Türkmenistanyň Mejlisinde Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Günorta Afrika RespublikasynyňTürkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lungisani Dominik Ntombeladan Ynanç hatyny kabul etdi.
Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Günorta Afrika RespublikasynyňPrezidenti Matamela Siril Ramaposanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.
Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy berkitmek babatda öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň ähmiýetine üns çekildi.
Taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik gatnaşyklary döwrebap şertlerde ösdürmegiň, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, parlament ugurlarynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyklygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, kanunçykaryjylyk we parlament işi babatda birek-birek bilen tejribe alyşmakda, iki döwletiň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmakda, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Ilçi dünýä giňişliginde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen giňden tanalýan Türkmenistanda öz ýurdunyň adyndan wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.