The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

07.08.2025

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde duşuşyk geçirildi

В Национальной туристической зоне «Аваза» состоялась встреча в рамках Третьей конференции ООН по развивающимся странам, не имеющим выхода к морю

A meeting was held in the National tourist zone «Avaza» within the framework of the Third UN Conference on landlocked developing countries

 

2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Alenka Suhadolnigiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda myhman şöhratly geçmişli, täze Galkynyş döwürli türkmen topragynda ýokary myhmansöýerlik däplerinde garşy alnandyklary üçin Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa sagbolsunlaryny aýtdy. Şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň we onuň çäginde geçirilen ugurdaş çäreleriň ýokary derejede guralmagy bilen mübärekledi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde ulag-logistika  ulgamynyň möhüm orun eýeleýändigi barada aýdyldy. Ýurdumyzyň milli Parlamentiniň ýolbaşçysy ulag-logistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek, bu ugurdaky kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň, Türkmenistanyň goşulan halkara resminamalarynyň we kabul edilen kanunlaryň ähmiýetini belledi. 

Taraplar iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň, şeýle hem söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, syýahatçylyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. 

Halkara gatnaşyklarda parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini dabaralandyryjy döwlet diýlip ykrar edilen Türkmenistanyň umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldaw tapýandygy nygtaldy. Iki ýurduň iri halkara guramalaryň çäklerinde hem birek-biregiň başlangyçlaryny goldap çykyş edýändiklerine, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe bolýandygyna üns çekildi. Özara bähbitli bu hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna ynanmalar beýan edildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelere, şol sanda parlament çärelerine Sloweniýa Respublikasynyň Parlamentiniň wekillerini gatnaşmaga çagyrdy.

 

 

 

 

 

 

7 августа 2025 года в Национальной туристической зоне «Aвaза» в рамках Третьей конференции Организации Объединённых Наций по развивающимся странам, не имеющим выхода к морю, была проведена встреча между Председателем Меджлиса Туркменистана Д.Гулмановой и Чрезвычайным и Полномочным Послом Республики Словения в Туркменистане госпожой Аленкой Сухадольник.

В ходе встречи гостья выразила благодарность Уважаемому Президенту Туркменистана Сердару Бердымухамедову и Национальному Лидеру туркменского народа, Председателю Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедову за оказанное тёплое гостеприимство на национальных традициях  на туркменской земле со славным прошлым, эпохой нового Возрождения. А также поздравила с организацией на высоком уровене  Третьей Конференции Организации Объединённых Наций  по развивающимся странам, не имеющим выхода к морю, и профильных мероприятий, проведённых в её рамках в Национальной туристической зоне «Аваза».

На встрече была отмечена важная роль транспортно-логистической сферы в развитии сотрудничества двух стран. Руководитель национального Парламента нашей страны отметила проводимую работу по модернизации, развитию транспортно-логистической системы, совершенствованию законодательства в этои направлении, а также значение международных документов к которым присоединился Туркменистан и принятых законов.

Стороны обменялись мнениями о перспективах дальнейшего развития межпарламентских связей двух стран, а также сотрудничества в торгово-экономической, культурно-гуманитарной и туристической сферах.

Было подчёркнуто, что Туркменистан, признанный государством, приверженным принципам миролюбия и позитивного Нейтралитета в международных отношениях, пользуется широкой поддержкой своих инициатив, имеющих общечеловеческое значение. Также было отмечено, что две страны поддерживают инициативы друг друга в рамках крупных международных организаций, а взаимовыгодное сотрудничество приобретает активный характер. Была выражена уверенность в дальнейшем укреплении взаимовыгодного сотрудничества.

Председатель Меджлиса Туркменистана пригласила представителей парламента Республики Словения принять участие в международных мероприятиях по случаю 30-летия постоянного Нейтралитета Туркменистана, отмечаемого в 2025 году – Международном году мира и доверия, в том числе в парламентских мероприятиях.

 

 

On August 7, 2025, in the National Tourist Zone «Avaza», a meeting was held between the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan D. Gulmanova and the Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the Republic of Slovenia to Turkmenistan Ms. Alenka Suhadolnik within the framework of the Third United Nations Conference on Landlocked Developing Countries.

During the meeting, the guest expressed gratitude to the Esteemed President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov and the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov for the warm hospitality shown in national traditions, on the turkmen land with a glorious past, an era of new Revival. And also congratulated on the high level of organization of the Third United Nations Conference on Landlocked Developing Countries and relevant events held within its framework in the National Tourist Zone «Avaza».

At the meeting was noted the important role of the transport and logistics sector in the development of cooperation between the two countries. The head of the national Parliament of our country noted the work being carried out on modernization, developing the transport and logistics system, improve legislation in this area, and also significance of international documents to which Turkmenistan has acceded and adopted laws.

The sides exchanged views on the prospects for further development of inter-parliamentary relations between the two countries, and also cooperation in the trade, economic, cultural, humanitarian and tourism spheres.

It was noted that Turkmenistan, recognized as a state committed to the principles of peace-loving and positive Neutrality in international relations, enjoys broad support for its initiatives of universal significance. It was noted that both countries support each other's initiatives within the framework of major international organizations, and mutually beneficial cooperation takes on an active character. Confidence was expressed in the further strengthening of mutually beneficial cooperation.

The Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan invited representatives of the parliament of the Republic of Slovenia to take part in international events on the occasion of the 30th anniversary of the permanent Neutrality of Turkmenistan, celebrated in 2025 – International Year of Peace and Trust, including parliamentary events.