The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

GEŇEŞ — DÖWLETLILIKDEN NYŞAN

Merdan DOSMEDOW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty: 

—Döwlet Baştutanymyzyň binýadyny berkden goýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň geljekki rowaçlyklaryny we halkymyzyň eşretli durmuşyny nazarlaýan maksatnamalaýyn işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda ýurdumyzyň raýatlaryny Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda, şeýle-de Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Permanlara gol çekdi. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler, oňyn özgertmeler halkymyzyň bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilendir. Bularyň ählisiniň sakasynda bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bar. Arkadagly Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, şeýle hem ähli türkmen halkyny ýurdumyzda uludan bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýy bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn!

 

26.09.2023 Details

GARAŞSYZLYK BILEN GALKYNÝAR WATAN

Ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da ösüş­le­riň be­lent sepgitle­ri­ne ta­rap ynam­ly öňe bar­ýar. Ýur­du­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ni we hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün et­mek ug­runda öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler we gel­je­gi na­zar­la­ýan mak­sat­la­ry­myz bol­sa has-da ulu­dyr. Baş baý­ra­my­my­zyň – mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gymy­zyň 32 ýyl­lyk to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslaha­ty­nyň mej­li­si hem ge­çen dö­wür­de ga­za­nan üs­tün­likle­ri­mi­ze ba­ha ber­mek­de hem-de be­ýik gel­je­ge uza­ýan ýo­lu­myz­da­ky tä­ze maksat­la­ry­my­zy kes­git­le­mek­de örän uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dowam etdirilýän döwlet syýasatymyzda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni taýdan kuwwatlanmagy, halkymyzyň eşretli, asuda, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Bu üstünlikler Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan çuňňur oýlanyşykly özgertmeleriň ajaýyp miweleridir. 

Ýurdumyzyň özbaşdak ösüş ýolunda geçen taryhy menzilinde sport ulgamynda uly üstünlikler gazanylyp, jemgyýetimizde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi rowaçlandy. Bu ulgamyň kanunçylyk binýady berkidilip, iri möçberli häzirki zaman sport düzümlerini döretmek üçin uly maýa goýumlary özleşdirildi. Şonuň netijesinde ýurdumyzda ösen sport ulgamy kemala gelip, türgenlerimiz halkara arenasynda, yzygiderli ýeňişleri gazanmagy başarýarlar. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen iri halkara ýaryşlary, dünýä çempionatlary dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga, jemgyýetimize bedenterbiýäni we sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmaga, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny belende götermäge ýardam etdi. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň hem-de «Amul – Hazar» halkara awtorallisiniň üstünlikli geçirilmegi bilen, türkmen sportunyň taryhyny bezeýän şanly sahypalar ýazyldy. Ýurdumyzda şu ýyl geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionaty hem-de geljek ýyl guraljak Sambo boýunça dünýä birinjiligi Garaşsyz Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da artmagyny şertlendirer. 

Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri esasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýaşlara bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň ösüşini ilerletmek, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly möhüm ugurlarda öňde durýan derwaýys wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. 

Pederlerimiziň asyrlarboýy arzuwlan ýurt Garaşsyzlygymyzyň baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul ediljek çözgütlerdir kararlar halkymyzyň şu günki we geljekki durmuşyna oňyn täsirini ýetirip, döwlet berkararlygymyzyň esaslaryny has-da berkitmäge ýardam eder. Il-ulsumyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, Diýarymyzy rowaçlygyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW,

Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler par­ti­ýa­sy­nyň

  Ahal we­la­ýat ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, 

Mej­li­siň de­pu­ta­ty

23.09.2023 Details

MILLI DEMOKRATIÝANYŇ ROWAÇLYGY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

— Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň bellenil- ýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, bu mejlisde döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemini jemläris, şeýle hem häzirki talaplardan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys.

 

Gadymy halkymyzyň köp asyrdan bäri durmuşyň wajyp meselelerini halkyň içinden sylanýan, hormatlanýan adamlar bilen maslahatlaşyp, sala salyp çözendigi taryhdan mälimdir. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz öňden dowam edip gelýän bu däpleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy gurluşynyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrüp, ony zamana bap talaplar esasynda ösdürýär. Halk Maslahaty döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny, halkymyzyň ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine hem demokratik däplerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwletimizde eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak babatda öňe süren başlangyjynyň hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi bilen bagly meseleler hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki Karary hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek, onuň düzümini tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyny kabul etmek baradaky Karara gol çekmegi uly taryhy waka boldy.

Ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň esaslaryny kesgitleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar. Halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. Hemme wekilçilikli edaralaryň demokratik esasda saýlawlylygy halk bilen häkimiýetiň özara ynamynyň, jemgyýetiň, döwletiň işini dolandyrmaga gatnaşmak üçin raýatlaryň öz konstitusion hukuklaryny işjeň durmuşa geçirýändiginiň, raýat jemgyýetiniň yzygiderli kämilleşýändiginiň alamatydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda 2023-nji ýylyň 18-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde, döwletimiziň şanly Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyny guramaçylykly geçirmek barada degişli ýolbaşçylaryň öňünde anyk wezipeleri kesgitläp berdi. Şeýle-de «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Karara we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň Düzgünnamasyny hem-de onuň düzümini tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi. Karara laýyklykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Bu resminamanyň esasy maksady ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýerip, türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de çözgütleri kabul etmäge jemgyýetimiziň ygtyýarly wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, ähli üstünliklerimiziň we ýeňişlerimiziň girewi bolan agzybirligi, jebisligi has-da berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek wezipelerini çözmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň döwletlilik taglymaty adamzat jemgyýetiniň ösüşinde ýetilen sepgitleri we halkymyzyň taryhyny, milli mirasyny, häzirki zaman tejribesini hasaba almak we olary döwrümiziň nukdaýnazaryndan özleşdirmek esasynda işlenip düzülen ynsanperwer garaýyşlaryň ulgamydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegine gönükdirilen resminamanyň kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda özgertmeleriň durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýdyň şöhlelendirýär. Öňden gelýän däplere görä, Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda ählihalk maslahaty geçirilýär. Halk Maslahaty wekilçilikli edara bolup, onuň işi demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly mizemez ýörelgelere esaslanýar. Halkyň agzybirliginiň aýdyň ýüze çykmasyna öwrülen bu maslahatda halkyň bagtyýar geljegine gönükdirilen meseleleriň ençemesine garalar. Olara degişli pikir-garaýyşlar, teklipler orta atylar.

Halk Maslahatynyň esasy aýratynlygy, onda jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan bolan, dürli ýaşdaky, dürli kärdäki raýatlaryň öz pikir-garaýşyny beýan etmäge mümkinçiliginiň bardygydyr.

Hawa, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine sanlyja gün galdy. Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamak, olaryň şahsy we işjeň häsiýetlerini öwrenmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk usuly taýdan ýardam bermek boýunça işler alnyp baryldy. Munuň özi möhüm we jogapkärli wezipeleriň biridir. Çünki halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyna il içinde zähmeti, görüm-göreldesi bilen tapawutlanýan, sarpaly adamlar saýlanylmalydyr. Bu işde etrap, şäher, welaýat halk maslahatlaryna, ýurdumyzyň syýasy partiýalaryna, jemgyýetçilik birleşiklerine uly orun degişlidir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesini «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, rowaçlyklara beslenýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasaty täze menzilleri nazarlaýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda il-günümiziň, tutuş adamzadyň bagtyýar durmuş- da ýaşamagy, jemgyýetimiziň dünýä bilen sazlaşykly ösüşini üpjün etmek ugrunda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin.

Orazdurdy ABDYÝEW, Türkmenistanyň 

Mejlisiniň deputaty, 

mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

 

22.09.2023 Details

Arkadag şäheri — bagtyýar ýaşlaryň mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik gurluşygy bolan Arkadag şäheri ýurdumyzyň täze döwrüniň şamçyragydyr. Täze şäheriň «Arkadag» diýlip atlandyrylmagy il-günümiziň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza bolan belent söýgüsiniň dabaralanmasydyr. Şöhratly taryhy müňýyllyklara uzaýan türkmen halky gurmak, döretmek babatda dünýä özüni tanadan halkdyr. 

Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynyň owazasy dünýä doldy. Hormatly Prezidentimiz bu barada: «Köpetdagyň gözel künjeginde ak binalary lowurdap duran şäheriň peýda bolmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň gudratydyr» diýip belleýär. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk taslamasy esasynda döredilen döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri halkymyzyň kalplarynda buýsanç duýgularyny döredýär. Şeýle şatlykly günlerde Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň halk köpçüligine ýetirilmegi her birimiziň şatlygymyza şatlyk goşup, halkymyz üçin toý sowgadyna öwrüldi. 

Milli kanunçylygymyzyň esasy bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy adamdyr» diýlip bellenilmeginiň subutnamasyny, raýatlarymyz hakyndaky aladany bu şäherde döredilen oňaýly şertlerde hem görmek bolýar. Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýy 2023-nji ýylyň mart aýynda kabul edilen «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda kesgitlenilýär. Bu Kanunyň 1-nji maddasynda: «Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenilýär» diýilýär. 4 bapdan we 13 maddadan ybarat bolan bu Kanunda şäheriň çäginiň, ilatynyň, eýeçiliginiň, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň, kazyýet häkimiýetiniň hukuk ýagdaýy kesgitlenilýär. 

Şu ýylyň 16-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda täze şäheriň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilendigini hem belläp geçsek, ýerlikli bolar. Arkadag şäheri tutuşlygyna «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen, daş-töweregi ýaşyl zolaklara bürelen, energiýany tygşytlaýan enjamlar bilen üpjün edilen desgalardyr binalar, ekologiýa talaplar esasynda gurulýan «ýaşyl» şäherdir. Şäheriň ýol-ulag düzüminde ekologik taýdan arassa jemgyýetçilik ulaglary bolan elektrobuslar we elektrotaksiler hereket edýär. 

Arkadag şäheri öz tehniki we tehnologik häsiýeti boýunça tapawutlanýan, täze ölçeglere esaslanýan «akylly» şäheriň kämil nusgasydyr. Arkadag şäherinde döredilen ýaşyl zolaklar, ekilen baglar bu şäheriň görküne görk, gözelligine gözellik goşýar. Şäherde medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalar bilen birlikde, medeni-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi, owadan suw çüwdürimleriniň gurulmagy bu ýerde dynç almak üçin döredilen şertleriň biridir. Munuň özi täze şäheriň gurluşygynda ekologiýa talaplarynyň berk berjaý edilendiginiň, adamlaryň bagtyýar we uzak ömür sürmegi üçin arassa howa gurşawynyň döredilendiginiň mysalydyr. Arkadag şäheriniň gurluşyk taslamasynda göz öňünde tutulan özgertmeler — oňaýly ýaşaýyş şertleri, energiýa serişdeleriniň kadaly üpjünçiligi, häzirki zaman infrastrukturasy, IT ulgam, ulag, saglygy goraýyş, bilim ulgamy ýaly «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan desgalaryň möhüm pudaklarynyň arabaglanyşygyny üpjün edýär. Arkadag şäheriniň «akylly» şäherleriň hatarynda mynasyp orun aljakdygyna şek-şübhe ýok. 

Ýaşlar üçin şeýle ajaýyp şäheri gurduryp beren hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir. 

 

Nepes ROZYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy

22.09.2023 Details

MILLI DEMOKRATIÝANYŇ ROWAÇLYGY

Gadymy halkymyzyň köp asyrdan bäri durmuşyň wajyp meselelerini halkyň içinden sylanýan, hormatlanýan adamlar bilen maslahatlaşyp, sala salyp çözendigi taryhdan mälimdir. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz öňden dowam edip gelýän bu däpleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy gurluşynyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrüp, ony zamanabap talaplar esasynda ösdürýär. Halk Maslahaty döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny, halkymyzyň ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine hem demokratik däplerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwletimizde eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak babatda öňe süren başlangyjynyň hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi bilen bagly meseleler hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki Karary hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek, onuň düzümini tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyny kabul etmek baradaky Karara gol çekmegi uly taryhy waka boldy. 

Ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň esaslaryny kesgitleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar. Halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. Hemme wekilçilikli edaralaryň demokratik esasda saýlawlylygy halk bilen häkimiýetiň özara ynamynyň, jemgyýetiň, döwletiň işini dolandyrmaga gatnaşmak üçin raýatlaryň öz konstitusion hukuklaryny işjeň durmuşa geçirýändiginiň, raýat jemgyýetiniň yzygiderli kämilleşýändiginiň alamatydyr. 

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda 2023-nji ýylyň 18-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde, döwletimiziň şanly Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyny guramaçylykly geçirmek barada degişli ýolbaşçylaryň öňünde anyk wezipeleri kesgitläp berdi. Şeýle-de «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Karara we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň Düzgünnamasyny hem-de onuň düzümini tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi. Karara laýyklykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Bu resminamanyň esasy maksady ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýerip, türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de çözgütleri kabul etmäge jemgyýetimiziň ygtyýarly wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, ähli üstünliklerimiziň we ýeňişlerimiziň girewi bolan agzybirligi, jebisligi has-da berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek wezipelerini çözmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň döwletlilik taglymaty adamzat jemgyýetiniň ösüşinde ýetilen sepgitleri we halkymyzyň taryhyny, milli mirasyny, häzirki zaman tejribesini hasaba almak we olary döwrümiziň nukdaýnazaryndan özleşdirmek esasynda işlenip düzülen ynsanperwer garaýyşlaryň ulgamydyr. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegine gönükdirilen resminamanyň kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda özgertmeleriň durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýdyň şöhlelendirýär. Öňden gelýän däplere görä, Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda ählihalk maslahaty geçirilýär. Halk Maslahaty wekilçilikli edara bolup, onuň işi demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly mizemez ýörelgelere esaslanýar. Halkyň agzybirliginiň aýdyň ýüze çykmasyna öwrülen bu maslahatda halkyň bagtyýar geljegine gönükdirilen meseleleriň ençemesine garalar. Olara degişli pikir-garaýyşlar, teklipler orta atylar. 

Halk Maslahatynyň esasy aýratynlygy, onda jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan bolan, dürli ýaşdaky, dürli kärdäki raýatlaryň öz pikir-garaýşyny beýan etmäge mümkinçiliginiň bardygydyr. 

Hawa, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine sanlyja gün galdy. Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamak, olaryň şahsy we işjeň häsiýetlerini öwrenmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk usuly taýdan ýardam bermek boýunça işler alnyp baryldy. Munuň özi möhüm we jogapkärli wezipeleriň biridir. Çünki halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyna il içinde zähmeti, görüm-göreldesi bilen tapawutlanýan, sarpaly adamlar saýlanylmalydyr. Bu işde etrap, şäher, welaýat halk maslahatlaryna, ýurdumyzyň syýasy partiýalaryna, jemgyýetçilik birleşiklerine uly orun degişlidir. 

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesini «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, rowaçlyklara beslenýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasaty täze menzilleri nazarlaýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda il-günümiziň, tutuş adamzadyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, jemgyýetimiziň dünýä bilen sazlaşykly ösüşini üpjün etmek ugrunda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin. 

Orazdurdy ABDYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

 mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

22.09.2023 Details

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI — AJAÝYP ÖSÜŞLI GELJEGE TARAP MÖHÜM ÄDIM

Häzirki täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyzlygyň binýadyndaky esasy gymmatlyklaryň hatarynda halkymyzyň we Watanymyzyň birligi durýar. Halk özboluşly hereketlendiriji güýç hökmünde jemgyýetiň taryhyny goldap, onuň gönezligini şu güne ýetirip, täze döwrüň ösüş aýratynlyklary bilen baýlaşdyrýar. Halk öz tutanýerli zähmeti, egsilmez hyjuwy bilen jemgyýeti, şeýle hem döwleti kämilleşdirýär. 

Bil­şi­miz ýa­ly, «Ge­ňeş­li il­ - ýe­ňiş­li  il» di­ýen pä­him bar, ine, şu ýy­lyň 21­-nji ýan­wa­ryn­da Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alnyp, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklarynda iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp, umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerip, şeýle hem ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy­ - «Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. 

«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 1-nji maddasy Halk Maslahatyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän we Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara hökmünde kesgitledi. Halk Maslahaty Garaşsyzlyk ýyllarynyň bütin dowamynda halk bilen häkimiýetiň arasyndaky köpri, döwlet dolandyryşynyň ygtybarly guraly hökmünde dürli gurluşda hereket edip geldi. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kadalary halkara we milli tejribä laýyklykda sazlaşykly beýan edildi hem-de ata-babalarymyzyň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini geňeşip çözmek tejribesine eýermek bilen taryhy köklerimize daýanyldy. Konstitusion kanunda Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň baş maksadyna hem-de esasy wezipelerine döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini berkitmek hem-de döwletimiziň täze taryhy döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine we has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermegiň degişli bolup durýandygy kesgitlenildi. 

«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň milli döwlet gurluşynyň däpleýin sütünlerini kämilleşdirmekde, döwletimiziň, jemgyýetimiziň bähbitlerine halk häkimiýetini täze derejelere çykarmakda hem-de milli demokratik institutlar ulgamyny has-da berkitmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şahsyýet döwlet hyzmatdaşlygynyň täze sahypasyny açdy. Halkylyk Türkmenistan döwletiniň häsiýetli aýratynlygydyr, döwlet, jemgyýet, şahsyýet gatnaşyklarynyň bitewüliginiň beýanydyr. 

Bi­ziň döw­rü­miz­ - ta­ry­ha daýa­nyp, gel­je­giň giň göz­ýe­tim­le­ri­niň açyl­ýan za­ma­na­sy. Ata Watanymyz durmuş-ykdysady ösüşiň belentliklerine tarap batly depginde öňe barýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda iýul aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň möhüm ähmiýete eýe bolandygy aýratyn bellärliklidir. Bu döwletli mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň sentýabr aýynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly öňe süren başlangyçlary demokratik özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyrmak bilen, ýeneki ösüşleriň badalgasyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezidiumyň mejlisinde döwrüň talaplary bilen baglanyşykly ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ileri tutulýan wezipeler hakynda durup geçdi we döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan özgertmeler syýasatyny amala aşyrmaga ýardam bermekde esasy çärelere ünsi çekdi. 

Bu gün her bir adamyň, bütin halkymyzyň öňünde bir maksat, ýagny ata Watanymyzyň gülläp ösmegini, raýatlaryň abadan we bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek wezipesi durýar. Bütin halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän Halk Maslahaty halkyň jebisliginiň möhüm instituty bolup durýar. Adamlaryň döredijilik we gurujylyk kuwwatynyň ýokarlanmagynda Halk Maslahatyna uly orun degişlidir. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işine uly üstünlikleri arzuw edýäris! Döwletli maslahat oň bolsun! Ata Watanymyzda demokratiýany ösdürmekde, hukuk ulgamyny kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Jennet ÖWEKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky 

komitetiniň agzasy.

 

21.09.2023 Details

«DÖWLET DIŇE HALKY BILEN DÖWLETDIR!»

Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda ýöredip gelýän asylly ýörelgeleriniň naýbaşysy ýurt ähmiýetli, halk bähbitli meseleleri maslahatlaşyp, agzybirlikde çözmek dessurydyr. Halk Maslahatynyň mejlisi döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze gözýetimlerini açýar. 

Halk­ Mas­la­ha­ty­ny­ döw­let­li­lik­ ýo­ly,­ bag­ty­ýar­lyk­ ýo­ly­ ha­sap­ ed­ýän­ pähim­dar­ pe­der­le­ri­mi­ziň­ paý­has­ly ýol-ýö­rel­ge­le­rin­den, ­ýa­şu­ly­ nes­liň döw­rüň sy­na­gyn­dan­ ge­çen­ bu­ baý­ dur­muş­ tej­ribe­le­rin­den­­ giň­den­ peýdalan­ýan­ eziz ­Diýa­ry­myz­da­ her­ ýyl­da­ Halk­ Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ geçi­ri­lip,­ on­da­ ýur­du­myz­da­ ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len ­iş­le­re­ sel­jer­me ­ber­lip,­ eziz Wa­tany­my­zyň­ gel­jek­ki­ ösüş­le­ri­ni­ üp­jün­ ed­ýän ägirt­ uly­ iş­le­riň­ amal­ bolma­gy­na­ esas bol­ýan ­we­zi­pe­ler ­kes­git­le­nil­ýär.­ Ola­ry ­üstün­lik­li­ durmuşa ­ge­çir­me­giň ­ýol­la­ry ­açy­lyp gör­ke­zil­ýär.­ Arkadagly Serdarymyzyň­ ýurt başyna ­geçmegi ­bilen ­göz­ba­şy­ny­ asyr­la­ryň jümmüşin­den ­alyp­ gaýd­ýan­ mad­dy­ we­ ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­myz,­ nesiller­den ne­sil­le­re ge­çip­ gel­ýän ­be­ýik ­yn­san­per­wer­ däp­le­ri­miz do­wam­ et­di­ril­di.­ Döw­let­ we­ jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da­ hal­ky­my­zyň ­asyl­ly ýörel­ge­le­ri esa­syn­da ­döw­rüň­ de­mok­ra­ti­ýa­sy­nyň­ ka­dala­ry ­giň­den ýaýbaň­lan­dy­ryl­dy. 

Bu­ ta­ry­hy­ äh­mi­ýet­li­ mej­li­se­ ta­lyp­ ýaşla­ryň­ hem­ gat­naş­dy­ryl­ma­gy­ aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­na­ eýe­dir.­ «Ýaş­lar­ bi­ziň gel­je­gi­miz­dir!­ Gel­jek­de­ eziz­ Wa­ta­ny­myzyň­ ösü­şi,­ ga­zan­jak­ üs­tün­lik­le­ri­ we­ bü­tin dün­ýä­de­ halkara­ ab­ra­ýy­ ýaş­la­ra­ bag­lydyr»­ di­ýip, ­Milli­ Liderimiziň ­jaý­dar ­bel­leýşi ýa­ly,­ 30­ ýyl­lyk­ mak­sat­na­ma­nyň­ üs­tün­likli dur­mu­şa­ ge­çi­ril­me­gi­ ýaş­la­ra,­ ola­ryň­ tutan­ýer­li­ zäh­me­ti­ne,­ yh­la­sy­na­ bag­ly­dyr.­ Hä­zir­ki­ dö­wür­de­ islendik­ ýur­duň­ ösü­şi üçin­ dur­nuk­ly­lyk,­ pa­ra­hat­çy­lyk­ we­ ag­zybir­lik zerur­.­ Gahryman ­Arkadagymyz­ ta­rapyn­dan­ iş­le­ni­lip ­taýýarlanylan, Arkadagly Serdarymyz­ ta­ra­pyn­dan­ üs­tün­lik­li­ do­wam et­di­ril­ýän­ ýurdumy­zy­ mun­dan­ beý­läk-de ös­dür­mek­ ba­ra­da­ky­ mak­sat­na­ma­lar­da hem ­hä­zir­ki za­man ­şert­le­rin­de­ wa­jyp­ bo­lan şeý­le­ ýö­rel­ge­ler ­jem­len­ýär. Ola­ryň ­äh­li­si-de ata ­Wa­ta­ny­my­zyň­ yk­dy­sa­dy­ kuw­wa­ty­nyň bin­ýa­dyn­da­ döw­le­ti­mi­ziň,­ hal­ky­my­zyň,­ jem­gy­ýe­ti­mi­ziň,­ her­ bir­ ada­myň­ bäh­bit­leri­ne ­esas­lan­ýar.­ 

Döw­let,­ halk­ bäh­bit­li­ mak­sat­na­ma­lar­ uly öz­gert­me­le­re,­ buý­sanç­ly ösüş­le­re ­ba­dal­ga bo­lup, türk­men ­hal­ky­nyň­ bi­te­wi,­ Ga­raş­syz,­ ba­ky­ Bitarap,­ yk­dy­sa­dy­ taý­dan­ kuw­watly­ hem-de­ gül­läp­ ös­ýän­ döw­let­ baradaky kö­p a­syr­lyk­ ar­zuw­la­ry­nyň­ dur­mu­şa­ ge­çi­rilme­gi­ne­ ýar­dam­ edýär.­ Tä­ze­ eý­ýa­myň ­her bir­ gü­ni­ türk­me­nis­tan­ly­la­ryň­ eziz­ Watanymyzyň­ gül­läp­ ös­me­gi­niň­ bäh­bi­di­ne­ çekýän­ tu­tan­ýer­li­ we­ dörediji­lik­li­ zäh­me­tin­de ga­zan­ýan­ aja­ýyp ­üs­tün­lik­le­ri­ne ­bes­len­ýär. 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň 

durmuş syýasaty baradaky 

                                                           komitetiniň baş hünärmeni.

21.09.2023 Details

BÄHBITLI IŞLERIŇ SUBUTNAMASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Diýarymyzda Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işler yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Halkyň asuda, parahat, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin düýpli aladalar edilýär. Şeýle beýik maksatlar göz öňünde tutulyp, ata-babalarymyzyň “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýen ajaýyp jümlesinden ugur alnyp, ýylyň ýylyna mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi baradaky ileri tutulýan wezipeler girizilip, onda il-ýurt bähbitli kararlar kabul edilýär. 

Türkmenistanyň Halk Maslahaty Esasy Kanunymyza laýyklykda, hem-de umumy ykrar edilen demokratik ýörelgeleriň esasynda hereket edýän ýokary wekilçilikli edara bolup, döwürleriň we nesil dowamatynyň aýrylmaz özara baglanyşygyny, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň hakyky halk häkimiýetliliginiň gadymy däplerine, saýlanyp alnan döredijilik ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Merdana ata - babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýerip hem-de döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, Garaşsyz Watanymyzda ýetilen sepgitleri, halkymyzy agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanan üstünliklerimizi täze derejelere ýetirmek maksady bilen geçirilýän umumy milli bu forum geljekde türkmen halkynyň asuda, parahat durmuşyny üpjün eder. 

Arkadagly Serdarymyz ýurt başyna geçen gününden “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ajaýyp jümleleri ýöne ýerden öňe sürlen däldir. Bu ajaýyp setirler döwletiň gülläp ösmeginde halkyň goşandynyň uludygyny, halkymyz agzybir bolup, beýik işlere baş goşsa, döwletiň abraý-mertebesiniň artjakdygyny alamatlandyrýar. Şu günler ýene az wagtdan geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň baýramyna uly taýýarlyk görülýändigini, umumy milli forumda il-ýurt bähbitli Kararlaryň kabul ediljekdigini aýratyn bellemek gerek. Biz hem öz gezegimizde ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlere mynasyp goşandymyzy goşup, halkyň bähbidi üçin gönükdirilen uly başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy üçin jan aýaman zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.

 

 Allamyrat GURBANMYRADOW. 

Türkmengala etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 

müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

21.09.2023 Details

ROWAÇLYGA BESLENÝÄN IŞLER

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan ösüşiň täze belentliklerine barýar. Halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biri-de il-ýurt bähbitli wajyp meseleleri maslahatlaşyp çözmekdir. Bu biziň milli däp-dessurymyzdyr. Bu asylly ýörelge häzirki wagtda dowam edýär.

 

 

 

Döwleti dolandyrmakda demokratik, adalatly jemgyýeti gurmak boýunça köp asyrlyk milli ýörelgäniň dowam edýändigi guwandyryjydyr. Häzirki wagtda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlykly barylýar. Munuň özi biziň her birimizi buýsandyrýar hem-de durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmekde täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hem-de guramaçylykly geçirmek hakynda we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi hakynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararlaryna gol çekmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2023-nji ýylyn 24-nji sentýabrynda çagyrmak, ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek, guramaçylyk toparyny hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmek bellenildi. Halk Maslahatynyň bu mejlisiniň tutumly, döwletli, taryhy maslahat boljakdygyny ynamly aýtmak bolar. Muny ona ykjam taýýarlyk görmek boýunça bellenilen çäreler, alnyp barylýan işler doly tassyklaýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ykdysady wezipeleriň onyň çözgütlerini tapmak, bilim bermegiň. hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, saglygy goraýyş, derman senagaty pudagyny has- da ösdürmek, oba özgertmelerini işjeňleşdirmek, daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli alyp barmak möhüm wezipe hökmünde kesgitlendi. Hasabatlardyr maglumatlary seljermek, täze teklipleri hödürlemek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Halk Maslahaty halkyň bähbitleriniň goragçysy hökmünde öz ornuny barha berkidýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmek baradaky Kararyň kabul edilmegi bizi has-da buýsandyrdy. Ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgelere, däp-dessurlara laýyklykda, häzirki döwürde ýaşululara goýulýan hormat-sarpa barha dabaralanýar. Ýaşulularyň jemgyýetdäki ornunyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, olaryň döwlet durmuşyndaky möhüm çärelere işjeň çekilmegi ýurdumyzyň döredijilik kuwwatynyň artmagynda, ýaş nesilleriň watançylyk, agzybirlik, halallyk ruhunda terbiýelenmeginde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Biz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary hökmünde ilat arasynda taryhy özgertmeler bilen baglanyşykly wagyz-nesihat işlerini yzygiderli alyp barýarys.

Goý, mähriban halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Ogulşat DURDYMEDOWA.

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

20.09.2023 Details