The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN

MEJLIS OF TURKMENISTAN

07.03.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Mejlisine berýän goldawlary, deputatlar üçin döredýän mümkinçilikleri netijesinde Mejlisde köpugurly işler durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirilip, ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilen işler ara alnyp maslahatlaşyldy we öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Maslahatda, hasabat döwründe Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, milli tejribeden we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek, migrasiýa, daşky gurşawy goramak, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, buhgalterçilik hasaba  alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen baglanyşykly we başga-da hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barlan işler barada pikir alşyldy.   

Şeýle hem welaýatlarda täze döredilen etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmekde saýlaw toparlaryna saýlaw kanunçylygyny düşündirmekde guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam berilýändigi bellenip geçildi.

Maslahatda halkara guramalar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek bilen bagly öňde durýan wezipelere üns çekildi. Çykyş edenler şu ýylyň  dowamynda meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň wajyplygyny nygtadylar. 

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ‒ bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň taryhy hem-de syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek, ýurdumyzda hereket edýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän çärelere, duşuşyklara, maslahatlara gatnaşmak we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek bilen baglanyşykly wezipeler Mejlisiň deputatlarynyň alyp barýan işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Maslahata gatnaşyjylar milli kanunçylygy döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy ynandyrdylar.