The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

07.10.2026

Gasymly Musanyň – Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygynyň orunbasarynyň «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahatdaky çykyşy:

Выступление заместителя Председателя Милли Меджлиса Азербайджанской Республики Гасымлы Мусы на международной конференции «Демографические процессы и устойчивое развитие: современные задачи и международный опыт»:

Speech by Deputy Speaker of the Milli Majlis of the Republic of Azerbaijan Musa Gasimli at the International Conference «Demographic Processes and Sustainable Development: Contemporary Challenges and International Experience»:

– Ilki bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy hanym Sahiba Gafarowanyň adyndan size salam ýetirmäge rugsat ediň. Çakylyk üçin doganlyk Türkmenistana minnetdarlygymy bildirýärin. Doganlyk Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmen doganlarymyzyň gazanýan her bir üstünligi bizi tüýs ýürekden begendirýär. 

Şu günki Halkara maslahatyň geçirilmegi örän möhüm ähmiýete eýedir, sebäbi demografik üýtgeşmeler häzirki zaman dünýäsiniň iň ýiti meseleleriniň biridir. Demografik üýtgeşmeleriň häzirki tapgyrynyň esasy aýratynlyklary birnäçe ýagdaýlar bilen baglydyr. Dünýä ilatynyň sanynyň ösüşinde üýtgeşmeler bolup geçýär. Dünýäniň dürli sebitlerinde demografik prosesler biri-birinden tapawutlanýar. Birnäçe ýurtlarda dogluş derejesi ilatyň ýönekeý köpelişini üpjün etmek üçin zerur bolan derejeden aşak düşýär, ýaşuly nesliň paýy bolsa artýar. Ilatyň ýaş we jyns düzüminiň üýtgemegi belli bir durmuş-ykdysady netijelere getirýär. Bularyň ählisi zähmet bazaryna, pensiýa ulgamyna, bilime, saglygy goraýşa, goranyşa we beýleki ulgamlara täze talaplary öňe sürýär. Ösüp barýan ýurtlarda ilatyň ösüşi dowam edýär. Bu bolsa beýleki meseleleri — azyk howpsuzlygyny, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini mundan beýläk-de ösdürmegi we beýleki meseleleri öňe çykarýar. 

Her bir ýurduň içindäki demografik üýtgeşmeler şäherleşme prosesinde hem ýüze çykýar. Ilatyň şäherlerde jemlenmegi ýaşaýyş jaýlary, ulag, suw üpjünçiligi, energetika, durmuş hyzmatlary we beýleki ugurlar bilen bagly meseleleri döredýär.

Migrasiýa hem ählumumy demografik üýtgeşmeleriň möhüm faktoryna öwrüldi. Adamlaryň mejbury göçürilmegi, bir ýurtdan başga ýurda göçmek we zähmet migrasiýasy ilatyň demografik düzümine täsir edýär. Migrasiýa adamlaryň gidýän ýurtlary üçin hem, kabul edýän ýurtlar üçin hem çynlakaý durmuş-ykdysady meseleleri döredýär. 

Häzirki zaman demografik prosesleri diňe bir ilatyň sanynyň üýtgemegi bilen çäklenmeýär. Olar ykdysady ösüş, zähmet bazary, durmuş goragy, şäher ösüşi, migrasiýa, saglygy goraýyş we ekologik durnuklylyk bilen hem berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin durnukly ösüş syýasatynyň netijeliligi köp babatda demografik üýtgeşmelere dogry baha berilmegine we uzak möhletli geljek üçin çeýe demografik hem-de durmuş syýasatynyň kemala getirilmegine baglydyr.

Прежде всего, позвольте мне поприветствовать Вас от имени Председателя Милли Меджлиса Азербайджанской Республики, госпожи Сахибы Гафаровой. Я хотел бы выразить признательность туркменским коллегам за приглашение. Я искренне поздравляю братский Туркменистан с 35-летием его независимости и желаю огромных успехов. 

Проведение сегодняшней Международной конференции имеет огромное значение, поскольку демографические изменения являются одной из самых актуальных проблем современного мира. Основные особенности нынешнего этапа демографических изменений связаны с рядом обстоятельств. Происходят изменения в темпах роста населения мира. Демографические процессы различаются в разных регионах. В ряде стран рождаемость падает ниже уровня, необходимого для обеспечения простого прироста населения, в то время как доля пожилого населения увеличивается. Изменения в возрастной и половой структуре населения приводят к определённым социально-экономическим последствиям. Всё это предъявляет новые требования к рынку труда, пенсионной системе, образованию, здравоохранению, обороне и другим системам. В развивающихся странах продолжается рост населения. Это поднимает другие вопросы – продовольственная безопасность, дальнейшее развитие занятости молодёжи и другие.

Демографические изменения внутри каждой страны также отражаются в процессе урбанизации. Концентрация населения в городах создаёт проблемы, связанные с жильём, транспортом, водоснабжением, энергетикой, социальными услугами и другими сферами. Миграция также стала важным фактором глобальных демографических изменений. Вынужденное перемещение людей, миграция из одной страны в другую и трудовая миграция влияют на демографический состав населения. Миграция создаёт серьёзные социально-экономические проблемы как для стран происхождения, так и для принимающих.

Современные демографические процессы не ограничиваются изменениями численности населения. Они также тесно связаны с экономическим ростом, рынком труда, социальной защитой, городским развитием, миграцией, здравоохранением и экологической устойчивостью. Поэтому эффективность политики устойчивого развития во многом зависит от правильной оценки демографических изменений и разработки гибкой демографической и социальной политики на долгосрочную перспективу.

First of all, allow me to convey greetings on behalf of Ms. Sahiba Gafarova, Speaker of the Milli Majlis of the Republic of Azerbaijan. I would like to express my gratitude to our Turkmen colleagues for the invitation. I sincerely congratulate brotherly Turkmenistan on the 35th anniversary of its independence and wish the country great success.

The holding of today’s International Conference is of great significance, as demographic changes are among the most pressing issues facing the modern world. The current stage of demographic change is characterized by several key developments. Global population growth rates are changing, and demographic trends vary across regions. In a number of countries, fertility rates have fallen below the level required for population replacement, while the proportion of older people is increasing. Changes in the age and sex composition of populations have certain socio-economic consequences. All of this places new demands on labor markets, pension systems, education, healthcare, defense and other sectors. Population growth continues in developing countries, raising additional issues, including food security and the need to further expand youth employment opportunities. 

Demographic changes within individual countries are also reflected in the process of urbanization. The concentration of populations in cities creates challenges related to housing, transport, water supply, energy, social services and other areas. Migration has also become an important factor in global demographic change. Forced displacement, cross-border migration and labor migration affect the demographic composition of populations. Migration creates serious socio-economic challenges for both countries of origin and host countries.

Contemporary demographic processes are not limited to changes in population size. They are also closely linked to economic growth, labor markets, social protection, urban development, migration, healthcare and environmental sustainability. Therefore, the effectiveness of sustainable development policies largely depends on accurately assessing demographic changes and developing flexible demographic and social policies with a long-term perspective.