The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN

MEJLIS OF TURKMENISTAN

19.11.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toragasy bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toragasy Marlen Mamataliýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. 

Taraplar köpasyrlyk taryhy, medeni we ruhy umumy kökler berk baglanyşdyrýan iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen, döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigini hem-de bu gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen berkitmäge we ösdürmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler. 

Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly orun degişlidir. Bu gatnaşyklaryň häzirki wagtda halklaryň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrmaga, döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga giň mümkinçilikleri döredýär. Iki ýurduň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda yzygiderli ösdürilýär.

Duşuşykda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň şu gezekki güýzki maslahatynyň ikitaraplaýyn hem-de sebitara hyzmatdaşlygyň täze sepgitlere çykmagyna oňyn täsir etjekdigine ynam bildirildi.

Duşuşygyň dowamynda halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak, kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmek, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, ýaş parlamentarileriň we zenan parlamentarileriň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, birek-biregiň çärelerine wekilleriň gatnaşmak, wekiliýetleriň saparlaryny guramak hem-de duşuşyklary geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alnyp maslahatlaşyldy. 