The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

31.03.2026

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Jennet Seýdiýewanyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly: häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahatda eden çykyşy:

Выступление преподавателя Международной академии коневодства имени Аба Аннаева Дженнет Сейидовой на международной конференции под названием «Год «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов»: роль женщин в современном обществе»:

Speech by Jennet Seydiyeva, a teacher at the Aba Annayev International Equestrian Academy, at the conference «Independent Neutral Turkmenistan – the homeland of purposeful winged horses»: the role of women in modern society»:

 

– Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda zenan mertebesi has-da belende göterilip, mukaddeslige deňelýär. Türkmen jemgyýetinde zenanlaryň aýratyn ornunyň bolandygyny biziň şöhratly taryhymyz güwä geçýär. Geçmişde bedew ata atlanyp ýurt goramaga gatnaşan, dünýä ylmyna özüniň mynasyp goşandyny goşan halkymyzyň taryhynda öçmejek yz goýan meşhur zenan şahsyýetlerimiziň bolmagy bizi diýseň buýsandyrýar. 

Häzirki döwürde zenanlarymyz ýurdumyzyň ösüşlerine uly goşant goşmak bilen, özleriniň ukyp başarnyklaryny halal zähmete siňdirýärler. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyzyň düzüminde-de gyzlaryň bolmagy hem muňa aýdyň subutnama bolup durýar.

Men «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyndan gözbaş alan zähmet, durmuş ýolumy Arkadag şäherinde ýerleşýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şa gadamy bilen açylyp ulanylmaga berlen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda dowam edýärin. Akademiýada atşynaslyk hünäriniň dürli ugurlary boýunça gyzlaryň hem bilim almagy bizi begendirýär we buýsandyrýar. 

Türkmen halky üçin zenan waspy hemişe dillerde dessandyr. Zenan dünýäniň görküdir. Diňe zenan bilen bu barlyk many-mazmuna eýe bolýar. Sebäbi zenan – ene, zenan – mähriban uýa, zenan – wepasy bilen ojaklaryň agzybirligini gorap saklaýan maşgalanyň sütünidir.

– В эру возрождения новой эпохи могущественного государства, под мудрым руководством Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и нашего уважаемого Президента Героя Сердара, достоинство женщин в нашей стране поднялось на более высокий уровень и сравнивается со святыней. Наша славная история свидетельствует об особой роли женщин в туркменском обществе. Мы очень гордимся тем, что у нас есть известные женщины, которые в прошлом участвовали в защите страны верхом на лошадях, внесли достойный вклад в мировую науку и оставили неизгладимый след в истории нашего народа.

Сегодня наши женщины, внося огромный вклад в развитие нашей страны, вкладывают свои навыки и таланты в добросовестный труд. Ярким тому доказательством является присутствие девушек в составе нашей национальной сборной по конному спорту «Галкыныш», созданной благодаря усилиям нашего Героя Аркадага.

Мой трудовой и жизненный путь, начавшийся с группы национальных конных игр «Галкыныш», продолжается в Международной академии коневодства имени Аба Аннаева, открытой и введенной в эксплуатацию благодаря усилиям нашего  Аркадаглы Героя Сердара. Мы рады и гордимся тем, что в Академии девушки также обучаются по различным направлениям конного спорта.

Для туркменского народа всегда было свойственно восхваление женщин. Женщина – это красота мира. Только с женщиной это существование обретает смысл и содержание. Потому что женщина – это мать, женщина – это любящая сестра, опора семьи, которая своей преданностью сохраняет единство очага.

 

– During the new era of the Revival of  a new era of powerful state, under the wise leadership of our National Leader of the Turkmen people, Hero Arkadag, and our Esteemed President Arkadagly Hero Serdar, the dignity of women in our country is being raised to a higher level and is being compared to sacredness. Our glorious history testifies to the special role of women in Turkmen society. We are very proud of the fact that we have famous female figures who, in the past, participated in the defense of the country on horseback, made a worthy contribution to world science, and left an indelible mark on the history of our people.

Nowadays, our women are making a great contribution to the development of our country, putting their talents and abilities into honest work. The presence of girls in the composition of our national equestrian team «Galkynysh», which was created through the efforts of our Hero Arkadag, is a clear proof of this.

I continue my career and life path, which began with the        national equestrian games team «Galkynysh», International horse breeding Academy named after Aba Annayev, which was opened and put into operation thanks to the efforts of our Arkadagly Hero Serdar, located in the city of Arkadag. It makes us happy and proud that girls are also studying at the Academy in various areas of equestrianism.

For the Turkmen people, the praise of women has always been an epic in their languages. Women are the beauty of the world. Only with women does this existence acquire meaning and substance. Because women are mothers, women are loving sisters, and women are the pillars of the family, preserving the unity of the hearth with their devotion.