The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

07.10.2026

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahatyň 2-nji mowzuklaýyn mejlisi geçirildi

В Национальной туристической зоне «Аваза» состоялась вторая тематическая сессия Второй международной конференции «Всеобщий охват услугами здравоохранения и Цели устойчивого развития»

Second Thematic Session of the Second International Conference «Universal Health Coverage and the Sustainable Development Goals» was held in Avaza National Tourist Zone

Ikinji halkara maslahatyň 2-nji mowzuklaýyn mejlisi «Derman serişdelerine elýeterliligi üpjün etmek arkaly ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary bilen gurşap almagy ilerletmek: nusgalyk kanunçylygyň we parlament işiniň goşandy» ady bilen geçirildi. 

Mowzuklaýyn mejlisiň esasy maksady — sebit derejesinde derman serişdeleriniň we lukmançylyk önümleriniň elýeterliligini, howpsuzlygyny üpjün etmekde nusgalyk kanunçylygy kämilleşdirmek, farmasewtika bazaryny kadalaşdyrmakda parlamentara tejribeleri we parlamentiň ornuny has-da güýçlendirmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Bu mowzuklaýyn  mejlislerde GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýanyndaky Saglygy goraýyş boýunça bilermenler geňeşiniň agzasy Larisa Danilowanyň, Bütindünýa Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň wekili Giýom Dedeniň, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýanyndaky Saglygy goraýyş boýunça bilermenler geňeşiniň agzasy Ýewgeniýa Wladimirowanyň, Gazagystan Respublikasynyňn farmasewtika işini goldamak we ösdürmek assosasiýasynyň başlygy Marina Durmanowanyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş Dermanhana birleşiginiň direktorynyň orunbasary Kakageldi Töräýewiň, Özbegistan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýanyndaky farmasewtika önümleriniň howpsuzlygy merkeziniň direktory Alişer Temirowyň çykyşlary diňlenildi.

Çykyşlarda halkara dermançylyk syýasaty hem-de kanunçylyk binýady barada, derman önümleriniň hiline gözegçilik etmek, dermanhana torlaryny döwrebaplaşdyrmak we derman üpjünçiliginde milli kanunçylygyň gazanan sepgitler anyk mysallar bilen bellenip geçildi.

Ikinji mowzuklaýyn mejlis derman serişdeleriniň elýeterliligini üpjün etmekde, derman senagatyny goldamakda we bu ugurdaky hukuk binýadyny utgaşdyrmakda örän netijeli hem-de amaly ähmiýetli meýdança boldy.

Maslahatyň netijeleri boýunça sebitara we halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge we anyk maksatlara ýetmäge gönükdirilen Jemleýji resminama biragyzdan kabul edildi.

Gatnaşyjylar saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde, derman serişdeleriniň elýeterliligini üpjün etmekde parlamentara gatnaşyklary täze belentliklere çykarýan sebitara hyzmatdaşlyga berýän uly goldawlary üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur hoşallyk bildirip, köp sagbolsunlar aýtdylar.

Вторая тематическая сессия «Продвижение всеобщего охвата услугами здравоохранения посредством обеспечения доступа к лекарственным средствам: вклад модельного законодательства и парламентской деятельности» проходила в рамках Второй международной конференции.

Главной целью тематической сессии было обсуждение вопросов, связанных с совершенствованием модельного законодательства для обеспечения доступа к лекарственным средствам и медицинским изделиям и их безопасности на региональном уровне, межпарламентского опыта в регулировании фармацевтического рынка, а также дальнейшего укрепления роли парламентов.

На этой тематической сессии были заслушаны выступления члена Совета экспертов по вопросам здравоохранения при Межпарламентской Ассамблее СНГ Ларисы Даниловой, представителя Всемирной Организации Здравоохранения в Туркменистане Гийома Деденина,  члена Совета экспертов по вопросам здравоохранения Межпарламентской Ассамблеи СНГ Евгении Владимировой, руководителя Ассоциации поддержки и развития фармацевтической деятельности Республики Казахстан Марины Дурмановой, заместителя директора Главной фармацевтической ассоциации Министерства здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана Какагельды Тораева, директора Центра безопасности фармацевтической продукции при Министерстве здравоохранения Республики Узбекистан Алишера Темирова.

В выступлениях было отмечено на конкретных примерах о международной фармацевтической политике и законодательной базе, прогрессе, достигнутом в национальном законодательстве по контролю качества фармацевтической продукции, модернизации аптечных сетей и обеспечению лекарственными средствами.

Вторая тематическая сессия стала очень эффективной и практической платформой для обеспечения доступа к лекарственным средствам, поддержки фармацевтической промышленности и координации правовой базы в этой области.

По итогам конференции был единогласно принят Итоговый документ, направленный на дальнейшее укрепление регионального и международного сотрудничества и достижение конкретных целей.

Участники сессии выразили глубокую признательность уважаемому Президенту Туркменистана и Национальному Лидеру туркменского народа за огромную поддержку в совершенствовании системы здравоохранения, обеспечении доступа к лекарственным средствам и развитии межрегионального сотрудничества, что выводит межпарламентские отношения на новый уровень.

 

The second thematic session «Promoting Universal Health Coverage through Access to Medicines: The Contribution of Model Legislation and Parliamentary Activity» was held within the framework of the Second International Conference.

The main objective of the thematic session was to discuss issues related to improving model legislation to ensure access to medicines and medical devices and their safety at the regional level, interparliamentary experience in regulating the pharmaceutical market, as well as further strengthening the role of parliaments.

The thematic session featured addresses by Member of the Council of Experts on Healthcare under the Interparliamentary Assembly of the CIS Larisa Danilova, Representative of the World Health Organization in Turkmenistan Guillaume Dedenin, Member of the Council of Experts on Healthcare of the Interparliamentary Assembly of the CIS Evgenia Vladimirova, Head of the Association for the Support and Development of Pharmaceutical Activities of the Republic of Kazakhstan Marina Durmanova, Deputy Director of the Main Pharmaceutical Association of the Ministry of Health and Medical Industry of Turkmenistan Kakageldi Toraev and Alisher Temirov, Director of the Centre for Pharmaceutical Product Safety under the Ministry of Health of the Republic of Uzbekistan.

The speakers presented specific examples concerning international pharmaceutical policy and legislative frameworks, progress achieved in national legislation on pharmaceutical product quality control, the modernization of pharmacy networks, and the provision of medicines.

The second thematic session served as a highly effective and practical platform for ensuring access to medicines, supporting the pharmaceutical industry and coordinating the legal framework in this area.

Following the Conference, a Final Document aimed at further strengthening regional and international cooperation and achieving specific objectives was unanimously adopted.

The participants of the session expressed their profound gratitude to the esteemed President of Turkmenistan and the National Leader of the Turkmen people for their strong support in improving the healthcare system, ensuring access to medicines and developing interregional cooperation, thereby bringing interparliamentary relations to a new level.