The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

06.04.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy palatasynyň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi

Состоялась встреча Председателя Меджлиса Туркменистана с Председателем Законодательной палаты Олий Мажлиса Республики Узбекистан

The Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan met with the Chairman of the Legislative Chamber of the Oliy Majlis of the Republic of Uzbekistan

 

Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy palatasynyň Başlygy N.Ismoilow bilen duşuşygy boldy. 

Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy palatasynyň Başlygy N.Ismoilowy Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilýän Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasynyň üstünlikli başlanmagy bilen gutlady. Şeýle hem ýokary jogapkärçiligi talap edýän Parlamentara Bileleşigiň mejlisiniň we onuň çäklerindäki forumlaryň, gepleşikleri geçirmegiň parlament agzalarynyň işini kämilleşdirmäge we gün tertibinde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde tagallalary birleşdirmäge oňyn täsir edýändigini belledi. 

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň  «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy hem-de Özbegistan Respublikasynyň bu teklipleri goldandyklary we awtordaş bolup çykyş edendikleri üçin türkmen tarapy hoşallyk sözlerini beýan etdi hem-de Özbegistanyň Parlament wekiliýetini 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara çärelerine gatnaşmaga çagyryldy.

D.Gulmanowa Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy bilen parlamentara gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigini we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde, parlament diplomatiýasyny ösdürmekde we tejribe alyşmakda mümkinçilikleri artdyrýandygyny bellediler. 

 

В рамках 150-й юбилейной Ассамблеи Межпарламентского Союза состоялась встреча Председателя Меджлиса Туркменистана Д.Гулмановой с Председателем Законодательной палаты Олий Мажлиса Республики Узбекистан Н.Исмоиловым.

В ходе встречи Председатель Меджлиса Туркменистана Д.Гулманова поздравила Председателя Законодательной палаты Олий Мажлиса Республики Узбекистан Н.Исмоилова с успешным началом работы 150-й юбилейной Ассамблеи Межпарламентского Союза, которая проходит в городе Ташкенте, Республика Узбекистан. Также отметила, что проведение заседания Межпарламентского Союза и форумов в его рамках, требующих высокой ответственности, оказывает положительное влияние на совершенствование работы парламентариев и объединение усилий в выполнении задач повестки дня.

В ходе встречи была подчёркнута важность принятия по инициативе Туркменистана Резолюций Генеральной Ассамблеи Организации Объединённых Наций «2025 год –Международный год мира и доверия» и «Постоянный нейтралитет Туркменистана», туркменская сторона выразила признательность за поддержку и соавторство данных предложений Республикой Узбекистан и пригласила узбекскую парламентскую делегацию принять участие в международных мероприятиях в честь 30-летия постоянного нейтралитета Туркменистана, которые будут отмечаться в 2025– Международном году мира и доверия.

Д.Гулманова выразила уверенность, что встречи и переговоры в ходе визита в Республику Узбекистан будут способствовать дальнейшему укреплению двусторонних межпарламентских связей. Она также отметила, что Туркменистан даёт высокую оценку межпарламентским  отношениям с Республикой Узбекистан и готов к их дальнейшему развитию по всем направлениям.

В завершение беседы стороны отметили, что межпарламентский диалог стал важной частью углубления сотрудничества двух стран, а созданные на двусторонней основе группы межпарламентской дружбы расширяют возможности в законодательной работе, развитии парламентской дипломатии, обмене опытом.

 

Within the framework of the 150th anniversary Assembly of the Inter-parliamentary Union, a meeting took place between the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan and the Chairman of the Legislative Chamber of the Oliy Majlis of the Republic of Uzbekistan N.Ismoilov.

During the meeting, the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan D.Gulmanova congratulated the Chairman of the Legislative Chamber of the Oliy Majlis of the Republic of Uzbekistan N.Ismoilov on the successful start of the 150th Anniversary Assembly of the Inter-Parliamentary Union, which is taking place in Tashkent, Republic of Uzbekistan. Also noted that holding a meeting of the Inter-Parliamentary Union and forums within its framework, which require high responsibility, has a positive impact on improving the work of parliamentarians and uniting efforts in fulfilling the tasks on the agenda.

During the meeting, the importance of adopting, at the initiative of Turkmenistan, the Resolutions of the United Nations General Assembly «2025 – International Year of Peace and Trust» and «Permanent Neutrality of Turkmenistan» was emphasized and invited the Uzbek parliamentary delegation to take part in international events that will be held in our country in 2025 – the International Year of Peace and Trust in honor of the 30th anniversary of Turkmenistan’s permanent neutrality.

D.Gulmanova expressed confidence that meetings and negotiations during the visit to the Republic of Uzbekistan will contribute to further strengthening of bilateral inter-parliamentary relations. She also noted that Turkmenistan highly values inter-parliamentary relations with the Republic of Uzbekistan and is ready for their further development in all areas.

At the end of the conversation, the sides noted that the inter-parliamentary dialogue has become an important part of deepening cooperation between the two countries, and inter-parliamentary friendship groups created on a bilateral basis expand opportunities in legislative work, the development of parliamentary diplomacy and exchange of experience.