The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

17.11.2026

«ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekde parlamentleriň orny» atly üçünji Aşgabat maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi

Состоялась церемония открытия третьей Ашхабадской конференции «Роль парламентов в продвижении международного права в интересах диалога, доверия и безопасности на пространстве ОБСЕ»

The opening ceremony of the third Ashgabat conference on «The Role of Parliaments in Advancing International Law for Dialogue, Trust and Security in the OSCE area» was held

Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň bilelikde guran «ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekde parlamentleriň orny» atly üçünji Aşgabat maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Giň wekilçilikli bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti Mykyta Poturaýew, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Baş sekretary Roberto Montella, şeýle hem ÝHHG-niň Parlament Assambleýasyna agza ýurtlaryň parlament wekilleri, Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar we talyplar gatnaşdylar. 

Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk dörediji Bitaraplyk syýasatyny, halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilen umumadamzat ähmiýetli oňyn başlangyçlaryny, dünýä giňişliginde barha dabaralanýan parlament diplomatiýasyny giňden ýaýbaňlandyrmak maslahatyň esasy maksady bolup durýar.

Maslahatda edilen çykyşlarda Türkmenistanyň dialogy ösdürmekde, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde durmuşa geçirýän anyk tagallalarynyň we öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň dünýä döwletleri üçin nusgalyk bolup durýandygy aýdyldy.

 

Dünýägözel Gulmanowanyň – Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň çykyşy:

– Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen döwlet hökmünde Türkmenistanyň dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmek babatda uly tagallalary edýändigini aýratyn bellemek isleýärin.

Şunda dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek, dürli döwletleriň parlamentleri, halkara parlament guramalary we abraýly halkara guramalar bilen ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna gyşarnyksyz eýerip, sebitde we bütin dünýäde parahatçylygyň, dostlukly gatnaşyklaryň we durnukly ösüşiň tarapdary hem-de ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde yzygiderli çykyş edýär.

Halkara hukuk ulgamyny has-da berkitmek we umumadamzat bähbitlerine hyzmat etjek täze gurallary döretmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürmegi we Milletler Bileleşigi tarapyndan goldanylmagy bilen Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer döwlet syýasatyny dabaralandyrdy.

Türkmenistanyň halkara hukuk ulgamyny has-da berkitmek we bütin dünýäde hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişliginde parahatçylygy dabaralandyrmak ugrunda alyp barýan ynsanperwer işleri ählumumy dialogy we özara ynanyşmagy öňe sürýän nusgalyk ýörelgelerinden hem-de hemişelik Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan hem-de geljege gönükdirilen oňyn başlangyçlaryndan gözbaş alýar.

Ýurdumyzda parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň bähbidine Türkmenistanyň daşary syýasatynyň halkara hukuk esaslaryny berkitmek we hemişelik Bitaraplygyň amaly mümkinçiliklerini açmak boýunça çäreleriň bitewi döwlet ulgamyny emele getirmek maksady bilen, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli konsepsiýasynyň tassyklanylmagy döwletleriň we halklaryň arasynda özara ynanyşykly, netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermäge, derwaýys meseleleriň özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamakda syýasy-diplomatik gurallary ilerletmäge gönükdirilendir.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde guralan şu maslahatyň ýokary guramaçylykly derejede geçirilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip beren Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys. 

 

 

 

Mykyta Poturaýewiň – Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň prezidentiniň çykyşy: 

Men Assambleýanyň prezidenti hökmünde ilkinji iş saparymy uzak möhletleýin oňyn Bitaraplyk syýasaty, dialog, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk üçin tebigy meýdança bolup durýan şu gözel ýurda – Türkmenistana amala aşyrýandygyma aýratyn begenýärin.

Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy we Helsinki jemleýji namasy her bir döwletiň howpsuzlygy üçin möhüm bolan ýörelgeleri – özygtyýarly deňligi, çäk bitewüligini, güýç ulanmazlyk ýörelgesini, dawalary parahatçylykly ýollar bilen çözmegi we adam hukuklaryna hormat goýmagy kesgitleýär.

Parlamentariler hökmünde biziň jogapkärçiligimiz jarnamalary kabul etmek bilen çäklenmeýär. Biziň hemişelik wezipämiz – syýasy borçnamalary kanunçylyga, parlament gözegçiligine, amaly hyzmatdaşlyga we dowamly gatnaşyklara öwürmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty bu maslahata aýratyn ähmiýet berýär. Bitaraplyk dialog, ynam döretmek, araçylyk we umumy bähbitli çözgütleri gözlemek üçin gymmatly meýdançany üpjün edip biler. Güýçlenen gapma-garşylyk döwründe parlamentarileriň açyk, hormat goýujy we umumy ýörelgelere esaslanyp, aragatnaşyk saklamaklary üçin Aşgabat ýaly ýerler  has möhüm ähmiýete eýedir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek barada Kararnamanyň kabul edilmegine esas bolan başlangyjy üçin Türkmenistany buýsanç bilen gutlaýaryn.

Üçünji Aşgabat maslahatymyzyň umumadamzat bähbidine gönükdirilen tagallalara özüniň mynasyp parlament goşandyny goşjakdygyna ynanýaryn.

 

 

Roberto Montellanyň – Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Baş sekretarynyň çykyşy: 

– Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen ýola goýan netijeli we çalt ösýän hyzmatdaşlygymyzy bellemek isleýärin. 2023-nji ýylda Bitarap döwletleriň howpsuzlygy we dialogy öňe sürmekdäki orny barada pikir alyşmalar hökmünde başlanan işimiz sebitimiziň iň möhüm kynçylyklaryny çözmek üçin parlamentarileri, hünärmenleri we halkara guramalaryň wekillerini bir ýere jemleýän yzygiderli meýdança öwrüldi. 

Şu günki duşuşygymyz Aşgabat maslahatynyň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň çäginde mazmunly dialog we hyzmatdaşlyk üçin tanalýan meýdança öwrülendiginiň ýene bir subutnamasydyr. 

Şeýle hem bu maslahat ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň işinde Merkezi Aziýanyň artýan ähmiýetini görkezýär. Aşgabat maslahaty sebitiň we ondan daşardaky ýurtlaryň parlamentarilerini bir ýere jemlemek bilen, Merkezi Aziýanyň garaýyşlarynyň biziň umumy howpsuzlyk, ekologik we ykdysady gün tertibimizde doly beýan edilmegini üpjün etmäge kömek edýär. 

Dawalary parahatçylykly ýollar bilen çözmek, daşky gurşaw howpsuzlygy we heläkçilikleriň, tehnologiýalaryň döredýän kynçylyklarynyň öňüni alyş çäreleri öňdengörüjiligi, netijeli guramalary we dowamly hyzmatdaşlygy talap edýär. 

Şu günki Aşgabat maslahaty hem özara pikir alyşmalardan başga-da, hyzmatdaşlygy guramaga, kanunçylyk tejribesini alyşmaga we Assambleýanyň işinde dowam etdirilip bilinjek amaly pikirleri kesgitlemäge mümkinçilik döredýär. 

Состоялась церемония открытия третьей Ашхабадской конференции «Роль парламентов в продвижении международного права в интересах диалога, доверия и безопасности на пространстве ОБСЕ», организованной совместно Меджлисом Туркменистана и Парламентской ассамблеей Организации по безопасности и сотрудничеству в Европе.

В этом широко представительном мероприятии приняли участие Председатель Меджлиса Туркменистана Д.Гулманова, Президент Парламентской ассамблеи ОБСЕ Микита Потураев, Генеральный секретарь Парламентской ассамблеи ОБСЕ Роберто Монтелла, а также представители парламентов стран членов Парламентской ассамблеи ОБСЕ, депутаты Меджлиса, представители средств массовой информации, профессор ско-преподавательского состава и студенты.

Основной целью конференции является широкое распространение миротворческой политики нейтралитета, проводимой Туркменистаном, позитивных инициатив общечеловеческого значения, направленных на повышение роли международного права, и всё более успешной парламентской дипломатии на мировой арене.

В выступлениях на конференции было подчёркнуто, что реализуемые конкретные усилия Туркменистана и позитивные инициативы по развитию диалога, обеспечению глобальной безопасности и устойчивому развитию являются примером для государств мира.

 

Выступление Дуньягозель Гулмановой – Председателя Меджлиса Туркменистана:

– Хотелось бы отметить, что Туркменистан, в качестве государства, правовой статус нейтралитета которого трижды признан Резолюциями Организации Объединённых Наций, прилагает большие усилия для продвижения международного права в интересах диалога, доверия и безопасности.

В этой связи к важным направлениям государственной политики нашей страны относятся развитие двусторонних и многосторонних отношений с государствами мира, укрепление регионального и международного сотрудничества с парламентами различных стран, международными парламентскими и авторитетными международными организациями в интересах всеобщего благополучия.

Туркменистан, неуклонно придерживаясь своего правового статуса постоянного нейтралитета, последовательно выступает в качестве сторонника и надёжного партнёра в деле мира, дружественных отношений и устойчивого развития в регионе и во всём мире.

В целях дальнейшего укрепления международной правовой системы и создания новых инструментов, которые будут служить интересам человечества, инициатива, выдвинутая нашим уважаемым Президентом Сердаром Бердымухамедовым на 80-й сессии Генеральной Ассамблеи Организации Объединённых Наций об объявлении 2028 года «Годом международного права», и принятие соответствующей Резолюции Организацией Объединённых Наций прославили миролюбивую, гуманитарную государственную политику нашей страны.

Гуманитарная деятельность Туркменистана, проводимая в направлении дальнейшего укрепления международной правовой системы и оторжествления мира во всём мире и в регионе ОБСЕ, основана на образцовых принципах, способствующих глобальному диалогу и взаимному доверию, а также на позитивных и перспективных инициативах, базирующихся на политике постоянного нейтралитета.

В целях формирования единой государственной системы мер по укреплению международной правовой основы внешней политики Туркменистана и открытия практических возможностей для обеспечения постоянного нейтралитета в интересах мира, безопасности, доверия и устойчивого развития страны, принятие национальной концепции «Международное право и нейтралитет Туркменистана» направлено на содействие развитию взаимодоверительных и эффективных отношений между государствами и народами, а также на совершенствование политико-дипломатических инструментов для выработки взаимоприемлемых решений актуальных проблем.

Выражаем огромную признательность уважаемому Президенту Сердару Бердымухамедову и Национальному Лидеру туркменского народа Герою-Аркадагу, создавшим широкие возможности для проведения этой конференции на высоком организационном уровне, организованной совместно с Парламентской ассамблеей Организации по безопасности и сотрудничеству в Европе. 

 

 

Выступление Микиты Потураева – Президента Парламентской ассамблеи Организации по безопасности и сотрудничеству в Европе: 

Я особенно рад совершить свой первый рабочий визит в качестве Президента Ассамблеи в эту прекрасную страну – Туркменистан, которая является естественной площадкой для долгосрочной позитивной политики нейтралитета, диалога, взаимопонимания и сотрудничества.

Устав Организации Объединённых Наций и Хельсинкский заключительный акт устанавливают принципы, имеющие важнейшее значение для безопасности каждого государства – суверенное равенство, территориальная целостность, принцип неприменения силы, мирное урегулирование споров и уважение прав человека.

В качестве парламентариев, наша ответственность не ограничивается принятием резолюций. Наша постоянная задача заключается в том, чтобы претворять политические обязательства в законодательство, парламентский надзор, практическое сотрудничество и прочные отношения.

Политика позитивного нейтралитета Туркменистана придаёт особое значение данной конференции. Нейтралитет может стать ценной платформой для диалога, укрепления доверия, посредничества и поиска взаимовыгодных решений. В периоды обострения конфликтов такие места, как Ашхабад, приобретают всё более важное значение для парламентариев в поддержании открытой, уважительной и основанной на общих принципах связи.

Я с гордостью поздравляю Туркменистан с инициативой, ставшей основой для принятия Генеральной Ассамблеей Организации Объединённых Наций Резолюции об объявлении 2028 года «Годом международного права».

Я уверен, что наша третья Ашахабадская конференция внесёт достойный парламентский вклад в усилия, направленные на общее благо человечества.

 

 

Выступление Роберто Монтеллы – Генерального секретаря Парламентской ассамблеи Организации по безопасности и сотрудничеству в Европе:

– Хотелось бы отметить наше плодотворное и быстро развивающееся сотрудничество, установленное с Туркменистаном в последние годы. То, что началось в 2023 году как обсуждение роли нейтральных государств в обеспечении безопасности и диалоге, превратилось в последовательную площадку, объединяющую парламентариев, экспертов и представителей международных организаций для решения наиболее актуальных проблем нашего региона.

Наша сегодняшняя встреча является ещё одним подтверждением того, что Ашхабадская конференция стала узнаваемой платформой для содержательного диалога и сотрудничества в рамках Парламентской ассамблеи ОБСЕ.

Конференция также отражает растущее значение Центральной Азии в деятельности Парламентской ассамблеи ОБСЕ. Объединяя парламентариев из региона и за его пределами, Ашхабадская конференция помогает обеспечить полное отражение взглядов Центральной Азии в нашей общей повестке дня в области безопасности, охраны окружающей среды и экономики.

Мирное разрешение споров, экологическая безопасность и предотвращение катастроф, технологических вызовов требуют дальновидности, эффективных организаций и постоянного сотрудничества. Парламенты имеют важную роль в обеспечении создания, поддержания и укрепления этих механизмов до того, как проблемы перерастут в кризисы.

Сегодняшняя Ашхабадская конференция, помимо обмена мнениями, также предоставляет возможность организовать сотрудничество, обменяться законодательным опытом и определить практические идеи, которые могут быть продолжены в деятельности Ассамблеи.

The opening ceremony of the third Ashgabat conference entitled «The Role of Parliaments in Advancing International Law for Dialogue, Trust and Security in the OSCE area» jointly organized by the Mejlis of Turkmenistan and the Parliamentary Assembly of the Organization for Security and Co-operation in Europe was held.

This wide representative event was attended by the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan D.Gulmanova, the President of the OSCE Parliamentary Assembly Mykyta Poturaiev, the Secretary General of the OSCE Parliamentary Assembly Roberto Montella, as well as parliamentarians of the OSCE Parliamentary Assembly member states, members of the Mejlis, representatives of our country's mass media, professors and students.

The main goal of the conference is to widely expand Turkmenistan's peace-making policy of Neutrality, its positive initiatives of universal significance aimed at enhancing the role of international law, and the increasingly successful parliamentary diplomacy in the global arena.

In the speeches at the conference was emphasized that Turkmenistan's concrete efforts and positive initiatives to promote dialogue, global security, and sustainable development are an example for countries around the world.

 

Speech by Dunyagozel Gulmanova – Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan:

– I would like to emphasize that Turkmenistan as a state whose legal status of Neutrality has been recognized three times by United Nations Resolutions, has made great efforts to promote international law in the interests of dialogue, trust, and security.

In this regard, developing bilateral and multilateral relations with countries around the world, strengthening regional and international cooperation with parliaments of various countries, international parliamentary organizations, and authoritative international organizations in the interests of common well-being are among the important directions of our country's state policy.

Turkmenistan, steadfastly adhering to its legal status of permanent Neutrality, consistently acts as a supporter and reliable partner for peace, friendly relations, and sustainable development in the region and around the world.

In order to further strengthen the international legal system and create new tools that will serve the interests of humanity, the initiative put forward by our Esteemed President Serdar Berdimuhamedov at the 80th session of the United Nations General Assembly to declare 2028 the «Year of International Law» and the adoption of the Resolution, supported by the United Nations, glorified our country's peace-loving, humanitarian state policy.

Turkmenistan's humanitarian work to further strengthen the international legal system and promote peace throughout the world and within the OSCE region is rooted in exemplary principles that promote global dialogue and mutual trust, as well as positive and forward-looking initiatives based on a policy of permanent neutrality.

In order to form a unified state system of measures to strengthen the international legal foundations of Turkmenistan's foreign policy and open up practical opportunities for permanent neutrality in the interests of peace, security, trust and sustainable development in the country, the approval of the national concept «International Law and Neutrality of Turkmenistan» is aimed at promoting the development of mutually trusting, effective relations between states and peoples, and improving political and diplomatic tools for developing mutually acceptable solutions to urgent issues.

We would like to express our gratitude to our Esteemed President Serdar Berdimuhamedov and to our National Leader of the Turkmen people Hero-Arkadag, for creation ample opportunities for holding this conference, organized jointly with the Parliamentary Assembly of the Organization for Security and Cooperation in Europe at a high organizational level. 

 

Speech by Mykyta Poturaiev – the President of the Parliamentary Assembly of the Organization for Security and Co-operation in Europe: 

I am particularly pleased to be making my first working visit as President of the Assembly to this beautiful country – Turkmenistan, which is a natural platform for a long-term positive policy of Neutrality, dialogue, mutual understanding and cooperation.

The Charter of the United Nations and the Helsinki Final Act establish principles that are essential to the security of every state – sovereign equality, territorial integrity, the principle of non-use of force, the peaceful settlement of disputes, and respect for human rights.

As parliamentarians, our responsibility is not limited to adopting resolutions. Our ongoing mission is to translate political commitments into legislation, parliamentary oversight, practical cooperation, and lasting relationships.

Turkmenistan’s policy of positive Neutrality places particular emphasis on this consultation. Neutrality can provide a valuable platform for dialogue, confidence-building, mediation, and the search for mutually beneficial solutions. In times of heightened conflict, places like Ashgabat are increasingly important for parliamentarians to engage in open, respectful, and principled dialogue.

I proudly congratulate Turkmenistan on its initiative, which led to the adoption of a Resolution by the United Nations General Assembly to declare 2028 the «International Year of Law».

I am confident that our Third Ashgabat Conference will make a worthy parliamentary contribution to efforts aimed at the common good of humanity.

 

 

 

Speech by Roberto Montella – Secretary General of the Parliamentary Assembly of the Organization for Security and Co-operation in Europe:

 

– I would like to highlight the fruitful and rapidly developing cooperation we have established with Turkmenistan in recent years. What began as a discussion on the role of Neutral states in promoting security and dialogue in 2023 has become a regular platform that brings together parliamentarians, experts, and representatives of international organizations to address the most pressing challenges of our region.

Our meeting today is further evidence that the Ashgabat conference has become a recognized platform for meaningful dialogue and cooperation within the framework of the OSCE Parliamentary Assembly.

The conference also reflects the growing importance of Central Asia in the work of the OSCE Parliamentary Assembly. By bringing together parliamentarians from the region and beyond, the Ashgabat conference helps ensure that Central Asia's views are fully reflected in our common security, environmental, and economic agenda.

Peaceful dispute resolution, environmental safety, and prevention of disasters and technological challenges require foresight, effective institutions, and ongoing cooperation. Parliaments has a key role in ensuring that these mechanisms are established, maintained, and strengthened before problems escalate into crises.

Today's Ashgabat conference, in addition to exchanging views, also provides an opportunity to organize cooperation, exchange legislative experience, and identify practical ideas that can be continued in the work of the Assembly.