Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Mejlisi döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde, dostlugy we doganlygy pugtalandyrmakda parlament diplomatiýasynyň ornuna uly ähmiýet berýär. Parlamentleriň bilelikdäki işleri aýratyn ähmiýete eýe bolup, halkara gatnaşyklary gowulandyrmak, dünýä syýasatyndaky ynanyşmagy pugtalandyrmak halklaryň arasyndaky hormat goýmak gatnaşyklarynyň medeniýetini berkitmek üçin zerur şertleri döredýär. Bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Biziň döwletimiz üçin Hytaý — wagt synagyndan geçen, ygtybarly hyzmatdaş. Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklara tüýs ýürekden guwanýar we olara ýokary baha berýär» diýip belleýär. Hakykatdan-da, bu gün türkmen-hytaý gatnaşyklary birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, çuňňur ykdysady integrasiýa esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýar. Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy dürli ulgamdaky hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açýar. Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri, ýurtlarymyz dürli ulgamlary, şol sanda energetika, ulag, ýokary innowasion tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer we parlament ugurlary öz içine alýan hyzmatdaşlyklaryň ygtybarly binýadyny kemala getirdiler. Halkara düzümleriň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlarynyň yzygiderli goldanylmagy Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky çuňňur syýasy ynamy tassyklaýar. Taraplar ähli gapma-garşylyklaryň parahatçylykly ýollar arkaly çözülmegi ugrunda çykyş edip, dünýä gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini görkezýärler. Halkara giňişlikde döwletleri miz «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyryp, halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, parlamentleriň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek boýunça özara saparlary yzygiderli guraýarlar.
Ýurdumyzyň parlament wekiliýetiniň 2026-njy ýylyň 22 — 28-nji iýuny aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň deputatlary üçin guralan «Kanun çykaryjy edaralaryň ornuny ýokarlandyrmak we Hytaý — Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygyny berkitmek» atly okuw maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaýa amala aşyran iş sapary hem bu ugurda möhüm wakalaryň biri boldy.
Hususan-da, Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasary bilen geçirilen duşuşykda biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň öz gözbaşyny Beýik Ýüpek ýoly döwründen alyp gaýdýandygy aýratyn bellenildi we geljekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hereket edýän parlamentara dostluk toparlarynyň işini mundan beýläk-de güýçlendirmäge we ösdürmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Kanun çykaryjy edaralaryň ornuny ýokarlandyrmak we Hytaý — Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygyny berkitmek» atly okuw maslahatynyň çäklerinde sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, Hytaý Halk Respublikasynyň parlamentiniň işi, kanun çykaryjylyk tejribesi, dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ösüş meýillerini nazara almak bilen, ösüş strategiýalarynyň utgaşdyrylmagy we özara bähbitli hem-de inklýuziw ykdysady hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi boýunça çykyşlar diňlenildi.
Okuw maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri öz çykyşlarynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň iki döwletiň Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde özara hormat goýmak, ynanyşmak we deňhukuklylyk esasynda yzygiderli ösdürilýändigini, Türkmenistanyň Mejlisiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagy bilen gatnaşyklarynyň has-da çuňlaşdyrylýandygyny we sebit derejede yzygiderli guralýan çäreleriň, okuw maslahatlarynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy depginli ösdürmegiň täze çemeleşmelerini işläp düzmek üçin möhüm meýdança bolup durýandygyny nygtadylar. Amala aşyrylýan şeýle dostlukly saparlar parlament işiniň guralyşy bilen tanyşmaga, kanun çykaryjylyk işi boýunça öňdebaryjy tejribesiniň alşylmagyna, şeýle hem parlament diplomatiýasynyň çäklerinde alnyp barylýan işleri çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Umuman, geljege nazar aýlamak bilen, türkmen-hytaý parlament gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyny ynam bilen aýtmak bolar. Wagtyň synagyndan geçen bu gatnaşyklar Merkezi Aziýada durnuklylygyň wajyp şerti we umumy abadançylygyň bähbidine iki döwletiň netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň nusgasy bolup durýar.
Döredilen şeýle mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Jennet ÖWEKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.