The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN

MEJLIS OF TURKMENISTAN

09.10.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Parlamentara Bileleşigiň 153-nji Assambleýasyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 2026-njy ýylyň 5–9-njy oktýabry aralygynda Tanzaniýa Birleşen Respublikasynyň Aruşa şäherinde Parlamentara Bileleşigiň «Hemmeler üçin inklýuziw sosial ösüş: Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça parlament strategiýalary» atly tema boýunça geçirilen 153-nji Assambleýasynyň plenar mejlisine hem-de onuň çäklerinde guralan forumlaryň işine gatnaşdylar. 

Assambleýanyň gün tertibine laýyklykda, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak,  halkara hukuk kadalaryny berjaý etmek, kanun çykaryjylyk işinde öňde baryjy tejribeleri alyşmak, jemgyýetiň ähli gatlaklarynda deň mümkinçilikleri döretmek, ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek  üçin anyk parlament çäreleri kesgitlenildi. 

Assambleýanyň dowamynda birnäçe möhüm ugurlara aýratyn üns berildi. Ilki bilen, maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny goramak, olary jemgyýete işjeň goşmak we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek üçin, täze parlament strategiýalaryny we kararnamalary kabul etmek, şeýle hem parlament diplomatiýasyny we parahatçylygy berkitmek, ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly ýol bilen çözmek,  Parlamentara Bileleşigiň 3 ýyllyk meýilnamasyny tassyklamak we bu guramanyň täze Prezidentini saýlamak  meselelerine garaldy.

Parlamentara Bileleşigiň 153-nji Assambleýasyna gatnaşyjylar şeýle halkara çäreleriň häzirki döwrüň möhüm meseleleri bolan adalatlylygy we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny kepillendirmekde, olaryň bähbitlerini goramak üçin anyk hukuk we durmuş esaslaryny ara alyp maslahatlaşmakda netijeli meýdança bolup durýandygyny, şeýle hem parlamentarileriň dünýä döwletleriniň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga hem-de kanunçykaryjylyk işinde öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga ýardam edýändigini  bellediler. 

Milli Parlamentiň wekilleri Parlamentara Bileleşigiň 153-nji Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen saýlawlara gatnaşdylar. Ses bermäge gatnaşanlar dalaşgärleriň ukybyny we tejribesini göz öňünde tutup, açyk hem-de adalatly ses berdiler. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň bu saýlawlara gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara derejede demokratik we kanun çykaryjylyk işlerine işjeň gatnaşýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. 