​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
12.03.2026

TÜRKMENISTAN — ÝEWROPA BILELEŞIGI: PARLAMENTARA GATNAŞYKLARY IŞJEŇLEŞDIRIP

 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi 
bi­len hyz­matdaş­ly­gy gi­ňelt­mek ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler 
ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan 
ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Köp ýyl­la­ryň do­wamyn­da dür­li 
we­zi­pe­le­ri çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len ýö­ri­te tas­la­ma­la­ryň we 
mak­sat­nama­la­ryň, hu­su­san-da, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi — 
Türk­me­nis­tan bi­le­lik­dä­ki ko­mi­te­tiniň, par­la­men­ta­ra dia­lo­gyň, adam hu­kuk­la­ry bo­ýun­ça dia­lo­gyň, da­şa­ry sy­ýa­sat 
eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da­ky ge­ňeş­me­le­riň çäk­le­rin­de öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­lar ne­ti­je­li iler­le­dil­ýär.

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi we onuň dü­züm­leri, şol san­da Ýew­ro­pa 
Par­la­men­ti bi­len gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi yk­dysa­dy­ýet, 
eko­lo­gi­ýa, bi­lim, san­ly tehno­lo­gi­ýa­lar we beý­le­ki ugur­lar­da tejri­be 
alyş­mak ar­ka­ly hyz­mat­daş­ly­gyň hu­kuk esas­la­ry­ny ber­kit­mek we öza­ra dü­şü­niş­mek ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­mak bi­len, par­la­men­ta­ra dia­lo­gyň 
pug­talan­dy­ryl­ma­gyn­da wa­jyp orun eýe­le­ýär. Hut şu we­zi­pe­ler­den ugur al­nyp, go­laýda Brýus­sel şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Ýewro­pa Par­la­men­ti­niň 
bi­na­syn­da Türkme­nis­tan bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ara­syn­da ge­çi­ri­len 9-njy par­la­men­ta­ra du­şu­şyk hem öza­ra gat­na­şyk­la­ryň häzir­ki ýag­da­ýy­ny we hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hatlaş­mak­da ne­ti­je­li meý­dan­ça öw­rül­di. Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň we­kil­le­ri­niň Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­niň Mer­ke­zi Azi­ýa we Mon­go­li­ýa bi­len gat­na­şyk­lar bo­ýunça ýö­ri­te to­pa­ry­nyň baş­ly­gy Ju­zeppina Prin­çi­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky 
we­ki­li­ýet bi­len ge­çi­ren bu du­şu­şy­gy iş­jeň hä­siýe­te eýe bol­dy. Du­şu­şyk­da Türk­me­nista­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy 
ta­ra­pyn­dan üç gezek yk­rar edi­len we de­giş­li Ka­nun esasyn­da ber­ki­di­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na la­ýyk­lyk­da, hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ryna yg­rar­ly­dy­gy nyg­tal­dy. 

Mä­lim bol­şy ýa­ly, BMG Türk­me­nista­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça 
ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň hem-de üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi, pa­ra­hatçy­ly­gy we howp­suz­ly­gy, öza­ra ynanyş­ma­gy ga­zan­mak­da 
dia­lo­gyň, şeýle-de bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­si­niň äh­mi­ýe­ti ba­bat­da 
Ka­rar­na­ma­la­ryň en­çe­me­si­ni ka­bul et­di. Bu bol­sa de­giş­li ugur­larda 
hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň hu­kuk bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne ýar­dam et­di. Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­niň we­kil­leri öz çy­kyş­la­ryn­da Türk­me­nis­tan­da adam hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak we durmuş ke­pil­lik­le­ri­ni ber­kit­mek 
bo­ýun­ça we­zi­pe­le­riň iş­jeň hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni nyg­tap, ra­ýat­syz­ly­gyň 
so­ňu­na çykmak ba­bat­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler ba­ra­da du­rup geç­di­ler. Du­şu­şy­gyň dowa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len 
yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­sifi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak we ýo­ka­ry teh­no­logi­ýa­lar boýun­ça söw­da-ma­ýa go­ýum gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mek ug­run­da­ky tagal­la­la­ry­na hem üns çe­kil­di. 

Türk­me­nis­tan hä­zir­ki za­ma­nyň geoyk­dy­sa­dy 
şert­le­rin­de öz ener­geti­ka stra­te­gi­ýa­sy­ny, şol san­da ony hal­ka­ra ba­zar­da örän jo­gap­kär­çi­lik­li, oý­la­ny­şyk­ly esas­da ýo­la goý­ýar. Türkmen 
hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz şun­da baş mak­sa­dyň ener­ge­ti­ka akym­la­ry­ny oýlanyşykly di­wer­si­fi­ka­si­ýa et­mek­den we olaryň de­ňag­ram­ly esas­da saz­la­şy­gy­ny, howp­suz, yg­ty­bar­ly gör­nüş­de 
ibe­rilme­gi­ni üp­jün et­mek­den yba­rat­dy­gy­ny nyg­ta­ýar. Ýur­du­myz­da 
ulag-lo­gis­ti­ka pu­da­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe bo­lup, ol Türk­me­nis­ta­ny se­bit­leýin lo­gis­ti­ka
mer­ke­zi­ne öwür­mä­ge, eks­port-im­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň 
giňel­dil­me­gi­ne, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň di­wer­si­fika­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­ril­me­gi­ne, tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne hyz­mat ed­ýär. Türk­me­nis­tan 
Ýew­ro­pa Bi­lele­şi­gi bi­len se­na­gat pu­da­gy bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk­da 
hä­zir­ki za­man tehno­lo­gi­ýa­la­ry­na, eko­lo­gi­ýa howp­suzly­gy­na we 
in­no­wa­si­ýa­la­ra da­ýan­ýan önüm­çi­li­gi or­naş­dyr­ma­ga uly gy­zyklan­ma 
bil­dir­ýär. Bu hyz­mat­daş­lyk diňe bir yk­dy­sa­dy jä­het­den däl, eý­sem, uzak möh­let­le­ýin, dost­luk­ly, öza­ra bäh­bit­li, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün ed­ýän 
stra­te­gik ugur bo­lup çy­kyş ed­ýär. 

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ýur­du­myzyň ylym-bi­lim, me­de­ni-
yn­san­per­wer ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mäge yg­rar­ly­dy­gy, 
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň köp ýyl­lar­dan bä­ri ýur­du­myz­da durmu­şa geçirýän bi­lim tas­la­ma­la­ry­nyň we mak­sat­na­ma­la­ry­nyň ne­ti­je­li häsi­ýe­te eýe­di­gi aý­ra­tyn nyg­tal­dy. Olaryň ha­ta­ryn­da «TACIS-TEM­PUS», «ERAS­MUS-MUN­DUS», «DA­RYA» ýa­ly mak­sat­na­ma­lar bar. Ýewropa­nyň «Ho­ri­zon Eu­ro­pe», «Ma­rie Sklo­dowska-Curie Actions» mak­sat­na­ma­la­ry, Ýew­ro­pa Göz­leg ge­ňe­şi bi­len gat­naşyk­lar ylym-bi­lim hyz­mat­daş­ly­gy­ny ösdür­mek­de uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. «Ýa­şyl» ener­ge­ti­ka, ýa­pyk aý­la­ny­şyk­ly (sir­kul­ýar) yk­dy­sa­dy­ýet, ulag we daşky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri-de gel­je­gi uly ugur­la­ryň ha­ta­ry­na gir­ýär. BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­rada­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na we Pa­riž yla­la­şy­gy­na gat­na­şy­jy ýurt hökmün­de Türk­me­nis­tan hal­ka­ra res­mi­na­mala­ryň ka­da­la­ry­ny mil­li ka­nun­çy­ly­ga, döw­let maksatnamalaryna şeý­le hem daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak syýa­sa­ty­na iş­jeň or­naş­dyr­ýar. Şu nukdaý­na­zar­dan, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň we Germaniýanyň Hal­ka­ra hyz­matdaş­lyk bo­ýun­ça jem­gy­ýe­ti­niň (GIZ) maliýeleşdirmeginde «Türk­me­nis­ta­nyň «ýa­şyl» ösü­şi üçin Ýew­ro­pa Bile­le­şi­gi: 2024 — 2028-nji ýyl­lar üçin sy­ýa­sy dialog we ho­wa­nyň üýtge­me­gi bo­ýun­ça he­re­ket­ler» at­ly tas­la­ma­nyň äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­di. Mun­dan baş­ga-da, ýur­dumyz «Ýa­şyl» Mer­ke­zi Azi­ýa», «Mer­ke­zi Aziýa­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bagly tö­wek­gel­çi­lik­le­ri dolandyrmak» ýa­ly se­bit­le­ýin mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne iş­jeň gat­naş­ýar. 

Ýur­du­myz­da önüm­çi­lik işi­niň we daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň arasyn­da de­ňag­ram­ly­ly­gy ga­zan­mak bi­len bir ha­tar­da, önüm­çi­li­ge ekologi­k taý­dan howp­suz teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ryl­ýar. Di­ňe 2025-nji ýyl­da açy­lyp ula­n­ma­ga ber­len önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­nyň özide bu aýdylan­la­ra do­ly şa­ýat­lyk ed­ýär. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Aş­ga­ba­dyň demirgazy­gyn­da­ky ýer­li çig mal esa­syn­da iş­le­ýän, aý­na önüm­le­ri­ni öndür­ýän kär­ha­na, Bä­her­den ke­ra­mi­ka za­wo­dy, Türk­men­ba­şy­da­ky nebiti gaý­ta­dan işle­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň «Ke­nar» ne­bit önüm­le­ri­ni sak­la­ýan we ýük­le­ýän des­ga­syn­da döw­re­bap ne­bit ýük­le­ýiş du­ral­ga­sy, Esen­gu­ly et­ra­byn­da gün­de 20 müň kub metr suw aras­sa­la­ma­ga niýetlenen des­ga ýa­ly iri tas­la­ma­lar bo­lup, ola­ryň işi «ýa­şyl» ykdysadyýetň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýär. 

Ýur­du­myz­da ka­bul edi­len ka­nun­lar eko­lo­gi­ýa nuk­daý­na­za­ryn­dan çe­meleş­me­le­ri göz öňün­de tu­tup, bu ba­batda hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň konwen­si­ýala­ryn­da we res­mi­na­ma­la­ryn­da orun ta­pan baş­lan­gyç­la­ry hem öz içi­ne alýar. Mu­ňa «Te­bi­ga­ty go­ra­mak ha­kynda», «Eko­lo­gi­ýa seljerme­si ha­kyn­da», «At­mos­fe­ra ho­wa­sy­ny go­ra­mak hakyn­da», «Ekolo­gi­ýa howp­suz­ly­gy hakyn­da», «Eko­lo­gi­ýa au­di­ti ha­kyn­da» Türkme­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry­ny my­sal ge­tir­mek bo­lar. 

Brýus­sel­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra hyzmatdaşly­gy, yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry halka­ra hu­ku­gyň umu­my ykrar edi­len ka­da­la­ry­na hem-de «Bi­ta­rap Türk­menis­ta­nyň 
pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak sy­ýa­sa­ty­nyň hu­kuk esas­la­ry ha­kynda», «Adat­dan da­şa­ry ýag­daý­da halka­ra yn­san­per­wer kö­me­gi ha­kyn­da», «Ha­ýyr-sa­ha­wat işi ha­kyn­da» Türkme­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry­na la­ýyk­lyk­da mun­dan beý­läk-de iler­let­mä­ge taý­ýardy­gy nyg­tal­dy. 

Türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň we Belgi­ýa­nyň par­la­men­ta­ra dost­luk to­parla­ry­nyň agzalarynyň du­şu­şy­gy hem ge­çi­ri­lip, on­da ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk ul­gamyn­da öza­ra tej­ri­be alyşmagyň möhüm­di­gi bel­le­nil­di.

Türk­me­nis­tan­da al­nyp ba­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­lary we stra­te­gik äh­mi­ýe­ti Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Döw­let adam üçindir!» di­ýen pa­ra­sat­ly ýö­rel­ge­si­ne hem-de hor­mat­ly 
Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let diňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen sy­ýasy dokt­ri­na­sy­na la­ýyk­lyk­da, hal­ky­myzyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

 

Serdar ARAZOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady 

meseleler baradaky komitetiniň agzasy