The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

13.05.2026

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenanlaryň Dialogynyň forumynyň bölüminde türkmen wekiliýetiniň agzasy çykyş etdi

Член туркменской делегации выступила на секции форума Диалога женщин стран Центральной Азии и Республики Азербайджан

A member of the Turkmen delegation made a speech at the forum of the Dialogue of women of Central Asian countries and the Republic of Azerbaijan

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenanlaryň Dialogynyň «Ylymda zenanlaryň ýolbaşçylygy: häzirki zaman meseleleri, innowasion çözgütler we ylmy hyzmatdaşlyk» atly alym zenanlaryň forumynyň «Ylym we innowasiýalar arkaly sebitleýin ösüş: mümkinçilikler we geljekki öňegidişlikler» atly tema boýunça geçirilen bölüminiň işi ylym we innowasiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, zenanlaryň ylmy işjeňlige gatnaşygyny giňeltmäge, şeýle hem ylmy ösüşiň ileri tutulýan ugurlary boýunça anyk çemeleşmeleri we çözgütleri işläp düzmekde tejribe alyşmaga gönükdirildi. 

Çykyşlarda häzirki zaman jemgyýetiniň durnukly ösüşinde, ylymda, bilimde zenanlaryň tutýan ornunyň ýokarlanýandygy, olaryň innowasion tehnologiýalary işläp düzmekde, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde we düýpli ylmy barlaglary geçirmekde gazanýan ýokary netijeleriniň ähmiýeti bellenildi.

Mejlisiň wekili öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda zenanlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, ýurdumyzda türkmen zenanlarynyň ylmy işleri netijeli alyp barmaklary, sanly ulgam arkaly halkara ylmy jemgyýetçilik bilen tejribe alyşmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň şertleriň döredilýändigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanda zenanlaryň ylmy barlaglary geçirmek boýunça döredilýän mümkinçilikler we bu ugurda alnyp barylýan maksatnamalaýyn özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada nygtaldy.

Работа секции Форума учёных женщин Диалога женщин стран Центральной Азии и Республики Азербайджан «Руководство женщин в науке: вопросы современности, инновационные решения и научное сотрудничество» на тему «Региональное развитие путём науки и инноваций: возможности и будущее продвижение» была направлена на обмен опытом в развитии отношений сотрудничества в системе науки и инноваций, расширении участия женщин в научной активности,  а также в разработке конкретных подходов и решений по приоритетным направлениям научного развития.

В выступлениях было подчёркнуто, что повышается роль женщин в устойчивом развитии современного общества, науке, образовании, важность высоких результатов, достигаемых ими в разработке инновационных технологий, развитии цифровой экономики и проведении фундаментальных научных исследований.

Представитель Меджлиса в своём выступлении отметила, что под руководством нашего уважаемого Президента забота о женщинах является одним из основных направлений государственной политики, в нашей стране создаются широкие возможности для эффективного ведения научной работы туркменскими женщинами, обмена опытом с международной научной общественностью через цифровую систему, реализации совместных проектов. Также было подчёркнуто о возможностях, создаваемых в Туркменистане по проведению женщинами научных исследований, значении деятельности, проводимой по укреплению законодательной основы программных преобразований, проводимых в этом направлении.

The work of the section of the women scientists forum held on the theme «Regional development through science and innovation: opportunities and future progress» at the Dialogue of women of Central Asian countries and Azerbaijan Republic titled «Women’s leadership in science: contemporary issues, innovative solutions and scientific cooperation»was aimed at developing international cooperation in the field of science and innovation, expanding the participation of women in scientific activity, as well as exchanging experience in developing specific approaches and solutions in priority areas of scientific development.

The speeches emphasized the increasing role of women in the sustainable development of modern society, science and education, as well as their high achievements in developing innovative technologies, developing the digital economy and conducting fundamental scientific research.

In her speech, the representative of the Mejlis noted that under the leadership of our Esteemed President caring for women is one of the main directions of the state policy, and broad conditions are being created in our country for turkmen women to effectively conduct scientific work, exchange experience with the international scientific community through digital systems, and implement joint projects. And also was emphasized the opportunities created for women to conduct scientific research in Turkmenistan and the importance of the work being done to strengthen the legislative framework for program reforms in this area.