hemişe üns merkezinde saklanylýar. Häzirki taryhy döwrümizde döwletimiziň Garaşsyz bolmagy bilen ähli ugurlarda gazanylan üstünlikler mynasyp dowam etdirilýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda halkara guramalar we ösen döwletler bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyklar, toplanan tejribeler ulgamyň dünýä hil derejesine çykmagyny gazanmakda, ilatyň saglygyny goramak bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde, maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmekde özboluşly itergi boldy. 1995-nji ýylda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamy döwrebap derejä ýetirilip, ylmyň soňky gazananlarynyň we ösen tehnologiýalaryň hasabyna onuň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi. Ýurdumyzyň çar künjeginde saglyk maksatly döwrebap binalar gurlup, halkyň hyzmatyna berildi, ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary ýola goýuldy.
Hawa, Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şöhratly ýoly üstünliklere beslenip, ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamy hem uly ösüşleri başdan geçirýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ynsanperwer şygara eýerilýän jemgyýetimizde her bir raýatyň saglygy kanun esasynda goralýar. Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini we maşgalanyň abadançylygyny gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek ýaly işleriň ileri tutulmagy aýratyn buýsançlydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň barha giň gerime eýe bolmagy bolsa çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde ähli zerur tagallalaryň edilýändiginiň güwäsidir.
Geçen ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylmagy «Sagdyn nesil — sagdyn geljek» ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Operasiýalardan geçen, bejergi alýan çagalaryň arassa howaly deňiz kenarynda saglyklaryny berkitmegi üçin Awazanyň gözel künjeginde döredilen giň mümkinçilikler ýaş nesiller hakynda döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn alada edilýändiginiň güwäsidir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Häzirki döwürde çagalarymyzyň döwrebap bilim alyp, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilendir» diýen sözleriniň ajaýyp durmuş hakykaty bolup dabaralanýandygynyň kepilidir.
Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny goramak, saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak bilen bagly ulgamyň işgärleriniň öňünde goýýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde yhlasymyzy gaýgyrmarys.
Şemşat Mämiýewa,
Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçe
hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.